Progres.Online

Palaw Indeksi Iýul / 2024

Iýul 2024: Palaw Indeksi 11% arzanlady.

Käşiriň bahasy uly derejede gymmatlady.

2024-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaƧa nyrhy 61.1 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geƧen ýylyň iýul aýyndaky palaw bahasyndan (68.8 manat) ýyldan-ýyla 11.1% arzan. GeƧen aýdaky bahalar (60.7 manat) bilen deňeşdirilende, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 0.7% gymmatlady. Bahalardaky peseliş trendi diňe Türkmenistanda dƤl, eýsem halkara derejede syn edip bolýar. Meselem, FAO-nyň Azyk Ɩnüm Baha Indeksine gƶrƤ, halkara azyk ƶnümleriniň nyrhy 2024-nji ýylyň iýulynda ýyldan-ýyla 3.1% arzanlady.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylyň iýulynda käşirden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde käşiriň nyrhy 46.3% artdy. Bahasy peselen önümlerden, soganyň bahasy (-57.5%), tüwi (-27.2%), günebakar ýagy (-13.0%), sygyr eti (-5.6%) we bugdaý uny (-4.1%) arzanlady (Netije 1 seret).

FAO Indeksindäki dürli kategoriýalarda bahalaryň üýtgeşmesi:

  • FAO-nyň Galla Ɩnümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki dƤne ƶnümleriň bahasyny ƶz iƧine alýar we 2024-nji ýylyň iýulynda ýyldan-ýyla 12.0% arzanlady. Bu peseliş bugdaýy eksport edýän ýurtlaryň arasyndaky bƤsdeşligiň artyp, halkara derejedƤki talabyň azalmagy bilen düşündirilýär.
  • FAO Tüwi Indeksi iýulda 2.4% düşdi.
  • FAO Ɩsümlik Ɲagynyň Bahasy Indeksi 2024-nji ýylyň iýulynda ýyldan-ýyla 4.0% ýokarlandy.
  • Şol bir dƶwürde FAO Et Bahasy Indeksi 0.8% artdy.

Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy

Soňky ýyllarda (2020-2022) Palaw Indeksindäki bahalaryň üýtgemegi manat/dollar kursunuň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýardy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda Palaw Indeksiniň peselmeginiň iň uly sebäpkärleri günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalarynyň arzanlamagydyr.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.