Noýabr 2022: Palaw Indeksi 16.7% peseldi.
Bugdaý ununyň bahasy ýyldan-ýyla 33% arzanlady.
Aşgabat şäherinde palaw bişirmegiň ortaça bahasy 2022-nji ýylyň noýabrynda 80.6 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen aýdaky palawyň bahasyndan (84.5 manat) aýdan-aýa 4.6% arzan we geçen ýylyň noýabryndaky palawyň bahasyndan (96.7 manat) bolsa ýyldan-ýyla 16.7% pesdir. Bahalardaky peseliş ýyldan-ýyla eýýäm 6 aýlap (iýun-noýabr) yzygiderli arzanlamagyna dowam edýär. Bahalar iýunda 13.4%, iýulda 9.1%, awgustda 28.8%, sentýabrda 27.1% we oktýabrda 15.9% düşdi.
Soňky 5 aýdaky ýüze çykan baha üýtgeşmelerine birmeňzeş şekilde, 2022-nji ýylyň noýabrynda hem şalydan başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy ýyldan-ýyla arzanlady. Käşiriň bahasy (-38%), sogan (-4%), bugdaý uny (-33%), günebakar ýagy (-29%), we sygyr eti (-21%) arzanlan bolsa, şo bir wagtyň içinde tüwiniň bahasy ýyldan-ýyla 15% gymmatlady (Netije 1 seret).
Tüwiniň bahasyndaky üýtgeşmeler
2022-nji ýylyň awgustynda tüwiniň bahasy bütin ýyl boýunça iň ýokary derejesine ýetip, 24.8 manada deň boldy. Awgust aýyndan soňra, tüwiniň bahasy 3 aý bäri yzygider peselmegine dowam edýär we 2022-nji ýylyň noýabr aýynda 20.4 manada düşdi. Sentýabr aýyndan başlap dowam eden bu baha peselişi Türkmenistanda güýz paslyndaky tüwi hasyly bilen baglanyşykly. Täze hasylyň başlanmagy bilen, bazardaky tüwiniň üpjünçiligi artýar we bu bolsa bahanyň peselmegine sebäp bolýar.
Tüwiniň bahasy soňky 3 aýyň dowamynda aýdan-aýa pese gaçsa-da, onuň bahalaryny ýyldan-ýyla görä deňeşdirenimizde (mysal üçin 2022-nji ýylyň noýabr aýy bilen 2021-nji ýylyň noýabr aýyny) bolsa bahalardaky beýle peselişi göremzok. Geçen ýyldaky maglumatlara ser salanymyzda, tüwiniň bahasy 2021-nji ýylyň awgustyndan başlap şol bir ýylyň oktýabr aýyna çenli peselipdir. Bu bolsa belläp geçilen aýlarda tüwiniň bahasynyň aýdan-aýa arzanlamagynyň güýzki şaly hasyly bilen arabaglanşygynyň bardygyny görkezýär. Belleýşimiz ýaly, şaly hasyly netijesinde bazarlarda tüwiniň mukdary artýar we bahasy peselýär. Bu sebäpden, tüwiniň bahasyny analiz edenimizde, onuň bahasyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirýäris.
Tüwiniň bahasyny ýyldan-ýyla görä, ýagny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde, 6 aý bäri yzygider artmagyna dowam edýär. Bahalar 2022-nji ýylyň iýun aýynda 41%, iýulda 38%, awgustda 10%, sentýabrda 8%, oktýabrda 28% we noýabr aýynda 15% ýokarlandy. Palaw Indeksimiziň 2022-nji ýylyň awgust aýyndaky hasabatynda, tüwi bahalarynyň gymmatlamagynyň arkasyndaky sebäpleri seljerip Türkmenistandaky suw ýetmezçiligi bilen baglanşygy bar diýen netijä geldik.
Bugdaý uny
Bugdaý ununyň bahasy 2022-nji ýylyň noýabrynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33% arzanlady. Biz Palaw Indeksinde, Gazagystan bugdaý ununyň bahalaryny çöpleýäris. Bu un bolsa Gazagystandan esasan dollar walýutasynda import edilýär. OEC portalynyň habar bermegine görä, 2020-nji ýylda Türkmenistan bugdaý ununy Gazagystandan (bütin importyň 84.3%) we Russiýadan (importyň 15.1%) import edipdir. Bu sebäpden, Türkmenistandaky dollar kursynyň täsiri netijesinde bugdaý ununyň bahasy üýtgäp bilýär.
Türkmenistanda hökümetiň daşary ýurt walýutasynyň erkin alyş-çalşygyna çäklendirmeler girizenligi sebäpli kärhanalar gara bazar hümmetiniň bahasyna bil baglamaly bolýarlar. Dollar kursy 2021-nji ýylyň noýabrynda 23.3 manat bolan bolsa, 2022-nji ýylyň noýabrynda 19 manada ýetdi. Bu bolsa 18.4% peselişdir. Tutuş ýylyň dowamynda, 2021-nji ýylda dollar kursunyň ortaça hümmeti 28.9 manat bolan bolsa, 2022-nji ýylda (ýanwar-noýabr) 19.4 manada düşüpdür. Bu bolsa 32.9% peselişdir. Görşümiz ýaly, 2022-nji ýylyň noýabryndaky bugdaý ununyň bahasynyň 33% arzanlamagy bilen dollaryň gara bazardaky kursy arasynda arabaglanyşyk bar.
2022-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda (ýanwar-awgust) Gazagystan Türkmenistana 11.07 million ABŞ dollary mukdarynda 27,720 tonna bugdaý ununy eksport etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 esse ýokarydyr. 2021-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda Türkmenistan Gazagystandan 6,33 million ABŞ dollary mukdarynda 18,600 tonna bugdaý ununy import etdi. Gazagystandan import edilýän bugdaý ununyň ortaça bahasy 2021-nji ýylda 1 tonna üçin 340 ABŞ dollary bolan bolsa, 2022-nji ýylda bolsa onuň bahasy 399 ABŞ dollaryna deň boldy, bu bolsa 17.3% artyşdyr.
Mundan başga-da, Türkmenistan bugdaý ununyň (I we II hilleri üçin) importynyň her 1 tonnasyna 200 dollar möçberinde gümrük paçlaryny salýar. Import paçlary netijesinde, Türkmenistanda satylýan Gazagystan bugdaý ununyň bahasy her 1 kilogram üçin 0.20 dollar ýokarlanar. Dollaryň gara bazar kursuna görä hasaplanymyzda bolsa, bugdaý ununyň her 1 kilogramynyň bahasy paçlar netijesinde 3.8 manat artar.
Palawyň bahasynyň aýlyk üýtgemegi
Aýlyk esasda, 2022-nji ýylyň ýanwaryndan başlap palawyň bahasy 80-85 manat töweregi mukdarda durnuklylygyny saklaýar. Bu bolsa, 2022-nji ýylyň ýanwaryndan bäri bahasyny 19-19.5 manatda saklaýan dollaryň gara bazar kursy bilen arabaglanyşyklydyr. Palaw Indeksiniň bahalarynyň we dollaryň gara bazar kursunyň 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan başlap 2022-nji ýylyň noýabryna çenli üýtgemegine 2-nji Netijede serediň.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.