Progres.Online

Palaw Indeksi Ýanwar / 2022

Ýanwar 2022: Palawyň bahasy 86 manada ýetdi.

Paýtagt Aşgabat şäherinde bir maşgala üçin palaw bişirmegiň çykdajysy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 85.7 manada ýetdi. Bu bolsa geçen aýdaky, 2021-nji ýylyň dekabr aýyndaky (89.3 manat) bahadan 4% arzandyr we geçen ýylyň ýanwar aýyndaky (59 manat) bahasyndan bolsa 45% ýokarydyr.

Geçen ýylyň ýanwar aýyndaky bahalary bilen deňeşdirilende, käşiriň bahasy 38% we soganyň bahasy 6% arzanlady. Şo bir wagtyň içinde, bugdaý ununyň bahasy 96%, sygyr eti 55%, tüwi 15% we günebakar ýagy 8% gymmatlady (Netije 1 seret).

Günebakar ýagynyň ortaça bahasy dekabr aýynda 41.6 manat bolan bolsa, onuň Aşgabat şäherindäki ortaça bahasy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 32.5 manada çenli arzanlady we bu 22% düşüşdir. Ýaglaryň bahasyndaky beýle düşüşe täze ýylyň öň syrasynda hökümet tarapyndan alnyp barylan baha syýasatynyň ýan täsirleri bolmagy ahmaldyr. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtdaky söwdagärlere harytlaryň bahalaryny arzanlatmagy maslahat berdi we bu kampaniýa “sahawatly söwda” diýip atlandyryldy.

Halkara iýmit bahalary hem ýyllyk artyş görkezdi. FAO-nyň Iýmit bahalary indeksine görä, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19.5% artdy. Ýanwar aýynda içerki indeksleriň hemmesinde artyş ýüze çykdy: ösümlik ýagy 33.8%, şeker 19.8%, süýt önümleri 18.7%, et 17.3%, we galla önümleri 12.5% artdy. Awstraliýada we Argentinada möwsümleýin hasylyň ýokary bolmagy netijesinde halkara bugdaý üpjünçiligi artdy we şonuň netijesinde halkara bugdaýyň bahasy ýanwar aýynda geçen aý (dekabr 2021) bilen deňeşdirilende 3.1% peseldi.

Palaw ingredientleriň bahalary aýma-aý deňeşdirilende, soňky 5 aý bäri yzygider arzanlamagyny dowam etdirýär. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda palaw indeksiniň bahasy 116.4 manat bolan bolsa, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 85.7 manada ýetdi we bu 26.4% arzandyr. Edil şeýle hadysany gara bazar walýutasynyň nyrhynyň uýtgemeginde syn edip bolýar. Meselem, 1 ABŞ dollarynyň ortaça gara bazar bahasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda 27.3 manat bolan bolsa, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 20.5 manat boldy we bu 24.9% azdyr. Ýagny görşümiz ýaly, gara bazar walýutasynda kursuň üýtgemegi palawyň ingredientleriniň, azyk önümleriniň bahalarynyň arzanlamagy bilen arabaglanşygy görüp bolýär.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: