Fewral 2024: Palaw Indeksi 19% arzanlady.
Bugdaý ununyň bahasy peselmegini dowam edýär.
2024-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 63.0 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň fewral aýyndaky palaw bahasyndan (77.9 manat) ýyldan-ýyla 19.2% arzan. Geçen aýdaky bahalar (62.0 manat) bilen deňeşdirilende, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 1.6% gymmatlady. Bahalardaky peseliş trendi diňe Türkmenistanda däl, eýsem halkara derejede syn edip bolýar. Meselem, FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä, halkara azyk önümleriniň nyrhy 2024-nji ýylyň fewralynda ýyldan-ýyla 10.5% arzanlady.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylyň fewralynda käşirden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde käşiriň nyrhy 46.8% artdy. Bahasy peselen önümlerden, soganyň bahasy (-71.4%), günebakar ýagy (-40.2%), tüwi (-24.8%), bugdaý uny (-17.8%) we sygyr eti (-3.1%) arzanlady (Netije 1 seret).
Döwlet satyn alyş bahasynyň artmagynyň bugdaý ununa ýetiren täsiri
2024-nji ýylyň fewral aýynda hökümet daýhanlardan satyn alýan bugdaýynyň bahasyny artdyrdy we bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 800 manatdan 2000 manada galdyryldy. Onuň netijesinde, döwlet eýeçiligindäki dükanlarda bugdaý ununyň bahasyna derrew täsiri ýetdi we unuň bahasy mundan ozal 1 manat bolan bolsa, indi 3.5-4 manada galdy. Muňa garamazdan, hususy dükanlarda satylýan bugdaý ununa bolan täsiri o diýen ýokary bolmady. Palaw Indeksindäki bugdaý ununyň bahasy Gazagystandan we Russiýadan import edilýän unlardan ybarat.
Bugdaýyň bahasyny öz içine alýan FAO-nyň Däne Bahasynyň Indeksi 2024-nji ýylyň fewral aýynda bir ýyl ozalky bahasyndan 22.4% peseldi. Gazagystandan bugdaýyň we arpanyň eksport bahasy hem 2024-nji ýylyň fewralynda 10.2% arzanlady. Türkmenistan 2023-nji ýylda Gazagystandan bugdaý import etmek boýunça üçünji orny eýeledi. 2023-nji ýylda Türkmenistan Gazagystandan 528.1 müň tonna bugdaý import etdi we onuň möçberi 173 million dollara deň boldy.
2024-nji ýylyň fewralynda Palaw Indeksinde iň uly derejede bahasy peselen önüm sogan boldy we onuň bahasy ýyldan-ýyla 71.4% arzanlady. Geçen aýdaky Palaw Indeks hasabatynda düşündirilşi ýaly, geçen ýylyň gyş aýlarynda ýurtdaky aşa sowuk howa sebäpli, soganyň bahasy 100%-den gowrak artypdy. Emma, geçen ýylyň ýazlyk hasyly netijesinde soganyň bahasy ýene durnuklaşdy we şu wagty bahasy 4.2 manat bilen ortaça bahany öz içine alýar.
Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy
Soňky ýyllarda (2020-2022) Palaw Indeksindäki bahalaryň üýtgemegi manat/dollar kursunuň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýardy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda Palaw Indeksiniň peselmeginiň iň uly sebäpkärleri günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalarynyň arzanlamagydyr.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.
Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.