Progres.Online

Palaw Indeksi Oktýabr / 2022

Oktýabr 2022: Palawyň bahasynyň uly peselişi dowam edýär.

Günebakar ýagynyň bahasy ýyldan-ýyla 15% arzanlady.

Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň ortaça bahasy 2022-nji ýylyň oktýabrynda 84.5 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky palaw bahasyndan (84.9 manat) aýdan-aýa 0.5% arzan we geçen ýylyň oktýabryndaky palaw bahasyndan (100.4 manat) bolsa ýyldan-ýyla 15.9% pesdir. Bahalardaky peseliş ýyldan-ýyla eýýäm 5 aýlap (iýun-oktýabr) yzygider arzanlamagyna dowam edýär. Bahalar iýunda 13.4%, iýulda 9.1%, awgustda 28.8% we sentýabrda 27.1% düşdi.

Soňky 4 aýdaky ýüze çykan baha üýtgeşmelerine birmeňzeş şekilde, 2022-nji ýylyň oktýabrynda hem şalydan başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy ýyldan-ýyla arzanlady. Soganyň bahasy (-48%), käşir (-28%), sygyr eti (-28%), günebakar ýagy (-15%), we bugdaý uny (-7%) arzanlan bolsa, şo bir wagtyň içinde tüwiniň bahasy ýyldan-ýyla 28% gymmatlady (Netije 1 seret).

Bu ýylyň oktýabrynda ýyldan-ýyla iň köp mukdarda soganyň bahasy -48% arzanlady. Günebakar ýagynyň bahasy bolsa şol bir wagtyň içinde 15% peseldi. Netije 2-de günebakar ýagynyň ýanwar 2020 we oktýabr 2022 arasyndaky baha tapawutlaryna seredip bilersiňiz.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurtdaky ýyllyk günebakar ýagynyň önümçiligi hakynda öz web sahypasynda maglumatlary çap etmeýär. FAO-nyň web sahypasynda hem degişli maglumatlary tapmak bize başartmady. Biznes Türkmenistan neşiriniň habar bermegine görä, şeker we margarin bilen birlikde, ýurduň iň esasy import edýän harytlarynyň hataryna ösümlik ýagy girýär.

Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň aglaba bölegi daşary ýurtlardan, esasan hem Russiýadan import edilýär. 2020-nji ýyldaky hemme import edilen günebakar ýagynyň 88.4% Russiýa döwletine degişli. 2021 we 2022-nji ýyllar üçin maglumatlar heniz elýeterli däl. Türkmenistanyň 2021-nji ýylda. Russiýadan import eden ýagynyň göwrümi 15,500 tonna bolup, onuň bahasy $23.7 million deň boldy we bu möçber 2020-nji ýyldakydan 41.5% ýokary. Türkmenistanda satylýan Russiýanyň ýag markalaryndan iň ululary “Слобода” we “Благо” (“Золотой Кувшин” we “Каролина” ýaly markalarynyň eýesi) firmalarydyr.

Hökümet syýasatynyň täsiri

Ýurtda satylýan günebakar ýagynyň aglaba bölegi daşary ýurtlardan import edilýänligi sebäpli, hökümet syýasatynyň täsirinde ýaglaryň bahasy kän üýtgäp bilmez. Häkimiýetleriň günebakar ýagynyň bahalaryna gönüden ýa-da gytaklaýyn täsir edip biljek syýasatlary şulardan ybarat: dollaryň gara bazar kursy; salgytlar arkaly import çäklendirmeleri; we içerki üpjünçiligi artdyrmak üçin günebakar ýagyny öndürýän zawodlary açmakdaky päsgelçilikler.

