Progres.Online

Palaw Indeksi Maý / 2023

Maý 2023: palawyň bahasy 11% peseldi.

Günebakar ýagynyň we sygyr etiniň bahalary uly derejede arzanlady.

2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 73.4 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň maý aýyndaky palaw bahasyndan (82.4 manat) ýyldan-ýyla 10.9% arzan. Geçen aýdaky bahalar (75.0 manat) bilen deňeşdirilende hem, palaw taýýarlamagyň nyrhy aýdan-aýa 2.2% düşdi.

GeƧen ýylyň degişli dƶwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň maýynda sogandan başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahalary arzanlady. Degişli dƶwürde, soganyň nyrhy 82.7% artdy. Iň uly derejede bahasy arzanlan haryt 29.7% peseliş bilen günebakar ýagy boldy. Şeýle hem, bugdaý ununyň bahasy 21.3% düşdi, sygyr eti (-11.4%), käşir (-7.4%) we tüwi 5.6% arzanlady (Netije 1 seret).

Günebakar ýagynyň we sygyr etiniň bahalarynyň täsiri

2023-nji ýylyň maýynda Palaw indeksiniň bahasynyň peselmeginiň uly sebäpkäri günebakar ýagynyň we sygyr etiniň bahalarynyň ep-esli arzanlamagy bilen bagly. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, günebakar ýagynyň bahasy 29.7% we sygyr eti 11.4% peseldi. Palaw ingredientleriniň arasynda, ýagyň we etiň bahalary umuman has ýokary bolanlygy sebäpli, olaryň bahasyndaky üýtgeşmeler Palaw Indeksine uly täsirini ýetirýär.

Günebakar ýagynyň bahasy ýyldan-ýyla gƶrƤ deňeşdirilende, soňky 2 aý bƤri yzygiderli arzanlady. Onuň bahasy 2022-nji ýylyň maýynda 33.3 manat bolan bolsa, 2023-nji ýylyň maýynda 23.4 manada düşdi we bu 29.7% peselişdir. Aýdan-aýa deňeşdirenimizde bolsa, onuň bahasy 2023-nji ýylyň aprelinde 22.4 manatdan, 2023-nji ýylyň maý aýynda 23.4 manada ýetip, birneme ýokarlandy. Günebakar ýagynyň bahasynyň arzanlamagyna sebƤp bolýan esasy faktor Russiýanyň eksport edýän ýagynyň bahasynyň peselmegidir. Ɲatlatsak, Türkmenistanda satylýan ýaglaryň aglaba bƶlegi Russiýadan import edilýär.

Sygyr etini seljeremizde, onuň bahasy 2022-nji ýylyň maýynda 67.7 manat bolan bolsa, 2023-iň maýynda 60 manada deň boldy we bu 11.4% düşüşdir. Sygyr etiniň iň ýokary bahasy 2021-nji ýylyň awgustynda ýüze Ƨykdy we 100 manada ýetipdi. Şondan bƤri onuň bahasy durnukly şekilde peselip gelýär. Soňky bir ýylyň iƧinde sygyr etiniň bahasy ortaƧa 56-68 manat aralygynda saklandy. Bahalaryň ýuwaş-ýuwaşdan peselmeginiň esasy sebƤbi, Türkmenistanda haýwan iýmitleriniň bahasynyň arzanlamagy bilen baglanyşdyrylýar. Sygyrlar esasan pagta Ƨigidiniň galyndylary bilen iýmitlenýär, bu bolsa olaryň ýeterlik derejede semrƤp, etiniň kƶp bolmagyna getirýär.

Soganyň bahasy peselmegine dowam edýär

2023-nji ýylyň martynda soganyň bahasy iň ýokary derejesine ýetip, onuň 1 kilogramy 15.6 manada deň boldy. Şondan soňra, onuň bahasy aprel aýynda 7.3 manat we maý aýynda 5.5 manada ýetdi. Muňa garamazdan, geƧen ýylyň degişli dƶwri bilen deňeşdirilende, soganyň bahasy henizem 82.7% ýokarydyr. GeƧen ýyl, 2022-iň maý aýynda soganyň 1 kilogram bahasy 3 manada deň bolupdy (2-nji NetijƤ seret).

 Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanyşyk

Türkmenistanda palaw taýýarlamagyň nyrhy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bƤri dowamly arzanlap gelýär we bu peseliş dollaryň gara bazardaky kursynyň düşmegi bilen baglanyşdyrylýar. Maý aýynda hem palawyň bahasy ýene peseldi we ýyldan-ýyla 10.9% arzanlady. Şol bir wagtyň ƶzünde, gara bazar kursy 19.5 manada deň boldy we 2022-iň ýanwaryndan bƤri 19-20 manat aralygynda durnuklylygyny saklaýar. 2022-nji ýylyň maý aýyndan 2023-nji ýylyň maý aralygyndaky ýüze Ƨykan Palaw Indeks bahalarynyň we gara bazar kursunuň arasyndaky arabaglanşygy has giňişleýin ƶwrenmek üçin 3-nji NetijƤ serediň.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.