Mart aýynyň soňunda biz Hudaýberdi Hallynyň “Erkinlik galasy” hekaýasyny okap söhbet etdik.
Ara alnan soraglar:
- “Ruslar etekdäki obalary ýeke-ýeke tozduryp, ekini oda berýärdi, ýerli ilat her nädip bolsa-da, hasyly goramaly diýen karara geldi. Sebäbi orslar bugdaýy höwes bilen otlajakdy, bugdaýa ot bermek bilen mallary öldürmek Aýrysakgalyň iň halaýan pişesi diýýärdiler”. Aýrysakgal kim? Bu barada taryhy maglumatlarda näme aýdylýar?
- Hekaýada “Erkinlik” düşünjäniň türkmenler üçin manysy nähili suratlandyrylýar?
- Watana bolan duýgy maşgalada, çaga terbiýesinde nähili orun tapýar?
- Duşman galany böwsüp girende ilat janlaryny halas etmek üçin galanyň demirgazyk derwezesine tarap okdurylýarlar. Yzanda-çuwanlyk başlanýar. Ejeleri wepat bolan Tagan we onuň jigisi hem gaçyp sypmak üçin ylgap barýan adamlara goşulýarlar, ýetim galan bu çagalara bir aýal kömege ýetişýär. Olary galanyň çetinde duran bir tamdyra salyp gizleýär we rus soldatlarynyň okundan halas edýär. Şu epizod nämäni suratlandyrýar?
- Çagakaňyz siz Gökdepe galasy barada nämeleri eşidip ulaldyňyz? Ulular näme diýýärdiler? Olaryň bu taryhy waka barada näderejede düşünjeleri çäklidi? Näme üçin?
- Goňşy ýurtlaryň jemgyýetlerinde dekolonizasiýa, jemgyýeti dekolonizirlemek barada söhbet alyp barylýar. Türkmenistanda şeýle gürrüňdeşlikler barmy? Olary nähili äheňde alnyp barylýar?
Paýlaşylan gyzykly pikirler:
- Taryhy wakalar bilen baglanşykly hekaýada ruslar erkek göbeklini öldürmeli edipdirler.
- Sowetler döwründe türkmenistanlylara okadylan, aýdylan pikirler, düşünje – Türkmenistan Orsýete meýletin birigen, türkmen serdarlary “basybalyjy”, “basmaçylar” diýip otrisatel rolda görkezilen.
- Gökdepe söweşini we gyrgynçylyklary hatyralamak günini bellemekde Agzybirlik hereketiniň işleri ýatyr.
- Her maşgalada diýen ýaly söweşde ölen ýiten bar.
- 2015-nji ýyldan bäri 12-nji ýanwarda bu sene ýurtda Hatyra güni hökmünde resmi derejede bellenmek bes edildi. Oňa derek halkyň ýakyn taryhyndaky gyrgynçylyklaryň hatyrasy we 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýertitremäniň ýasy resmi derejede her ýylyň 6-njy oktýabr güni iki sene bile tutulýar. Hökümet mediasynda ruslar diňe “duşman” diýip tutulýär, taryh ýoýulýar. “Duşmanyň” anyk kim bolandygy aýdylmaýar, rus esgerleriniň zalymlyk bilen ýerli halky gyrandyklary barada köp gürrüň edilmeýär. Muňa aşakde Gökdepe filmine salgy hem mysal bolup biler.
- Eserde türkmenleriň pes sowatlylygy görkezilýär “tebipçilik”, “aşa dinçi” – Ruslara garşy durmalymy, ýa-da boýun bolmaly. Ruslara garşy durlan bolsa, türkmenleriň nähili döwleti bolardy?
- Orlsaryň Türkmenistanda imperialistik modeliniň peýdasy: ylym, bilim ösdi, aýallaryň ýagdaýlary göwularşdy. Ýöne rus imperializmi bizi ösdürmäne gelenok, baýlyklarymyzy ulanyp, topragy zaýalap gitdiler. Netijede ekologiýa weýran boldy, öňüni alyp bolýan adam ýitgisine eltdi.
- Türkmenistanyň boýun bolmadyk ýagdaýynda nähili döwlet boljagy anyk däl. Bellenilmeli gowy zat- hanlaryň döwründe desetnralisasiýa, saýlawlaryň netijesinde ýolbaşçyny saýlamak bar eken.
- Hekaýada ejesi çagalaryna erkinligiň nämedigini düşündürenok. Şeýle ýagdaý şu günler hem dowam edýär.
- Jemgyýetimizde Watan düşünjesi ösmedik. Başgaça pikirlenme “Watana dönüklik”, “watana garşy göreş” ýaly ündelýär. Ýaşlara syýasy rezim we watan bir düşünje diýip ündelýär.
- Käbirimiz üçin Watan bu türkmen dili, başgalar üçin bu ene toprak, ata babamyzyň ýaşan ýeri. Watan duýgusy ene toprak bilen baglanşakly bolýar.
- Ene ataň taryhy söweş barada aýdýanlary indiki nesile geçýär. Olar söweş barada näme bilýär?
Tema boýunça goşmaça maglumat:
Perspectives | Turkmenistan forgets Memory Day: As the government rewrites history to avoid mentioning a Russian atrocity, Turkmen are taking their reminiscences online;
Gowşudow Ata. “Perman” romany. Aşgabat, “Türkmenistan” neşirýaty, 1989. Ed. by N. Hojageldiýew;
Hojageldiýew Nargylyç. “Gökdepe galasy”. Edited by Myrat Annanepesov, an academician of the Academy of Sciences of the TSSR. “Çäç” Creative-Production Association, Ashgabat, 1991;
“Gokdepe Fortress” is a historical essay about the people’s tragedy that determined the fate of the Turkmen nation;
Овезбаев Сеиитмырат. “Гонубек”. The story of a Turkmen who participated in Gökdepe Battle. Ашгабат, 1991;
Alp Arslan Teatry. Gokdepe Film. Filmiň awtory Aýmuhammet Mergenow, režissýory Dursun Gandymowa.
Ulanylan surat:
1880-81-nji ýylarda ruslaryň
Gökdepe galasyna eden
hüjümini şekillendirýän surat,
Nikolaý Karazin