Progres.Online

Ombudsmeniň edarasynyň akkreditasiýa edilmegi Türkmenistanda adam hukuklary babatda üýtgejek zady bolarmy?

2024-nji ýylyň 14-18-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ombudsmen edarasy Milli Adam Hukuklary Guramalarynyň Global Bileleşigi (GANHRI) tarapyndan akkreditasiýa edilmegi meýilleşdirildi. Şonuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 27-nji maýynda Ombudsman Ýazdursun Gurbannazarowa GANHRI sekretariaty bilen onlaýn duşuşyk geçirdi we soňra BMG-niň Adam Hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen ýüzbe-ýüz duşuşdy.

Ombudsmanyň wezipesi 2016-njy ýylyň noýabrynda kabul edilen “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda döredildi. Ombudsmanyň jogapkärçiligi döwlet häkimýetleriniň, ýerli dolandyryş edaralarynyň we olaryň işgärleriniň Türkmenistanyň raýatlarynyň adam we raýat hukuklaryny, azatlyklaryny berjaý etmegini we hormat goýmagyny üpjün etmekdir. Ýazdursun Gurbannazarowa 2017-nji ýylyň martyndan bäri Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Ombudsman wezipesini eýeleýär.

GANHRI – 120 sany milli adam hukuklary guramalarynyň (MAHG) global ulgamydyr. Ol MAGH bilen BMG-nyň adam hukuklary ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklary utgaşdyrýar. GANHRI ekspertleriň baha bermegine esaslanýan akkreditasiýa prosesi arkaly MAGH-laryň garaşsyzlygyny, plýuralizmini we jogapkärçiligini kepillendirmek üçin 1993-nji ýylyň Pariž ýörelgelerine eýerilmegini üpjün edýär. Akkreditasiýa edilenden soň MAGH-lar her bäş ýyldan gaýtadan akkreditasiýa etdirmek üçin ýüz tutmaly. Akkreditasiýanyň iki sany synpy bar: A – Pariž ýörelgelerini doly berjaý edýän, B – bölekleýin berjaý edýän. Meselem: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan B akkreditasiýa synpyna eýe.

Emma, Human Rights Watch guramasyna görä, Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň raýatlarynyň esasy hukuklaryna we azatlyklaryna, şol sanda din, hereket, söz we ýygnanyşmak azatlygyna basyş etmegini dowam etdirýär. Amnesty International guramasynyň bellemegine görä, Türkmen hökümeti jemgyýetçilik tankytlaryny we parahatçylykly närazylyk bildirmeleri basyp ýatyrýar, pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanýar, aýal-gyzlaryň we LGBTI adamlaryň hukuklaryny çäklendirýär. ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça ýyllyk ýurt hasabatlarynda zor bilen ýitirim etmek, tussaglara ýowuz daraşmak, transmilli repressiýa we söz, media we internet azatlygynyň berk çäklendirmeleri, gender esasly zorlugyň giň ýaýbaňlanmagy we ş.m barada belleýär. ABŞ-nyň Döwlet Departamenti adam söwdasyna garşy göreşmekde ukybynyň we tagallalarynyň gowşaklygy sebäpli Türkmenistany üçünji derejeli ýurt hökmünde kesgitledi. Türkmenistan transmilli repressiýalaryň esasy jogapkärleri hasaplanýan ýurtlaryň arasyndadyr.

2024-nji ýylyň ýanwarynda Ýewropa Parlamenti Türkmenistanda adam hukuklarynyň agyr ýagdaýyny görkezýän rezolýusiýany kabul etdi.

Mysal üçin, 2022-nji ýylda Ombudsmeniň edarasy kabul eden 523 sany arzadan diňe 118-ine garady. Edaranyň jemgyýet bilen aragatnaşygy ýa-da habarlaşmasy ýok. Ähliumumy Döwürleýin Synynyň Iş Toparynyň hasabatynda birnäçe döwletler Türkmenistany Ombudsmanyň ygtyýarlyklaryny we garaşsyz roluny, Ombudsmenyň edarasynyň institusional ukybyny we başarnyklaryny güýçlendirmäge we Pariž ýörelgelerine doly eýermäge çagyrdylar. Şeýlelikde, akkreditasiýa almak üçin Ombudsmeniň edarasy Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny nädip kepillendirýändigini we goraýandygyny görkezmeli bolar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: