Progres.Online

Palaw Indeksi Oktýabr / 2023

Oktýabr 2023: palawyň bahasy 19% arzanlady.

Günebakar ýagynyň bahasy arzanlamagyny dowam edýär.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 68.2 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň oktýabr aýyndaky palaw bahasyndan (84.5 manat) ýyldan-ýyla 19.2% arzan. Geçen aýdaky bahalar (69.1 manat) bilen deňeşdirilende, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 1.3% peseldi. Bahalardaky peseliş trendi diňe Türkmenistanda däl, eýsem dünýäniň başga künjeklerinde hem ýüze çykdy. Meselem, FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä halkara azyk önümleriniň nyrhy 2023-nji ýylyň oktýabrynda ýyldan-ýyla 10.9% arzanlady.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň oktýabrynda käşir we sogandan başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde käşiriniň nyrhy 11.1% we soganyň bahasy 7.4% artdy. Şol bir wagtyň içinde, bahasy iň ýokary derejede peselen haryt 44.0% bilen günebakar ýagy boldy. Beýleki harytlardan, bugdaý uny (-41.8%), tüwi (-16.5%) we sygyr eti (-13.9%) arzanlady (Netije 1 seret).

Käşiriň bahasy gymmatlamasyny peseltdi

2023-nji ýylyň oktýabrynda käşiriň bahasy birneme durnuklaşdy we ýyldan-ýyla 11.1% artdy. Ýatlatsak, soňky 2 aýda käşiriň bahasy uly derejede gymmatlapdy we ýyldan-ýyla derejede onuň nyrhy awgust aýynda 51.5% we sentýabrda 62.7% gymmatlapdy. Oktýabr 2022 we oktýabr 2023 arasynda 1 kg käşiriň bahasy 3.1 manatdan 3.4 manada artdy. Aýdan aýa deňeşdirenimizde bolsa, käşiriň bahasy 2023-nji ýylyň sentýabrynda 5.5 manatdan 2023-nji oktýabrynda 3.4 manada düşdi we bu 37.8% pesdir.

Käşiriň bahasynyň beýle arzanlamagynyň sebäbini şeýle düşündirip bolýar: Türkmenistanda sentýabr aýynyň ahyrynda başlanan käşir hasyly bilen baglanyşyklydyr. Käşiriň täze hasyly onuň üpjünçiliginiň artmagyna sebäp boldy. Bu bolsa geçen aý bilen deňeşdirilende (sentýabr 2023) bahasynyň peselmegine getirdi. Türkmenistanda sarp edilýän käşirleriň aglaba bölegi ýerli önümçiligiň paýyna degişli we importa garaşly däldir.

Günebakar ýagynyň bahasy peselmegini dowam edýär

Oktýabr 2022 we oktýabr 2023 arasynda Türkmenistanda 1 litr günebakar ýagynyň bahasy 44% arzanlady. FAO-nyň Ösümlik Ýagynyň Bahasynyň Indeksine görä, halkara ösümlik ýagynyň bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2023-nji ýylyň oktýabrynda 20.7% arzanlady. Bu bolsa ösümlik ýagynyň diňe Türkmenistanda däl, eýsem bütin dünýäde arzanlaýandygyny görkezýär. Türkmenistan ýag önümçiliginde daşary ýurtlardan gelýän importlara garaşlydyr we olaryň aglaba bölegi Russiýadan import edilýär.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Russiýada günebakar ýagynyň lomaý bahasy bir tonna üçin 75,500 rubl boldy (2023-nji ýylyň oktýabr aýyndaky walýuta hümmetine görä 791 ABŞ dollaryna barabar). Geçen ýylyň degişli döwründäki (2022-nji oktýabr) bahalara seretsek, Russiýada günebakar ýagynyň bahasy bir tonna üçin 67,362 rubl bolupdyr (2022-nji ýylyň oktýabr aýyndaky walýuta hümmetine görä 1093 ABŞ dollaryna barabar). Günebakar ýagynyň rubl-daky bahasy 2022 oktýabr we 2023 oktýabr arasynda gymmatlan hem bolsa, onuň dollardaky bahasy walýuta kursy sebäpli arzanlady. Degişli döwürde Russiýadaky günebakar ýagynyň lomaý bahasy bir tonna üçin 1093 ABŞ dollaryndan 791 ABŞ dollaryna çenli arzanlady, bu bolsa 27.6% peselişdir.

Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy

Türkmenistanda palaw taýýarlamagyň nyrhy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowamly peselip gelýär. Bu peseliş soňky wagtlardaky dollaryň gara bazardaky kursynyň düşmegi bilen baglanyşdyrylýardy. Emma soňky aýlarda bu baglanşygyň gowşaýandygyny görmek bolýar. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda Palaw Indeksiniň peselmeginiň iň uly sebäpkärleri günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalarynyň arzanlamagydyr.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: