Progres.Online

Waslaw Hawel: Güýçsizleriň güýji

Waslaw Hawel – Çehiýanyň ilkinji prezidenti, tanymal ýazyjy. Progres Fondy Waslaw Haweliň meşhur “Güýçsizleriň güýji” atly eserinden bir parça çap edýär. Eser 1978-nji ýylda “Hartiýa-77” peýda bolanyndan soň ýazylypdyr.

Bu eser çeh dramaturgynyň, dissidentiniň we prezidentiniň edebi döredijilik işiniň iň meşhury bolsa gerek. “Güýçsizleriň güýji” – ýewropa taryhynyň totalitarizme garşy gaýtawul berýän, ekzistensial tejribeleri, erkinsizlige we gulçulyga bolan ýigrenji takyk oýlanma we pikir ýöretme bilen birleşdirýän iň möhüm dokumentdir.

Bir miwe we gök önümler dükanynyň doladyryjysy penjirede, soganlaryň we käşirleriň arasynda şygar ýerleşdirýär: “Ähli ýurtlaryň proletarlary, birleşiň!” Ol muny näme üçin edýär? Dünýä näme habary berjek bolýar? Ol bütindünýä proletarlarynyň birleşmek ideýasyna hakykatdan-da yhlaslymy? Onuň höwesi şeýle bir uly welin, ideallaryny halka tanatmak üçin basyp ýatyryp bolmajak isleg duýýarmy? Ol şeýle birleşmäniň nähili boljakdygy we nämäni aňlatjakdygy barada hakykatdanam bir salym pikirlendimikä?

Meniň pikirimçe, dükan eýeleriniň aglabasynyň penjirelerine goýýan şygarlary hakynda hiç wagt pikirlenmeýändiklerini ýa-da hakyky garaýyşlaryny beýan etmek üçin ulanmaýadyklaryny ynamly çaklap bolar. Bu plakat gök önüm satyjysyna soganlar we käşirler bilen bilelikde kärhananyň merkezi edarasy tarapyndan gowşuryldy. Ol plakatlary ýyllar boýy şeýle edilenligi, hemmeleriň şeýle edýänligi we şeýle bolmalydygy üçin penjirede goýýar. Eger ol boýun towlasa, başyna betbagtçylyk gelmegi ahmal. Penjiresinde zerur bezegiň ýoklugy sebäpli onuň ýazgarylmagy mümkin, käbirleri ony haýynlykda aýyplap biler. Eger bir adam durmuşda oňuşykly ýaşamak islese, hökmany etmelidigi üçin satyjy muny edýär. Bu, olaryň aýdyşy ýaly: “jemgyýet bilen sazlaşykly” asuda durmuşy kepillendirýän müňlerçe jikme-jikliklerden biridir.

Gök önüm satyjysynyň sergilenýän şygaryň many mazmunyna biperwaýdygy äşgärdir; Ol ýazgyny şygaryň aňladýan ideallaryny jemgyýete tanatmak üçin şahsy meýiline görä penjirede goýmaýar. Bu, elbetde, satyjynyň hereketiniň asla maksadynyň ýa-da ähmiýetiniň ýokdugyny aňlatmaýar, şygaryň gizlin manysy bardyr. Aslynda, şygar bir nyşan bolup, onda bilinçsiz, emma takyk ýüzlenme bar. Ony şeýle beýan edip bolar: “Men, gök önüm satyjysy XY, şu ýerde ýaşaýaryn we näme etmelidigimi bilýärin. Özümi menden garaşylyşy ýaly alyp barýaryn. Maňa bil baglap bolar, men kemsiz-kössüz. Men boýun egýärin, ondan ötri biynjalyk edilmezlige hakym bar”. Elbetde, bu ýüzlenmäniň adresaty bar: ol ýokaryk, gök önüm satyjysynyň başlygyna gönükdirilendir we şol bir wagtyň özünde, plakat gök önüm satyjysyny potensial şugulçylardan goraýan galkandyr. Şol sebäpli, şygaryň asyl manysy gök önüm satyjysynyň durmuşy bilen baglanyşykly. Şygar onuň möhüm bähbitlerini şöhlelendirýär. Emma bu möhüm bähbitler nämeler?

Dykkat etsek: eger gök önüm satyjysyna: “Men gorkýaryn. Şonuň üçin soragsyz boýun bolýaryn” diýen şygary goýmak tabşyrylan bolsady, hatda ýazgy hakykaty şöhlelendirse-de, satyjy şygaryň manysyna beýle biperwaý garamazdy. Gök önüm satyjysy dükanyň penjiresinde ap-açyk özüni kemsidiji ýazgyny goýmaga ýüzi gyzarardy we utanardy, bu tebigy ýagdaý, çünki ol ynsan we öz mertebesini goramak duýgusyna eýe. Bu çylşyrymlylyga hötde gelmek üçin onuň wepadarlygyny aňladýan, iň bolmanda tekstde belli bir derejede onuň ynanjyny görkezýän bir alamat bolmaly. Bu alamat gök önüm satyjysyna: “Ähli ýurtlaryň proletarlarynyň birleşmeginiň näme zeleli bar?” diýmegine mümkinçilik bermeli. Şeýlelikde, şygar gök önüm satyjysyna boýun egmesiniň ajy hakykatyny özünden gizlemäge kömek edýär, şol bir wagtyň özünde hökümetiň ony tabyn bolmaga mejbur edýän bolgusyz esaslaryny ýaşyrýar. Şygar olary beýik bir zadyň şekliniň arkasynda gizleýär. We şol zat – ideologiýadyr.

Çeşme: The Hannah Arendt Center at Bard College
Suratyň çeşmesi

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: