Progres.Online

Palaw Indeksi Noýabr / 2023

Noýabr 2023: palawyň bahasy 15% arzanlady.

Günebakar ýagynyň bahasy arzanlamagyna dowam edýär.

2023-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 68.7 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň noýabr aýyndaky palaw bahasyndan (80.6 manat) ýyldan-ýyla 14.8% arzan. Geçen aýdaky bahalar (68.2 manat) bilen deňeşdirilende, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 0.7% gymmatlady. Bahalardaky peseliş trendi diňe Türkmenistanda däl, eýsem dünýäniň başga ýurtlarynda hem syn edip bolýar. Meselem, FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä halkara azyk önümleriniň nyrhy 2023-nji ýylyň noýabrynda ýyldan-ýyla 10.7% arzanlady.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň noýabrynda käşirden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde käşiriň nyrhy 34.8% artdy. Şol bir wagtyň içinde, bahasy iň ýokary derejede peselen haryt 42.0% bilen günebakar ýagy boldy. Beýleki önümlerden, sogan (-37.1%), bugdaý uny (-22.3%), sygyr eti (-14.6%), we tüwi (-3.4%) arzanlady (Netije 1 seret).

Günebakar ýagynyň bahasy arzanlamagyna dowam edýär

FAO-nyň soňky maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň noýabrynda ösümlik ýagynyň halkara bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19.8% peseldi. Türkmenistanda bolsa şol bir wagtyň içinde ýagyň bahasy 42% arzanlady. Türkmenistanda satylýan ýaglaryň aglaba bölegi daşary ýurtlardan import edilýär, hususan hem Russiýadan. Russiýanyň pul birligi rublyň dollara garşy hümmetiniň peselendigi sebäpli Türkmenistan Russiýadan ýagy amatly bahadan satyn almaga mümkünçiligi boldy. 2023-nji ýylyň noýabrynda Russiýada satylýan günebakar ýagynyň lomaý bahasy her tonnasyna 863.7 dollara deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki her tonnasyna 1147.9 dollar bahadan 24.8% arzandyr.

Bulara garamazdan, Palaw Indeksindäki günebakar ýagynyň bahasy 42% bilen has ýokary derejede peseldi. Muňa sebäp hökmünde Türkmenistanly satyjylaryň Russiýadan import edilen ýaglardan görýän girdejileri geçen ýyl has ýokary bolan bolup biler. Meselem, Russiýadaky günebakar ýagynyň lomaý bahasyny Türkmen manadyna öwürip, Türkmenistandaky satylan bahalar bilen deňeşdireli. 2022-nji ýylyň noýabrynda Russiýadaky ýagyň lomaý bahasy 1 litr üçin 21.8 Türkmen manadyna deň boldy we onuň Türkmenistandaky satylan bahasy 31.6 manatdy. Ýöne, 2023-nji ýylyň noýabryndaky Russiýadaky lomaý baha bolsa 1 litr üçin 16.8 manada deň boldy we onuň Türkmenistandaky satylan bahasy bary-ýogy 18.3 manat boldy. Geçen ýyl Russiýadan ýag import edip, ony satýan telekeçileriň arasynda bäsdeşligiň az bolanlygy sebäpli onuň üstünden edilýän girdejiniň hem has ýokary bolan bolmagy ähtimal.

Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy

Türkmenistanda palaw taýýarlamagyň nyrhy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowamly peselip gelýär we bu peseliş soňky wagtlardaky dollaryň gara bazardaky kursynyň düşmegi bilen baglanyşdyrylýardy. Emma soňky aýlarda bu baglanşygyň gowşaýandygyny görmek bolýar.

2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda Palaw Indeksiniň peselmeginiň iň uly sebäpkärleri günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalarynyň arzanlamagydyr.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: