Progres.Online

Palaw Indeksi Awgust / 2024

Awgust 2024: Palaw Indeksi 12% arzanlady.

2024-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 60.2 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň awgust aýyndaky palaw bahasyndan (68.2 manat) ýyldan-ýyla 11.7% arzan. Geçen aýdaky bahalar (61.1 manat) bilen deňeşdirilende, palaw taýýarlamagyň nyrhy aýdan-aýa 1.6% arzanlady. Bahalardaky peseliş trendi diňe Türkmenistanda däl, eýsem halkara derejede syn edip bolýar. Meselem, FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä, halkara azyk önümleriniň nyrhy 2024-nji ýylyň awgustynda ýyldan-ýyla 1.1% arzanlady.

2024-nji ýylyň awgust aýynda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Aşgabatda palaw taýýarlamak üçin gerekli bolan ähli önümleriň bahasy peseldi. Degişli döwürde soganyň bahasy iň uly derejede 44.1% peseldi. Şeýle hem, tüwiniň bahasy (-27.5%), sygyr eti (-5.5%), bugdaý uny (-5.0%), günebakar ýagy (-1.4%) we käşir (-0.6%) arzanlady (Netije 1 seret).

FAO Indeksindäki dürli kategoriýalarda bahalaryň üýtgeşmesi:

  • FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we 2024-nji ýylyň awgustynda ýyldan-ýyla 11.9% arzanlady. Bu peseliş bugdaýy eksport edýän ýurtlaryň arasyndaky bäsdeşligiň artyp, halkara derejedäki talabyň azalmagy bilen düşündirilýär.
  • FAO Tüwi Indeksi awgustda 0.6% artdy.
  • FAO Ösümlik Ýagynyň Bahasy Indeksi 2024-nji ýylyň awgustynda ýyldan-ýyla 8.1% ýokarlandy.
  • Şol bir döwürde FAO Et Bahasy Indeksi 3.7% gymmatlady.

Tüwiniň bahasy arzanlamagyna dowam edýär

Aşgabat şäherinde tüwiniň 1 kg bahasy 2023-nji ýylyň awgustynda 17.9 manat bolan bolsa, 2024-nji ýylyň awgustynda 13 manada çenli arzanlady. “Türkmenistan Altyn Asyr” neşiriniň bellemegine görä, ýurduň demirgazygynda şu ýyl 8,000 gektardan gowrak ýerde tüwi ekildi. Döwletiň daýhanlardan alýan bahasynyň artanlygy sebäpli, Daşoguz şäherindäki daýhanlar tüwi hasylyny artdyrmaga başladylar.

Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy

Soňky ýyllarda (2020-2022) Palaw Indeksindäki bahalaryň üýtgemegi manat/dollar kursunuň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýardy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda Palaw Indeksiniň peselmeginiň iň uly sebäpkärleri günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalarynyň arzanlamagydyr.

Metodologiýa

Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.

Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: