Dekabr 2023: palawyň bahasy 2023-nji ýylda ortaça 13.1% arzanlady.
Günebakar ýagy we bugdaý uny palawyň bahasyna örän uly täsirini ýetirdi.
2023-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 60.0 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň dekabr aýyndaky palaw bahasyndan ýyldan-ýyla 22.2% arzan. Bütin 2023-nji ýyl boýunça Palaw Indeksi 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende ortaça ýyldan-ýyla 13.1% arzanlady. Palaw Indeksindäki bahalaryň ortaça peselşi 2023-nji ýylda FAO-nyň Azyk Bahalar Indeksindäki üýtgeşmä (13.7% peseliş) gaty meňzeş boldy.
2023-nji ýylda palaw ingredientleriniň bahalaryndaky üýtgeşme
Palaw ingredientleriniň bahalary 2023-nji ýylda meňzeş şekilde üýtgemedi. Soganyň we käşiriň bahalary gymmatlan bolsa, beýleki harytlaryň bahalary arzanlady. Soganyň bahasy 2023-nji ýylda ortaça ýyldan-ýyla 48.5% gymmatlady. Soganyň bahasynyň artmagyndaky iň uly sebäp 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanda howanyň örän sowuk bolmagy we onuň netijesinde sogan ekinleriniň zeperlenip, onuň bahasynyň 3 esse artmagyna sebäp boldy. 2023-nji ýylyň ortalarynda soganyň bahasy birneme durnuklaşanam bolsa, onuň bütin ýyl boýunça ortaça ýyldan-ýyla bahasy henizem ýokary boldy. Käşiriň bahasy 2023-nji ýylda ortaça ýyldan-ýyla 10.3% ýokarlandy.
Palawyň beýleki ingredientleriniň bahalary 2023-nji ýylda ep-esli arzanlady. Bütin 2023-nji ýyl boýunça günebakar ýagynyň bahasy ortaça ýyldan-ýyla 30.8% peseldi. Dünýä bazarlarynda günebakar ýagynyň üpjünçiliginiň artmagy we Türkmenistanyň Russiýadan import edýän ýagynyň rubl/ABŞ dollar kursunuň amatly bolmagy ýagyň arzanlamagyna kömek etdi. Ýagyň bahasy diňe Türkmenistanda däl, eýsem bütin dünýäde hem peseldi. FAO-nyň Ösümlik Ýagynyň Indeksine görä, 2023-nji ýylda ýagyň bütindünýä bahasy ortaça 32.7% arzanlady. Palaw Indeksinde bugdaý ununuň bahasy 2023-nji ýylda ortaça ýyldan-ýyla 27.9%, sygyr eti 15.7%, we tüwiniň bahasy 3% arzanlady. Bugdaýyň bahasyny öz içine alýan FAO-nyň Galla Bahalary Indeksi hem 2023-nji ýylda ortaça ýyldan-ýyla 15.4% arzanlady.
Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy
Soňky ýyllarda (2020-2022) Palaw Indeksindäki bahalaryň üýtgemegi manat/dollar kursunuň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýardy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda palaw bahalarynyň üýtgemegini daşarky faktorlar netijesinde ýüze çykdy, ýagny günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň halkara bazarlarda üpjünçiliginiň artmagy netijesinde Palaw Indeksi arzanlady. Şeýle hem, Palaw Indeksindäki bahalaryň peselşi (-13.1%) FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksindäki üýtgeşmä (-13.7%) ýakyn boldy. Bahalaryň arzanlamagyna garamazdan, Progres.online makalalarynda bellenip geçilişi ýaly, goşa walýuta hümmetiniň Türkmenistanyň ykdysadyýetine, jemgyýetiň durmuşuna, geljegine uly howp salýandygyny ýatlatmak möhümdir.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.
Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.