Progres.Online

Palaw Indeksi Fewral / 2022

Fewral 2022: Palawyň bahasy 77 manada ýetdi

Paýtagt Aşgabat şäherinde bir maşgala üçin palaw bişirmegiň çykdajysy 2022-nji ýylyň fewral aýynda 77.4 manada ýetdi. Bu bolsa geçen aýdaky, 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndaky (85.7 manat) bahadan 9.7% arzandyr we geçen ýylyň (2021) fewral aýyndaky (64.5 manat) bahasyndan bolsa 20% ýokarydyr.

Geçen ýylyň fewral aýyndaky bahalary bilen deňeşdirilende, käşiriň bahasy 51% we günebakar ýagynyň bahasy 0.3% arzanlady. Şo bir wagtyň özünde, sygyr etiniň bahasy 53%, tüwi 5%, bugdaý uny 4% we soganyň bahasy 2% gymmatlady (Netije 1 seret).

2022-nji ýylyň fewral aýynda sygyr etiniň bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53% gymmatlady. Bahalaryň bu dereje ýokarlanmagy önümçilik bahalarynyň artmagy we halkara bazarlardaky üýtgeşmeler sebäp bolup biler. FAO-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanda et önümçiliginiň mukdaryna degişli sanlar 2020-nji ýyla çenli elýeterli. Ýyllyk sygyr etiniň önümçiligi 2020-nji ýylda 799,503 baş janlydy. Bu 2019-njy ýyldaky san (809,337) bilen deňeşdirilende 1.2% azdyr we 2015-2019 arasyndaky soňky 5 ýylyň ortaça sanyndan (795,568 baş janly) bolsa 0.5% köpdür.

Türkmenistandaky ýerli et öndürijileriň aýtmaklaryna görä, sygyr iýmleriniň bahasy artypdyr. Esasan hem, sygyr iými hökmünde wajyp bolan pagta çigidiniň galyndylarynyň bahalary artypdyr we muňa sebäp hökmünde soňky aýlarda gowaça önümçiliginiň azalmagy görkezilýär. Türkmenistanda pagta çigidiniň ýyllyk önümçiliginiň mukdary 2019-njy ýylda 320,000 tonna bolupdyr we bu san 2014-2018-nji ýyllar arasyndaky soňky 5 ýylyň ortaça mukdaryndan (376,000 tonna) 14.9% azdyr. Ýurtdaky umumy inflýasiýa we harytlaryň bahalarynyň artmagy netijesinde, gassapçylar we sygyr saklaýan daýhanlar hem öz hyzmatlary üçin kesýän bahalaryny artdyrypdyrlar.

Bahalaryň artmagyndaky ýene bir sebäp hökmünde, halkara trendleri görkezilse bolar. 2022-nji ýylyň fewral aýynda, FAO-nyň Azyk harytlary indeksi tarapyndan hasaplanylýan halkara et bahalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15.3% artypdyr. Bu artyşa sebäp hökmünde uly derejede et öndüriji ýurt Braziliýada et üpjünçiliginiň azalmagy we Awstraliýadaky süri ýerlerini täzeden dikeltmek netijesinde et önümçiliginiň azalmagy ýaly ýagdaýlar görkezilýär.

Palaw ingredientleriň bahalary aýma-aý deňeşdirilende ýene arzanlamagyny dowam etdirýär we bu eýýäm soňky 6 aý bäri yzygider arzanlama trendidir. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda palaw indeksiniň bahasy 116.4 manat bolan bolsa, 2022-nji ýylyň fewral aýynda 77.4 manada çenli arzanlady we bu 33.5% peselişdir. Edil şeýle hadysany gara bazar walýutasynyň nyrhynyň uýtgemeginde hem syn edip billýäris. Meselem, 1 ABŞ dollarynyň ortaça gara bazar bahasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda 27.3 manat bolan bolsa, 2022-nji ýylyň fewral aýynda 18.6 manat bolup 31.9% peseldi. Ýagny görşümiz ýaly, gara bazar walýutasynda kursuň üýtgemegi palawyň ingredientleriniň bahalarynyň peselmeginiň düşündirişi bolmagy mümkin.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: