Progres.Online

Palaw Indeksi Awgust / 2025

Awgust 2025: Palaw Bahalary 24.8% Gymmatlady.

2025-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabatda palaw taýýarlamagyň ortaça bahasy 75.1 manat boldy. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň awgustyndaky 60.2 manat bilen deňeşdirilende 24.8% ýokarydyr. Şeýle hem, geçen aý, ýagny 2025-nji ýylyň iýul aýyndaky 72.9 manat bilen deňeşdirilende, palawyň bahasy 3.1% ýokarlandy. Halkara derejesinde hem azyk bahalary artyp, FAO-nyň Azyk Bahalary Indeksi boýunça awgust aýynda 6.9% ýyllyk ösüş hasaba alyndy.

Aşgabatda Esasy Önümleriň Ýyllyk Bahasyndaky Üýtgeşmeler

2025-nji ýylyň awgustynda palaw taýýarlamak üçin gerekli käbir önümleriň bahasy pese gaçsa-da, beýlekileriňki ep-esli ýokarlandy. Tüwi iň uly peselişi görkezdi we ýyllyk hasapda 17.4% düşdi. Käşir hem 14.8% arzanlady. Emma beýleki önümler gymmatlady: sogan 99.7%, sygyr eti 48.7%, bugdaý uny 30.0%, şeýle hem günebakaryň ýagy 1.6% ýokarlandy (Netije 1-e serediň).

FAO Indeksine Görä Dürli Kategoriýalarda Halkara Bahalaryndaky Üýtgeşmeler:

  • FAO Ösümlik Ýagy Bahalarynyň Indeksi 2025-nji ýylyň awgustynda ýyllyk hasapda 24.2% ýokarlandy we soňky 3 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi. Bu ösüş Gara deňiz sebitinde we Ýewropada üpjünçiligiň azalandygy bilen baglanyşykly boldy.
  • FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we 2025-nji ýylyň awgustynda ýyldan-ýyla 4.1% pese düşdi.
  • FAO Tüwi Indeksi awgustda 2.0% arzanlady. Tüwi eksport edýän ýurtlaryň arasyndaky bäsdeşligiň ýokary bolmagy onuň bahasynyň peselmegi bilen netijelendi.
  • Şol bir wagtyň özünde, FAO Et Bahalarynyň Indeksi bolsa 4.9% ýokarlandy. Dünýäde iri şahly mal etiniň bahasy täze rekord derejä çykdy. Bu ýagdaý esasan Awstraliýadaky ýokary nyrhlar hem-de Hytaý bilen ABŞ-dan bolan güýçli import islegi bilen düşündirilýär.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.