“Könelmeýän söz”, Kakajan Ataýew, şu salgyda.
Her aýda biz bir eseri saýlap okaýarys, söhbet gurnaýas.
Nädip: türkmen.progres@gmail.com bilen habarlaş, duşuşygyň salgysyny ibereris
Gürrüňi edilen kitaplar barada şu ýerde.
Ara alynan soraglar:
- Salamlaşmagy edebiň hem terbiýäniň başlangyjy hasap edýäňizmi?
- Salamlaşmak pursatynda nähili edepler saklanmaly we nähili hereketler halanmaýar?
- Salamlaşmak wagtynda wezipe, dereje ýa-da baýlyk göz öňünde tutulyp bilnermi?
- Size salam berlende, ýüregiňizde mylaýymlyk oýanýarmy?
- Çagalara, ýaşlara terbiýe meselesinde, salam bermeklige sowuk-sala garap bolarmy?
- Kitabyň adynyň “Könelmeýän söz” diýilmegine nähili düşündiňiz?
- Şu döwürde ýaşlar öz aralarynda nädip salamlaşýar, olar nähili sözleri ulanýarlar? Salamlaşmak medeniýetinde ulanylýan sözler näderejede üýtgedi?
- Aýal we erkegiň arasynda, gyz we oglanyň arasynda salamlaşmak näderejede üýtgedi?
Okyjynyň we söhbete gatnaşyjynyň syny
Bu kitapda awtor salamyň taryhy we salamlaşmagyň medeni kada-kanunlary barada örän gyzykly maglumatlary beripdir. Salam bermek we almak biziň durmuşymyzda şeýlebir awtomatik herekete öwrülip gidipdir welin, biz onuň ähmiýetine parh hem bermeýäris. Aslynda bolsa salam gör nähili inçeden pikirlenilip, adam gatnaşyklaryna çuňňur hormat goýlup döredilen bir hereket ekeni. Megerem şol sebäplidir, hatda keseki hem bolsa salam berse ýakymly duýgular oýanýar.
Men salamy örän ajaýyp hem keramatly bir däp hasaplaýaryn we oňa ähli ýerde we ähli gatnaşyklarda deň ähmiýet berilmelidigine ynanýaryn. Kitapda bellenilişine görä, adamlaryň derejesine we wezipesine görä salamlaşma kadalary üýtgäp bilýär, emma men häzirki döwürde, döwrebap durmuşda wezipesine ýa sosial klasyna garamazdan, salama gezek gelende ähli adamyň mertebesiniň deň tutulmagynyň tarapdary. Ýagny ýolbaşçy adama berilýän salam onuň kömekçisine berilýän salamdan tapawutly bolmaly däl. Ýolbaşçy adam hem öz gezeginde, gadym döwrüň han patyşalaryndan tapawutlylykda, diňe derejesiniň ýokary bolany üçin adatdan daşary görnüşli salam ýa hezzet-hormat talap etmäge hakly bolmaly däl. Diňe şonda biz jemgyýet hökmünde hakyky deňligi gazanyp bileris.
Salamlaşmanyň wagtyň geçmegi bilen özgermesi hakynda aýtsam bolsa, ol tebigy bir hadysa we hemişe özgermesini dowam hem eder. Men muňa bitarap, hatda bilesigelijilikli garaýaryn. Biz ynsanlaryň hyýal edijilik ukybymyz we döredijilik potensiýalymyz älem kimin giňkä, biz näme üçin özümizi ata-babalarymyzyň edim-gylymlary bilen çäklendirmeli?! Meniň pikirimçe, biziň ata-babalarymyz hem biziň hemişe öňe gitmegimizi, ösmegimizi we kämilleşmegimizi isländirler. Çünki meniň özüm-hä nesillerime şony arzuwlaýan. Beýle diýdigim taryhymyzy unutmaly ýa ret etmeli diýdigim däl. Oňa hormat goýmaly, ony gymmatly sapak edinmeli, ondan özümize peýdalysyny we zamanamyza laýygyny hem ulanmagymyzy dowam etmeli – edil salamlaşmak edebi ýaly – şol bir wagtda-da oňa döwrümiziň şertlerine we talaplaryna görä täze donlary geýdirmekden hem gorkmaly däl. Iň esasy zat onuň ähmiýetiniň, gymmatynyň we manysynyň ýitmezligi. Men ýakynlarym bilen gujaklaşyp salamlaşýaryn we sagbollaşýaryn, internet ulgamynda belkem “salam” ýazgysyna derek elini galdyryp duran emoji ýa-da GIF ulanýaryn, keselli adam bilen elleşmän diňe dilde salamlaşýaryn, emma nähili görnüşde bolsa-da, salamyň maňa berýän ýakymlylygy, ýylylygy, rahatlyk, umytlylyk we ynsanlyk duýgusy örän güýçli we üýtgewsiz. Goý, “salam” söz hökmünde könelip, özgerip gitse-de, onuň ynsan gatnaşyklaryny jebislendiriji roly hiç haçan könelmesin.





