“Iň garaňky döwürlerde-de yşyga garaşmaga hakymyz bar. Şeýle ýagtylygyň teoriýalardan we ylmy düşünjelerden çykmagynyň ähtimallygy az bolup, käbir erkekleriň we aýallaryň öz berlen ömründe we işlerinde, şertlere garamazdan, ýer ýüzüni ýagtyldýan näbelli, öçügsi şöhleden we köplenç gowşak yşykdan gelýär”.
Garaňky döwürde ýaşaýan adam, Hanna Arendt
“Even in the darkest of times we have the right to expect some illumination, and that such illumination may come less from theories and concepts than from the uncertain, flickering, and often weak light that some men and women, in their lives and works, will kindle under almost all circumstances and shed over the time-span that was given them on earth”.
Men in Dark Times, Hannah Arendt
Oktaýabr aýynda biz Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň, “Annasoltan Kekilowa: Ömürzaýa ýyldyzym” kitabyny okadyk.
Tragiki ykbally, aramyzdan juda ir giden şahyr Annasoltan Kekilowa (1942–1983) öz goşgularynda hakykata, ynsana, ýaşlyga, tebigatyň gözelligine bolan söýgüsini şahyrana beýan edýär. Özüni gurşap alan syýasy, sosial hadysalara duýgurlyk bilen seslenýär.
Söwet döwrüniň jeza beriji psihiatriýasy
Annasoltan Kekilowa “özge pikirli” adam hasaplanyp ýowuz psihiatriýa bejergä sezewar edildi.
Sowet häkimiýetleri psihiatriýany dissidentlere (başgaça pikir edýän adamlara) garşy repressiýa guraly hökmünde ulandylar. Özge pikirlenýänleri “däli”, “psihiki keselli” yglan edip psihiatriýa hassahanalaryna, dälihana zor bilen iberdiler. Ol ýerde bolsa olara agyr bejergi berildi. Jeza hökmünde Aminazin ýaly güýçli antipsihotik dermanlaryň ulanylmagy, dissidentleriň abraýyny gaçyrmak we olary hukuklaryndan we işlemek ukybyndan mahrum etmek üçin “şizofreniýa” diagnozy goýulmagy ýaly çäreler girýärdi. Bu “jeza beriji psihiatriýa” usullary şeýle hem agyr we ýowuz ýaşayş şertlerini, möhletsiz tussaglygy öz içine alýardy.
Ara alnyp maslahat edilen soraglar:
- Annasoltany näme üçin dälihana atdylar? Annasoltan bilen düşünişmegiň ýa-da ony saklamagyň başga çäresi ýokmudy?
- Annasoltanyň döredijiligi barada näme aýdyp bolar? Ol öz döwrüniň gowy şahyrymydy?
- Näme üçin kommunistik hökümet Annasoltandan gorkdy?
- Eger Annasoltan daşary ýurda çykan bolsa nähili bolady? Ol kommunistik rezime howp abandyryp bilermidi?
- Annasoltanyň döredijiligini kimler bilen deňeşdirip bolar?
- Annasoltany şeýle gynap öldürmek nämä gerek boldy? Söwet döwründe psihiatriýa ylmy dissidentleri gynamakda ulanylypdyr. Biz bu barada name bilýäs?
- Annasoltan näme üçin indi Garaşsyzlyk zamanynda aklanmaýar? Onuň ady ebedileşdirilenok, kitaplary çykanok?
- Annasoltan bize nämäni öwretdi?
Goşmaça maglumat, ýatlamalar:
Ol Diwardan Aňyrda, Hudaýberdi Hally
Dissident Poet in Turkmenia Is Reported Sent to Hospital, New York Times, 1971
A Poet in the Soviet Regime: Annasoltan Kekilova A Turkmen, Yousuf Azmun
Annasoltan Kekilowanyň janköýerleri onuň işiniň ýaşaýandygyny aýdýarlar
Bilermen feminist şahyryň erkinliginden hyjuwlanýanlaryň azdygyny aýdýar
Annasoltan barada dokumental filmy: Annasoltan Kekilowa (dokumental film)
***************
Biz bilen türkmençe kitap oka! Nädip: türkmen.progres@gmail.com bilen habarlaş, duşuşygyň salgysyny ibereris.





