Oktýabr 2025: Palaw Bahalary 16.3% Gymmatlady.
2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda palaw taýýarlamagyň ortaça bahasy 77.4 manat boldy. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň oktýabryndaky 66.5 manat bilen deňeşdirilende 16.3% ýokarydyr. Şeýle hem, geçen aý, ýagny 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndaky 76.3 manat bilen deňeşdirilende, palawyň bahasy 1.4% ýokarlandy. Halkara derejesinde azyk bahalary birneme peseldi we FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksi boýunça oktýabr aýynda 0.4% ýyllyk peseliş hasaba alyndy.
Aşgabatda Esasy Önümleriň Ýyllyk Bahasyndaky Üýtgeşmeler
2025-nji ýylyň oktýabrynda palaw taýýarlamak üçin gerekli käbir önümleriň bahasy pese gaçsa-da, beýlekileriňki ep-esli ýokarlandy. Günebakar ýagynyň bahasy degişli döwürde 23.9% peseldi. Şeýle hem, käşiriň bahasy -11.7% we tüwi 4.8% arzanlady. Emma beýleki önümler gymmatlady: sogan 89.9%, sygyr eti 33.5% we bugdaý ununyň bahasy 13.9% ýokarlandy (Netije 1-e serediň).
Sygyt etiniň bahasy artmagyna dowam edýär
Aşgabatda sygyr etiniň bahasy 2025-nji ýylyň iýun aýynda bäri üznüksiz artmagyna dowam edýär. Hronika Türkmenistan garaşsyz neşirine görä, ýurtda, esasan hem Ahal welaýatyna birnäçe iri şahly mallaryň aradan çykmagy bilen düşündirilýär. Haýwanlar gurakçylyk, iým ýetmezçiligi we keselçilik sebäpli ýogalyp, etiň bahasynyň artmagyna getirýär diýip billenilýär.
Aýlyk zähmet haklarynyň ýokarlanmagy palaw üçin ýeterlikmi?
Türkmenistanda her ýylda bolşy ýaly 2025-nji ýylda hem aýlyk zähmet haklary 10% artdyryldy we iň pes aýlygyň möçberi 1410 manat boldy. 2025-nji ýylda iň pes pensiýalaryň möçberi aýda 550 manat. Palaw Indeksindäki bahalar 2025-nji ýylyň ýanwar we oktýabr aýlary arasynda ortaça 13% ýokarlandy. Şeýle hem soňky aýlarda palawyň bahalary ýokarlandy. Bu bolsa Palaw Indeksindäki artyşyň aýlyklardan has ýokary derejede artýandygyny görkezýär.
FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Bahalaryndaky Üýtgeşmeler:
- FAO Ösümlik Ýagy Bahalarynyň Indeksi 2025-nji ýylyň oktýabrynda ýyllyk hasapda 10.9% ýokarlandy. Bu ösüş Gara deňiz sebitinde üpjünçiligiň çäkli bolmagy, şeýle hem hasylyň gijikmegi bilen düşündirilýär.
- FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we 2025-nji ýylyň oktýabrynda ýyldan-ýyla 9.5% pese düşdi. Türkmenistanda bolsa tersine şol bir wagtyň dowamynda bugdaý ununyň bahasy 13.9% gymmatlady. Türkmenistanda satyn alynýan bugdaý unlarynyň aglaba bölegi ýurduň içinde öndürilýär we kiçiräk mukdarda Gazagystandan we Russiýadan hem un import edilýär.
- FAO Tüwi Indeksi oktýabrda 2.5% arzanlady. Tüwi eksport edýän ýurtlaryň arasyndaky bäsdeşligiň ýokary bolmagy onuň bahasynyň peselmegi bilen netijelendi.
- Şol bir wagtyň özünde, FAO Et Bahalarynyň Indeksi bolsa 4.8% ýokarlandy. Dünýäde iri şahly mal etiniň bahasy täze rekord derejä çykdy. Bu ýagdaý dünýä derejesinde islegiň ýokary bolmagy bilen düşündirilýär.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.