Dollaryň gara bazar kursy

Günebakar ýagy umuman daşary ýurtlardan import edilýänligi sebäpli (köplenç ABŞ dollarynda), dollar kursundaky üýtgeşmeler Türkmenistanda satylýan ýaglaryň bahasyna gönümel täsirini ýetirýär. Ýyldan-ýyla hasaplanymyzda, dollaryň gara bazar kursy 2021-nji ýylyň oktýabrynda 22.9 manat bolan bolsa, 2022-nji ýylyň oktýabrynda 19.5 manada düşdi we bu 14.8% peselişdir. Bütin 2021 we 2022-nji ýyllar üçin gara bazaryň ortaça kursy 2021-nji ýylda 28.9 manat boldy we 2022-nji ýylda (ýanwar-oktýabr) 19.4 manada ýetdi. Bu bolsa 32.9% azalyşdyr. Türkmenistanda satylýan günebakar ýagynyň bahasy hem 2022-nji ýylyň oktýabrynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15% peseldi.

Türkmenistana daşary ýurtdan günebakar we ösümlik ýaglaryny import etmek üçin import paçlary we salgytlary ýokdyr.

Ýerli önümçilikdäki päsgelçilikler

Türkmenistanda günebakar ýagyny öndürýän, 2019-njy ýylda döredilen ýekeje kärhana bar (Gündogar Akymy). Kärhananyň günebakar ýagy boýunça önümçilik kuwwaty 7200 tonna, emma 2021-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda bary-ýogy 60 tonna ýag öndürilipdir. Şol bir ýylyň içinde Russiýadan import edilen ýagyň göwrümi 15,500 tonna boldy. Türkmenportal neşiriniň habar bermegine görä, bu kärhana Türkmenistandaky ýagly ekinleri ýetişdirýän iň uly meýdany eýeleýär we onuň göwrümi 6000 gektar meýdana deňdir. Bulara garamazdan, bu kärhananyň amaldaky önümçilik möçberi önümçiligiň doly kuwwatyna ýetirip biljekdigi entek belli däl. Biznes Türkmenistan neşiriniň habar bermegine görä, ýene iki sany ýerli kärhana günebakar we ösümlik ýaglaryny öndürmegi meýilleşdirýär, emma heniz önümçilige başlamadylar.

Russiýa tarapyndan goýlan eksport päsgelçilikleri

Russiýa, ýag ýetmezçiliginiň öňüni almak we içerki bahalara edilýän basyşy ýeňilleşdirmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinden şol bir ýylyň 31-nji awgustyna çenli 1,5 million tonna göwrüminde günebakar ýagy üçin eksport kwotasyny girizdi. Ýerli islegi kanagatlandyrmak üçin ýeterlik içerki üpjünçiligiň barlygyna salgylanyp, eksport etmek üçin rugsat berilýän (eksport kwotasynyň) ýagyň möçberi 2022-nji ýylyň iýulynda 400,000 tonna artdyryldy. Günebakar ýagyna girizilen eksport kwotasynyň möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda dyndy we uzaldylmady.

Mundan başga-da, Russiýanyň hökümeti günebakar ýagy üçin 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli eksport ýygymlaryny (salgytlary) girizdi. Eksport paçlary günebakar ýagynyň bazar bahalarynyň üýtgemegine esaslanýar we salgydyň mukdary şoňa görä kesgitlenilýär. Bu önüm üçin eksport ýygymlary 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda $227 bolan bolsa, bu ýylyň oktýabrynda hiçhili ýygym bolmady. Şu ýylyň oktýabrybda günebakar ýagy üçin hiçhili eksport paçlary girizilmedik hem bolsa, şu ýylyň soňky 6 aýynda (mart-sentýabr) eksport ýygymyň ortaça mukdary $334 ýetdi.

Palawyň bahasynyň aýlyk üýtgemegi

Palaw ingredientleriniň aýlyk bahalary 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndaky 100,4 manatdan, 2022-nji ýylyň oktýabrynda 84.9 manada çenli yzygiderli peselip gelýär we bu 15.9% azalyşdyr. Dollaryň gara bazar kursuna syn edenimizde bolsa, ol 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndaky 22.9 manatdan, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda 19.5 manada çenli düşdi we bu bolsa 14.8% peselişdir (Netije 3 seret).

Metodologiýa 

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: