Progres.Online

Palaw Indeksi Fewral / 2026

Fewral 2026: Palaw Bahalary 26% Gymmatlady.

2026-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça bahasy 80.4 Türkmen manadyna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki, ýagny 2025-nji ýylyň fewral aýyndaky 64 manat bilen deňeşdirilende 25.7% ýokarydyr. Şeýle hem, 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndaky 79.3 manat bilen deňeşdirilende, bahalar 1.5% ýokarlandy. Bu ýagdaý halkara tendensiýadan tapawutlanýar, çünki FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksi boýunça şol döwürde ýyllyk hasapda 1% peseliş hasaba alyndy.

Aşgabatda esasy önümleriň ýyllyk bahasyndaky üýtgeşmeler

2026-njy ýylyň fewralynda palaw taýýarlamak üçin gerekli önümleriň hemmesiniň bahasy ýokarlandy.

  • Artyş: iň ýokary derejede tüwiniň bahasy 44.6% gymmatlady. Munuň yz ýany sygyr etiniň bahasy 26.1%, bugdaý uny 17.1%, käşir 15.5%, sogan 14.3%, we günebakar ýagy 0.7% artdy (Netije 1 seret).
  • Degişli döwürde hiç bir harydyň bahasy peselmedi.

Sygyr etiniň bahasy ýorkarlanmagyny dowam edýär

Aşgabatda sygyr etiniň bahasy 2025-nji ýylyň iýun aýyndan bäri yzygiderli ýokarlanýar. Bu ýagdaý, esasan, Ahal welaýatynda iri şahly mallaryň köp mukdarda gyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Gurakçylyk, iýmit ýetmezçiligi we keseller haýwanlaryň heläk bolmagyna getirip, et üpjünçiligine ýaramaz täsir etdi. Netijede, etiň bahasy 2026-njy ýylyň fewralynda 85 manada ýetdi we geçen ýylyň şol bir wagtynda bolsa 67.4 manatdy.

Aýlyk zähmet haklarynyň ýokarlanmagy palaw üçin ýeterlikmi?

Türkmenistanda her ýylda aýlyklar 10% artdyrylýardy, emma 2026-nji ýylda bu amal bes edildi. 2025-nji ýylda iň pes zähmet hakynyň möçberi 1410 manat bolupdy. Palaw Indeksindäki bahalar fewral 2025 – fewral 2026 arasynda ortaça 19.1% ýokarlandy. Bu bolsa Palaw Indeksindäki artyşyň aýlyklardan has ýokary depginde artýandygyny görkezýär.

FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Bahalaryndaky Üýtgeşmeler:

  • FAO Ösümlik Ýagy Bahalarynyň Indeksi 2026-njy ýylyň fewralynda ýyllyk hasapda 11.7% ýokarlandy. Bu ýokary bahalar sebäpli import isleginiň peselmegi we Argentinadan eksport üpjünçiliginiň artmagy bilen düşündirilýär.
  • FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we ýyldan-ýyla 3.5% pese düşdi. Bu bolsa bol hasyla garaşylmagy we dünýä boýunça üpjünçiliginiň ýokary bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
  • FAO Tüwi Indeksi fewralda 0.4% gymmatlady. Bu tüwiniň Basmati we Japonica görnüşlerine bolan islegiň ýokary bolmagy bilen düşündirilýär.
  • Şol bir wagtyň özünde, FAO Et Bahalarynyň Indeksi bolsa 8.0% ýokarlandy. Bu ýagdaý dünýä derejesinde (esasan hem Hytaý we ABŞ-de) islegiň berk bolmagy bilen düşündirilýär.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1 kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.