Aprel aýynyň soňunda biz “Teke gyzy Tatýana hakynda”, Ýazmyrat Şadurdyýewyň Tatýananyň gyzy Annagül eje bilen gürrüňdeşligini okap söhbet etdik.
Ara alnyp maslahatlaşylan soraglar:
- Tatýana Tekinskaýa barada näme bilýarsiň? Türkmenistanda bu şahsyýet barada nämeler eşidýärdiň?
- Türkmenistanda onuň adyny göterýän köçe ýa-da ýadyrgärligi barmy?
- Tatýana Teke gyzynyň ykbaly näderejede ýurduň ykbaly bilen baglanşykly?
- Skobelewiň syýasaty, sah 13, “Aziýanyň diňe bir emlägini däl, onuň aňyny hem almak gerek”. Bu nämäni aňladýar? Sen muňa nähili düşünýärsiň?
- Ýazylanlara esaslansak, Tekinskaýa özüni Russiýada amatly duýdumyka? Ýer tapyp bildimikä?
- Nikolaý han Ýomudskiý öz ýatlamalarynda şeýle ýazýar (sah 14):
“Türkmenler müň ýyllyklaryň dowamynda Aziýanyň sähralyklarynda erkin ýaşap ýören halk. Olar öz üstlerinden agalyk edýän häkimligi, erkinligini elinden alýan kanunlary görmedik halk. Türkmenleriň bütin ömri erkinlikde geçen, olaryň bütin daş-töweregini erkinlik gurşap alan, şonuň üçin olara agalyk ediji güýç täsir etmeýär». Ol öz ýatlamasynda başga bir pikiri hem orta atýar: «Baryp has irki döwürlerden rus patyşalarynda özge halklaryň ýerini, ýurtlaryny basyp almak endikleri bardy. Olar günbatarda-da, gündogarda-da häli şindi basybalyjylykly ýörüşleri guraýardylar. Halklary gulçulyga öwürýärdiler. Özleriniň basybalyjylykly hereketlerini bolsa olar ynsansöýüjilik pikirleri bilen ýumarlaýardylar…” - Türkmen intellegentlary kim bolupdyr şol döwürde? Olardan näme garaşylypdyr?
- Tekinskaýa, Atabaýew, Ýomudskiy pantürkizimde aýyplnýar. Näme üçin?
- Şu soraglar Türkmenistanyň daşynda ýaşaýn türkmenistanlylar üçin entegem aktualmy? (sah 20) “Ýöne, Türkmenistana nädip aşmaly? Ony ol ýerde nähili kabul ederler? Kim garaşýarka oňa Türkmenistanda? Ol hakyky öz adynam, atasynyň-ejesiniň atlarynam bilenok ahyryn. Ol ýekeje zady bilýär – Gökdepeden, özem teke gyzy, başga hiç zat. Onsoň o görgülini şu ýagdaýda kim tanar? Onsoňam ol bütin tebugaty bilen rus durmuşyna, rus terbiýesine, däp-dessuryna uýgunlaşan. Özem bütinleý rusça geýinýär. Öz türkmen dilini bilenok. Onuň türkmendigine beri ynanarlarmyka?”
- Tekinskayanyň şahsiýeti, ykbaly “keç ykbalmy” ýa-da manyly ýaşalan durmuşmy?
Paýlaşylan gyzykly pikirler
- Hökümet Tekinskaýa barada arhiwlara girip faktlary öwrenmäne taryhçylara we alymlara rugsat berse gowy boljak. Näme üçin biz jemgyýet bolup onuň durmuş tejribesini, pikirlerini az bilýäris, gyzyklanamzok?
- Tekinskaýa – ilkinji zenan magaryfçylaryň biri.
- Tatiýanada watan barada düşünjesi ösen bolupdyr.
- 23 sahypa, nähili “bitmejek ýara” barada gürrüň alnyp barylýar?
- Tekinskaýanyň öz watanyna dolanmaga bolan güýçli islegi onuň ýokary bilimliliginiň, giň düşünjeliliginiň netijesimikä (ýagny watanyň nämedigine gowy düşünip bilen) ýa-da ol rus jemgyýetinde öz ýerini tapyp bilmän, özüni öýünde ýaly duýmadymyka?
“Türkmenowedeniýe” žurnalynyň XX asyryň 20-nji ýyllarynda çykan sanlarynyň birinde Nikolaý Han Ýomudskiý şeýle ýazýar:
“40 ýyllap patyşa Russiýasynyň harby häkimligi Zakaspi oblastynda öz syýasatyny ýöretmek bilen türkmenleriň durmuşyna bitmejek ýara saldy: ýaşy könelişen garry-gurtylara öňki erkin durmuşy ýada salyp, öz içki dünýäleri bilen boluberdiler, soňky – täze nesil bolsa täze döwrüň ýagdaýyna görä boluberdiler. Daşyndan seretseň hemme zady boýun alyk, özgäň agalygyna tabyn halk, içinden şol agalyga närazylyk bildirýärdi. Olar özleriniň öňki erkin durmuşynyň täze tertip-düzgünler, kanunlar bilen boglup ýörenine gyýylýardylar, şeýdibem seslerini çykarman, ähli ahwalatlary öz içlerinde saklap, «Ak patyşanyň» güýjüne bialaç boýun bolmaly bolýardylar…”
GOŞMAÇA MAGLUMAT:
- Jadidlerden Ylhamlanyp Döwrebaplyga Tarap Çekilen Ýodalar, 1914-1917, Türkmen Bolmagy Öwrenmek, Wiktoriýa Klement.
- Tatýana Tekinskaýa barada Yazmyrat Şadurdyýewiň senariýasy esasynda we Yusup Kulyýewiň redaktorlygynda TürkmenMediaGroup tarapyndan ekranlaşdyrylan Artykgül Teke gyzy atly dokumental film doredildi. Iki bölümden ybarat bu filme şu salgylarda tomaşa edip bolar: 1-nji bölüm, 2-nji bölüm.
- Çarymyrat Garahan – «Artykgül teke gyzy, Tatýana» atly Mirasym YouTube kanalynda ýerleşdirilen söhbet.