Progres.Online

Parahatçylykly, zorluksyz göreşiň 198 usuly

Jin Şarpyň (Gene Sharp) “Zorluksyz hereketleriň syýasaty” kitabynda zorluksyz hereketiň 198 sany aýratyn usuly kesgilenýär. Jin Şarp Amerikaly syýasat alymy.

Usullar üç kategoriýa bölünýär: zorluksyz garşylyk we garşydaşy ynandyrma, hyzmatdaşlykdan ýüz öwürmek (jemgyýetçilik, ykdysady we syýasy durmuşda) we zorluksyz äheňde meseleleri galdyryp ýagdaýalara gatyşmak. Kitapda her 198 usulyň jikme-jik beýany taryhy mysallar esasda düşündirilýär.

  • Kitap dünýäde raýatlaryň zorluksyz garşylygana düşünmek we usullary durmuşa geçirmek üçin esasy çeşme hasaplanýar.
  • 198 usul diňe bir sanaw däl; belli bir kontekstde we strategiýa laýyklykda usullary seresaplylyk bilen saýlamak, netije berip biljek ýoly görkezýär.
  • Usullar, zorlugy, agressiýany ulanmazdan, dürli parahatçylykly usullar arkaly garşydaşa täsir etmek, basyş etmek üçin niýetlenen.
  • Alym Şarp zorluksyz göreşiň dinamikasyna düşünmegi we şoňa laýyklykda usullary uýgunlaşdyrmagyň möhümdigini nygtaýar.

Mysallar: iş taşlama yglan etmek, topar bolup hat ýazmak, karikatura çekmek, boýkotlamak, ýurda pul ibermezlik, parodiýalar we ş.m.

Hereketleriň doly sanawyny rus we iňlis dilinde saýtymyzda okap bolýar.

RU – 198 методов ненасильственных действий

EN198 methods of nonviolent action

Suratyň çeşmesi