Oktýabr 2024: Palaw Indeksi 2.5% arzanlady.
Palawyň bahasy ýyldan-ýyla arzanlan hem bolsa, geçen aý bilen deňeşdirilende gymmatlady. Ýagyň bahasy duýdansyz galdy.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda palawyň ortaça bahasy 66.5 manada barabar boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň oktýabryndaky 68.2 manatlyk bahadan 2.5% arzan boldy. Ýöne geçen aýdaky (sentýabr) 63.6 manat bilen deňeşdirilende, palawyň bahasy 4.7% ýokarlandy. FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä, halkara azyk önümleri 2024-nji ýylyň oktýabrynda ýyllyk hasapda 5.5% gymmatlady.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda palaw bişirmek üçin zerur bolan önümleriň käbiriniň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende arzanlady, başgalarynyňky artdy. Tüwiniň bahasy -27.1% we soganyň bahasy -24.4% arzanlady. Degişli döwürde käşiriň bahasy iň ýokary derejede 34.1% gymmatlady. Başgada bahasy artan harytlaryň arasynda günebakar ýagy (24.3%), sygyr eti (3.4%), we bugdaý ununyň bahasy üýtgemedi (Netije 1 seret).
FAO Indeksindäki dürli kategoriýalarda bahalaryň üýtgeşmesi:
- FAO Ösümlik Ýagynyň Bahasy Indeksi 2024-nji ýylyň oktýabrynda ýyldan-ýyla 27.3% ýokarlandy we bu soňky 2 ýylyň iň ýokary bahasy. Bu ýokarlanma palma, soýa, we günebakar ýaglarynyň bahalarynyň artmagy bilen baglanyşykly. Şeýle hem, 2024/25 önümçilik möwsüminde pes önümçilik bolar diýip garaşylýar.
- FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we 2024-nji ýylyň oktýabrynda ýyldan-ýyla 8.3% arzanlady.
- FAO Tüwi Indeksi oktýabrda 5.6% arzanlady. Bu bolsa Hindistanyň tüwi eksportyna girizen gadaganlyklaryny aýyrmagyndan soň eksportçylaryň arasyndaky bäsleşigiň artmagy bilen düşündirilýär.
- Şol bir döwürde FAO Et Bahasy Indeksi 7.5% gymmatlady.
Ýagyň bahasy duýdansyz gymmatlady
2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda günebakar ýagynyň bahasy aýdan-aýa 32.2% artdy. Ýagyň bahasy geçen aýda (sentýabrda) 17.9 manatdan bolan bolsa, şul aýda (oktýabrda) 23.7 manada çenli artdy. Turkmennews, media portalynyň habar bermegine görä, Eýran Respublikasy Türkmenistan bilen öz serhedini 4-nji oktýabrda ýapdy. Onuň yz ýany, ýagyň bahasy artmaga başlady. Belläp geçsek, Türkmenistan satylýan günebakar ýagynyň aglaba bölegi Russiýadan import edilýär. Ýene bir media portaly Azatlyk, ýagyň bahasynyň beýleki welaýatlarda Aşgabada görä has gymmatdygyny belläp geçýär. Ýagyň bahasynyň näme sebäpden duýdansyz galandygy näbelli.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1 kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.