Dekabr 2024: Palaw Bahalary 2.9% Gymmatlady.
2024-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda palaw bişirmegiň ortaça bahasy 61.7 manada barabar boldy. Bu görkeziji, 2023-nji ýylyň dekabrynda bellige alnan 60.0 manatlyk bahadan 2.9% gymmat. Bütin 2024-nji ýyl boýunça Palaw Indeksi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende ortaça ýyldan-ýyla 12.6% arzanlady. 2024-nji ýylda palawyň ortaça bahasy 62.5 manat boldy we 2023-nji ýyldaky görkeziji 71.5 manada deňdir. FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksine görä, halkara azyk bahalary 2024-nji ýyl boýunça 2.1% peseldi.
Aşgabatda Esasy Önümleriň Ýyllyk Bahasyndaky Üýtgeşmeler
2024-nji ýylda palaw ingredientleriniň bahalarynyň köpüsi peseldi. Soganyň bahasy iň ýokary derejede 56.5% arzanlady. 2024-nji ýylda soganyň bahasynyň arzanlamagynda iň uly sebäp geçen ýylyň, ýagny 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanda howanyň örän sowuk bolmagy we onuň netijesinde sogan ekinleriniň zeperlenip, bahasynyň 3 esse artmagy bilen netijelendi. Soganyň bahasy 2023-nji ýylda 6.8 manada ýetipdi, 2024-nji ýylda bolsa onuň ortaça bahasy 3 manada düşdi.
Bahasy arzanlan harytlaryň arasynda, şeýle hem tüwiniň bahasy 2024-nji ýylda ortaça 28.1% peseldi, günebakar ýagy (-18.9%), bugdaý uny (-10.2%) we sygyr eti 0.9% düşdi. 2024-nji ýylda palaw ingredientleriniň arasynda diňe käşiriň bahasy gymmatlady we 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10.8% artdy.
FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Baha Üýtgeşmeleri:
- FAO Ösümlik Ýagynyň Bahasy Indeksi global üpjünçiligiň peselmegi netijesinde 2024-nji ýylda 9.4% gymmatlady.
- FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we 2024-nji ýylda 13.3% arzanlady.
- FAO Tüwi Indeksi 2024-nji ýylda 0.8% ýokarlandy.
- Şol bir döwürde FAO Et Bahasy Indeksi 2.7% gymmatlady.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.