Iýul 2023: palawyň bahasy 21% arzanlady.
Tüwiniň bahasynda görnetin peseliş
2023-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 68.8 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň iýul aýyndaky palaw bahasyndan (86.7 manat) ýyldan-ýyla 20.6% arzan. Geçen aýdaky bahalar (72.1 manat) bilen deňeşdirilende hem, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 4.5% düşdi.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylyň iýulynda palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde, bugdaý ununyň bahasy 45.5% peseldi. Beýleki harytlardan, günebakar ýagy (-40.2%), tüwi (-21.2%), sygyr eti (-13.1%), käşir (-8.6%) we sogan 2.8% arzanlady (Netije 1 seret).
Tüwiniň bahasy 10 aý üznüksiz ösüşden soň ahyrsoňy peseldi
Tüwiniň ortaça bahasy 2022-nji ýylyň iýulynda 23.4 manatdan 2023-nji ýylyň iýulynda 18.5 manata çenli azaldy, bu bolsa ýyldan-ýyla görä 21.2% peseliş. Mundan başga-da, geçen aý (iýun 2023) bilen deňeşdirilende hem tüwiniň bahasy 7.2% peseldi. Tüwiniň bahasynyň bu derejede peselmeginiň esasy sebäbi, biziň hasaplamalarymyzda tüwiniň arzan sortynyň ornunyň has ýokarlanmagydyr.
Türkmenistanda tüwiniň esasan 2 sany uly sorty ösdürilip ýetişdirilýär: ýokary hilli Elenge sorty we birneme hili pesiräk bolan Nukus sorty. 2023-nji ýylda Elenge sortynyň bazardaky üpjünçiligi azaldy we Nukus sortynyň has köp satylmagyna sebäp boldy. Meselem, 2023-nji ýylyň iýul aýynda tüwi sortlarynyň bahalaryny deňeşdirenimizde, Elenge tüwiniň bir kilogram bahasy 22.5 manat, Nukus sortynyň bahasy bolsa ortaça 17.6 manat boldy. Mundan başga-da, “Alalye” atly Hindi tüwi markasy Türkmenistanda 18 manat bahadan satylyp başlandy. Netijede, Nukus sortynyň we “Alye” tüwiniň bahalary has elýeterli bolanlygy sebäpli Türkmenistanda tüwiniň ortaça bahasynyň arzanlamagyna sebäp boldy. Diňe Elenge sortynyň bahasyny deňeşdirenimizde, ýyldan-ýyla görä 2022-nji ýylyň iýulynda 24.5 manatdan 2023-nji ýylyň iýulynda 22.5 manata çenli 8.2 göterim arzanlady.
Hindistan tüwi eksportyny gadagan etdi. Türkmenistana nähili täsir eder?
2023-nji ýylyň 20-nji iýulynda Hindistan hökümeti basmati sortyndan başga tüwileriň eksportyny gadagan etdi. Bu çäklendirmäniň arkasyndaky sebäp Hindistanyň içerki bazarynda tüwi üpjünçiligini ýola goýmak. Tüwi eksportynyň möçberi boýunça Hindistan bütin dünýäde birinji orny eýeleýär. FAO-nyň Tüwi Baha Indeksine görä, tüwiniň bütindünýä bahasy 2023-nji ýylyň iýulynda 2.8% artdy. Onuň esasy sebäpkäri Hindistanyň tüwi eksportlaryny gadagan etmegi. Tüwiniň bahasy 2011-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri iň ýokary derejesine geldi.
Türkmenistanda sarp edilýän tüwiniň aglaba bölegi ýurduň içinde öndürilýär, import bolsa sarp edişiň az bölegini düzýär. Türkmenistana import edilýän tüwiler esasan Hindistandan, BAE-den, Pakistandan we Russiýadan gelýär. Bularyň arasynda Türkmenistana iň köp mukdarda tüwi eksport edýän ýurt Hindistan. 2021-nji ýylda Hindistanyň Türkmenistana tüwi eksporty 218,000 ABŞ dollaryna deň boldy. Türkmenistanda satylýan Hindistan tüwüsi “Alye” basmati tüwi sortyna degişlidir. Bu sebäpden, Hindistanyň girizen tüwi eksportynyň gadagançylygyna basmati sorty girmeýäni üçin, onuň Türkmenistanda satylýan tüwilere kän täsiri bolmaz.
Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy
Türkmenistanda palaw taýýarlamagyň nyrhy 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowamly peselip gelýär we bu peseliş soňky wagtlardaky dollaryň gara bazardaky kursynyň düşmegi bilen baglanyşdyrylýardy. Emma soňky aýlarda bu baglanşygyň gowşaýandygyny görmek bolýar. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy (3-nji Netijä serediň).
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.
Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.