Aprel 2024: Palaw Indeksi 18% arzanlady.
Tüwiniň bahasy peselmegini dowam edýär.
2024-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde palaw taýýarlamagyň ortaça nyrhy 61.5 Türkmen manadyna deň boldy. Bu bolsa geçen ýylyň aprel aýyndaky palaw bahasyndan (75.0 manat) ýyldan-ýyla 18.0% arzan. Geçen aýdaky bahalar (65.3 manat) bilen deňeşdirilende, palaw taýýarlamagyň nyrhyaýdan-aýa 5.8% arzanlady. Bahalardaky peseliş trendi diňe Türkmenistanda däl, eýsem halkara derejede syn edip bolýar. Meselem, FAO-nyň Azyk Önüm Baha Indeksine görä, halkara azyk önümleriniň nyrhy 2024-nji ýylyň aprelinde ýyldan-ýyla 7.4% arzanlady.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2024-nji ýylyň aprelinde käşirden başga palaw ingredientleriniň hemmesiniň bahasy peseldi. Degişli döwürde käşiriň nyrhy 2.8% artdy. Bahasy peselen önümlerden, soganyň bahasy (-64.8%), tüwi (-22.2%), günebakar ýagy (-20.3%), bugdaý uny (-16.4%), we sygyr eti (-12.5%) arzanlady (Netije 1 seret).
Palaw Indeksindäki harytlaryň arasynda soganyň bahasy iň uly derejede arzanlady. Soganyň bahasy geçen ýylyň aprelinde 7.3 manatdan, 2024-nji ýylyň aprelinde 2.6 manada peseldi. Geçen ýylyň gyşynda Türkmenistanda howa örän sowuk bolup, sogan ekinlerine zeper ýetiripdi we onuň netijesinde soganyň bahasy gymmatlapdy. 2024-nji ýylda soganyň bahasy ýene durnuklaşdy.
FAO Indeksindäki dürli kategoriýalarda bahalaryň üýtgeşmesi:
- FAO Tüwi Indeksi 1.8% arzanlady.
- FAO-nyň Galla Önümleri Indeksi bugdaýyň we beýleki däne önümleriň bahasyny öz içine alýar we 2024-nji ýylyň aprelinde ýyldan-ýyla 18.3% arzanlady.
- FAO Ösümlik Ýagynyň Bahasy Indeksi 2024-nji ýylyň aprelinde 0.7% ýokarlandy.
- Şol bir döwürde FAO Et Bahasy indeksi 0.4% düşdi.
Palaw bahalary bilen gara bazar kursunyň arasyndaky baglanşygyň gowşamagy
Soňky ýyllarda (2020-2022) Palaw Indeksindäki bahalaryň üýtgemegi manat/dollar kursunuň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýardy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri walýuta hümmeti 19 manat töwereginde durnuklylygyny saklamak bilen, palawyň bahasyna ýetirýän täsirini azaltdy. 2023-nji ýylda Palaw Indeksiniň peselmeginiň iň uly sebäpkärleri günebakar ýagynyň we bugdaý ununyň bahalarynyň arzanlamagydyr.
Metodologiýa
Palaw ingredientleriniň bahalary çöplenilen wagtynda soganyň, käşiriň, etiň, tüwiniň we unuň 1kg bahasy we günebakar ýagynyň 1 litr bahasy çöplenildi. Biziň metodologiýamyza görä, 4 adamdan ybarat bolan maşgalada palaw bişirmek üçin biz öz formulamyzda günebakar ýagynyň 0.3 litrini, soganyň ýarym kilesini, käşiriň 1 kilesini, etiň 600 gramyny, tüwiniň 1 kilesini we bugdaý ununyň ýarym kilesini ulandyk. Bahalaryň hemmesi hususy dükanlardan ýygnalan. Palaw Indeks metodologiýasy barada has giňişleýin maglumaty öwrenmek üçin şu salga basyň.
Progres topary, Türkmenistanyň ähli uly şäherlerinde palaw ingredientleriniň bahasyny çöplemek arkaly, hasabatlarda beýleki şäherleri hem ýerleşdirmek isleýär. Bu sebäpden, bahalary çöplemekde bize kömek etmegiňizi we şu formany doldurmagyňyzy haýyş edýäris.