Progres.Online

Türkmençe kitap okaýanlaryň kluby: “Ömürzaýa”

Her aýda biz bir eseri saýlap okaýarys, söhbet gurnaýas.

Nädip: türkmen.progres@gmail.com bilen habarlaş, duşuşygyň salgysyny ibereris

Gürrüňi edilen kitaplar barada şu ýerde.

Tirkiş Jumageldiniň “Ömürzaýa” powesti.

Ara alnan soraglar:

  • Näme üçin powest “Ömürzaýa” diýip atlandyrylypdyr? Bu at eseriň mazmuny we esasy pikiri bilen nähili baglanyşykly?
  • Powestde aýal maşgalanyň ykbaly nähili suratlandyrylýar? Ömrüzaýanyň obrazy arkaly awtor nähili jemgyýetçilik meselelerini açýar?
  • Awtor eseriň üsti bilen ýaşlara ýa-da jemgyýete nähili ahlak sapagyny berýär diýip hasaplaýarsyňyz?
  • Durmuşda dogry ýol saýlamagyň jogapkärçiligi ýaly ahlak gymmatlyklar powestde nähili häsiýetlendirilýär?
  • Awtoryň stilini nähili häsiýetlendirip bolar?
  • Şeýle powest Söwetler döwründe çap edilerdimi? Senzuradan geçerdimi? Näme üçin?