Progres.Online

Palaw Indeksi Noýabr / 2025

Noýabr 2025: Palaw Bahalary 29.4% Gymmatlady.

2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda palaw taýýarlamagyň ortaça bahasy 83.4 manat boldy. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň noýabryndaky 64.5 manat bilen deňeşdirilende 29.4% ýokarydyr. Şeýle hem, geçen aý, ýagny 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky 77.4 manat bilen deňeşdirilende, palawyň bahasy 7.8% ýokarlandy. Halkara derejesinde azyk bahalary birneme peseldi we FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksi boýunça noýabr aýynda 2.1% ýyllyk peseliş hasaba alyndy.

Aşgabatda esasy önümleriň ýyllyk bahasyndaky üýtgeşmeler

2025-nji ýylyň noýabrynda palaw taýýarlamak üçin gerekli käbir önümleriň bahasy pese gaçsa-da, beýlekileriňki ep-esli ýokarlandy.

  • Peseliş: käşiriň bahasy 24.1% düşdi. Tüwiniň bahasy bolsa üýtgeşme görkezmedi.
  • Artyş: sygyr etiniň bahasy 51.2%, sogan 33.1%, bugdaý uny 7.0% and günebakar ýagy 0.9% artdy (Netije 1 seret).

Sygyr etiniň bahasy artmagyny dowam edýär

Aşgabatda sygyr etiniň bahasy 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri üznüksiz artmagyna dowam edýär. Hronika Türkmenistan metbugatynyň aýtmagyna görä, ýurtda, esasan hem Ahal welaýatyna birnäçe iri şahly mallaryň aradan çykmagy bilen düşündirilýär. Haýwanlar gurakçylyk, iým ýetmezçiligi we keselçilik sebäpli ýogalyp, etiň bahasynyň artmagyna getirýär diýip billenilýär. Etiň bahasy şu aý (Noýabr 2025) 94 manada ýetdi we geçen ýylyň degişli döwründe onuň nyrhy 62.2 manatdy.

Aýlyk zähmet haklarynyň ýokarlanmagy palaw üçin ýeterlikmi?

Türkmenistanda her ýylda bolşy ýaly 2025-nji ýylda hem aýlyk zähmet haklary 10% artdyryldy we iň pes aýlygyň möçberi 1410 manat boldy. 2025-nji ýylda iň pes pensiýalaryň möçberi aýda 550 manat. Palaw Indeksindäki bahalar 2025-nji ýylyň ýanwar we noýabr aýlary arasynda ortaça 14.5% ýokarlandy. Şeýle hem soňky aýlarda palawyň bahalary ýokarlandy. Bu bolsa Palaw Indeksindäki artyşyň aýlyklardan has ýokary depginde artýandygyny görkezýär.

FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Bahalaryndaky Üýtgeşmeler:

  • FAO Ösümlik Ýagy Bahalarynyň Indeksi 2025-nji ýylyň noýabrynda ýyllyk hasapda 0.5% ýokarlandy.
  • FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we 2025-nji ýylyň noýabrynda ýyldan-ýyla 5.3% pese düşdi.
  • FAO Tüwi Indeksi noýabrda 1.5% arzanlady. Tüwi eksport edýän ýurtlaryň arasyndaky bäsdeşligiň ýokary bolmagy onuň bahasynyň peselmegi bilen netijelendi.
  • Şol bir wagtyň özünde, FAO Et Bahalarynyň Indeksi bolsa 4.9% ýokarlandy. Bu ýagdaý dünýä derejesinde islegiň berk bolmagy bilen düşündirilýär.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.