Progres.Online

Türkmençe kitap okaýanlaryň kluby / Gönübek: Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

“Amanaga, Amangeldigöni, Gönübek «türkmençilik» zamanasynyň ýeke-täk hem iň gowy nusgasydy. Ol Nurberdi hanyň baştutanlygynda birnäçe atly-abraýly gojalary ýanyna alyp, Ahalyň o çetinden o çetine aýlanardy, olar her obada diýen ýaly düşlärdiler, obalar arasyndaky oňşuksyzlygyň anygyna ýeterdiler, gan duşmanlary ýaraşdyrardylar, dürli jemgyýetçilik hem syýasy wakalar babatda halk köpçüliginiň pikirini bilerdiler. Şahsy durmuşynda Gönübek kiçigöwünli, pukara adamdy. Sypaýylygy, alçaklygy, hemme kişä deň gözde garaýanlygy üçin ony hemme kişi sylardy, hormatlardy”.

Iýul aýynda biz Seýitmyrat Öwezbaýewiň “Gönübek” hekaýasyny okap pikir alyşdyk.

Ara alnyp maslahatlaşylan soraglar:

  • Gönübek hekaýasynyň türkmen medeniýetini we milli kimligini saklamaga nähili goşandy bar? Hekaýada däp-dessurlar we Gökdepe söweşi baradaky halk ýatlamalary nähili şekillendirilýär?
  • Öwezbaýew rus imperiýalizminiň türkmen jemgyýetine ýetirýän täsirini nähili beýan edýär?
  • Gönübeg halkyň arasynda hormatlanýan adam hökmünde nähili häsiýetleri bilen tapawutlanýar?
  • Hekaýa şehitlik we özüni gurban etmek düşünjesine nähili çemeleşýär? Adamlaryň öz ynançlary ugrunda söweşmäge we janlaryny pida etmäge taýyn bolmaklarynyň sebäpleri nämede? “12-nji ýanwar …. türkmençiligiň mazara dykylan güni boldy”
  • Eserde aýallar nähili suratlandyrylýar?
  • Häzirki döwürde okyjylar Gönübek hekaýasyndan haýsy sapaklary alyp bilerler? Hekaýada gozgalýan temalary häzirki döwür bilen nähili baglanyşdyryp bolar?
  • Gökdepe söweşi döwründe we şu wagt türkmenistanlylar üçin “erkinlik” nämeni aňladýar?
  • Bu hekaýa türkmen taryhyny we medeniýetini öwrenmäge nähili goşant goşup biler? Onuň geljekki nesiller üçin ähmiýeti nämede?

Gyzykly paýlaşylan pikirler:

  • Hekaýada Gökdepe söweşi döwründe açyk maslahat, ilat bilen maslahat bolupdyr. Şu wagt şeýle erkinlik ýok. Şeýle demokratiki proses bolupdyr şol döwürde.
  • Aksakgallar, uly ýaşly adamlar, öz pikirini açyk aýdyp bilipdirler.
  • Türkmen aýallarda hukuk bolupdyr – aýallar söweşe gatnaşdylar, ýüzleri ýapyk däldi, aýallar edermen bolupdyr, ýurduny goramak üçin hereket edipdirler.
  • Türkmenistanlylarda “Türkmenistan 1881-nji ýylda Russiýa meýletin birikdi” düşünjesi dowam edýär. Mekdeplerde anyk näme okadylýandygy näbelli bolmagyna galýar. Milli taryh öwrenilmän galýar, syýasy propagandanyň pidasy bolmagyna galýar.
  • Gökdepe söweşi – “ýara” – açylyp ýapylýan ýara, bitmeýan ruhy ýara-ony diňe öwrenip, hakykaty ýaşyrman rahatlyk tapyp bolar.
  • Ata Gowşudowyň “Perman” romanynda ruslar ýamanlanmaýar, romanda aýdylmaýar, diňe söweşiň bolany bellenýär.
  • Gökdepe söweşi bilen bagly meseleler “Gökdepe mukamy” atly saza hem siňdi.
  • Türkmenistany Russiýa basyp almadyk bolsa Türkmenistan Owganystan ýaly yzygalak bolmazdy.
  • Gökedepe söweşinde türkmenistanlylaryň guramaçylyk ukyby pes bolupdyr. Mümkin bu trawma nesilden nesile geçip türkmeniň özüniň kimdigine düşünmegine, düýpli öwrenmäne böwet bolýar.
  • Gökdepe söweşi türkmende “biz pida” mentalitetyny döretdi, ondan çykyp bilenok.
  • Biz jemgyýet bolup Gökdepe söweşini ýaňy öwrenip başladyk, Ukraina garaşsyzlygy üçin söweşýar, Russiýa basypalyjy syýasatyny, garaýyşyny dowam edýär.
  • Türkmenistanda din, dini düşünjeler syýasatlaşdyrylýar, diniň öz ýeri bar, garyşdyrylmaly däl.

Kitap: Gönübek, Seýitmyrat Öwezbaýew, 1991 ýyl.