Progres.Online

Hazar deňzi kiçelýär: Sebäpler we gyssagly çäre görmäge zerurlyk

Klimatyň üýtgemegi we Wolga derýasyndan suw akymynyň kemelmegi 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri Hazar deňziniň derejesiniň iki metrden gowrak azalmagyna sebäp boldy. Bu makala Klement Girardotyň “the Ecologist” we “Geographical” websaýtlarynda çap eden makalalary, Aida Amangeldinanyň “Beda.media”-da çap eden seljermesi, Prange, Wilke we Wesselingh-iň “Nature” žurnalynda çap eden makalasy boýunça esasy meseleleri belleýär.

Mesele

1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri Hazar deňzi suwuň derejesiniň çalt peselmegini başdan geçirýär. Çaklamalar asyryň ahyryna çenli deňziň derejesiniň 9-18 metre çenli kemelip, netijede deňziň üstki meýdanynyň 23-34% ýitip biljekdigini görkezýär. Demirgazyk sebitlerde deňziň kenary eýýäm 50 kilometre golaý yza çekildi.

Deňziň kiçelmegi ilkinji nobatda klimatyň üýtgemegi zerarly suwuň bugarmasy bilen baglanyşykly. Emma, Wolga derýasy ýaly esasy derýalardan gelýän akymlaryň azalmagy hem kiçelmä goşant goşýar. Soňky onýyllyklarda, Russiýa uly suw howdanlaryny gurdy we ýurduň oba hojalygy, energiýa, agyz suwy zerurlyklary üçin suw sarp edişini artdyrdy.

Mundan başga-da, Hazar deňzindäki senagat işleri, esasanam nebit we gaz gazyp çykarmalar hapalanma we daşky gurşawyň erbetleşmegine goşant goşdy. Bu krizis biodürlülige, sebit ykdysadyýetlerine we geosyýasy durnuklylyga howp salýar.

Deňziň kiçelmeginiň täsirleri

Hazar deňziniň derejesiniň peselmeginiň ýiti netijeleri bar:

  • Biodürlüligiň ýitmegi we ýitip gitme töwekgelçiligindäki jandarlaryň görnüşlerine, şol sanda Hazar týulenine howp abanmagy, balyklaryň sanynyň azalmagy we uly gerimde jandarlaryň gyrylyp tükenmegi.
  • Ykdysady täsirleri: Balykçylyk, transport we syýahatçylyk pudaklaryna agyr täsir edip, kenarýaka jemgyýetleriniň köpüsine kynçylyk döreder.
  • Sosial täsirleri: Eklenç serişdeleriniň ýitmegi sebäpli kenarýaka ilatlarynyň göçürilmegi ahmal.
  • Saglyk we daşky gurşaw täsirleri: Suwuň azalmagy gurak ýerleriň meýdanyny giňeldip, saglyga, iri we ownuk şahly mallara we oba hojalygyna howp salýan güýçli we ýygy-ýygydan çäge tupanlarynyň ýüze çykmasyna goşant goşýar.
  • Geosyýasy täsirleri: Eýýäm suw gytlygy bilen göreşýän serhetdeş bäş ýurt – Gazagystan, Azerbaýjan, Russiýa, Eýran we Türkmenistan – çeşmeleriň dolandyrylyşy, daşky gurşawyň dolandyrylyşy we suwuň dolandyrylyşy babatda dartgynlylygyň artmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Maslahat berilýän çäreler

Ekspertler we alymlar dessin çäre görmegiň zerurdygyny belleýärler:

  • Durnukly suw syýasatlaryny, aýratynam derýa akymlaryny kadalaşdyrmak barada syýasatlary durmuşa geçirmeli. Häzirki wagtda köp ýurtlar, şol sanda Türkmenistanda hem işjeň öwrenilýän suw süýjetmegiň deňiz derejesine ýetirýän täsiri göz öňünde tutulmalydyr.
  • Uglewodorod hapalanmalaryny azaltmak üçin nebit gazyp çykarmak işlerine berk gözegçilik etmeli we düzgünleşdirmeli.
  • Hazar basseýnindäki ýurtlar krizisi çözmek üçin kollektiw strategiýanyň çäginde hyzmatdaşlyk etmeli. Azerbaýjan COP29-da şeýle başlangyjy teklip etdi, ýöne anyk çäreler heniz görülmedi.
  • Deňiz derejesiniň peselmegini çäklendirmek boýunça tagallalary dolandyrmak üçin ýöriteleşdirilen barlag institutynyň döredilmegi we halkara ekspertleriniň gatnaşmagy möhümdir.

Hazar deňziniň kiçelmegi Aral deňziniň betbagtçylygyny ýada salýan barha ýitileşýän daşky gurşaw betbagtçylygydyr. Deňiz derejesiniň global ýokarlanmagyndan tapawutlylykda içerki suwlaryň derejesiniň peselmegi giňden ara alnyp maslahatlaşylmaýar. Şeýle-de bolsa, bu sebitleýin we global derejede gyssagly çäre görmegi talap edýär. Dessin çäre görülmese millionlarça hojalyklar we özboluşly ekosistema howp astynda galýar.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: