1991-nji ýylyň 27-nji Oktýabrynda Türkmen Sowet Sosialistik Respublikasy Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan etdi. Mundan ýetmiş ýyl öň, Türkmenistan hiç döwleti bolmadyk dürli taýpalaryň toplumyndan ybaratdy. Bu täsin özgerişiň sebäbi nämekä?
Taýpa Halky kitaby, 1920-nji we 1930-njy ýyllarda Sowet Soýuzynyň Orta Aziýanyň Türkmenistan Respublikasynda döwrebap sosialistik millet döretme tagallalaryny barlap öwrenip bu soragy jogaplaýar. Adrienne Edgaryň nygtamagyna görä, ýakyn wagtdan bäri Sowet hökümetine “milletleri dörediji” hökmünde garalmagy Türkmen döwlet gurluşyndaky örän wajyp ýagdaýy gözden gaçyrýar: bu Sowet syýasatynyň we ýerli asyl özboluşlylyk düşünjesiniň arasyndaky çylşyrymly özara gatnaşygydyr.
Taýpa Halky Sowet Türkmenistan hakynda haýsy hem bolsa bir günbatar dilinde ýazylan birinji kitapdyr, ilkinji bolup Orta Aziýada Sowet millet döredilşini seljermek üçin hem arhiw çeşmelerini hem-de ýerli halkaryň dilinde ýazylan çeşmeleri ulanan we rus bolmadyk nukdaýnazardan köpmilletli Sowet döwletini barlap öwrenen az sanly ylmy işlerden biridir. Bu kitap Sowet Soýuzynyň iň az öwrenilen sebitlerindäki Sowet millet-döretme syýasatyny derňäp, ýigriminji asyrdaky milletçilik we kolonializm baradaky ýaýbaň meseleleri hem aýdyňlaşdyrýar.
Progres Fondy “Tribal nation: the making of Soviet Turkmenistan” kitabynyň iki babyny Princeton University Press neşirýat gullugynyň rugsady bilen terjime etdi.