“Owganystanyň ýalnyndan ýatlama” (Память из пламени Афганистана) taslamasy 2012-nji ýylda Jorj Waşington uniwersitetiň halkara gatnaşyklar bölüminiň professory Marlen Laruel we Botagoz Rakişewa (Gazagystanyň Jemgyýetçilik pikirini öwreniş instituty) tarapyndan başlandy. Taslamanyň esasy wezipesi taryhymyzyň pajygaly sahypalarynyň biri bolan wakalar barada taryhy hakydany ýitirmezlik üçin gatnaşyjylardan owgan söweşi barada gürrüňdeşlik arkaly maglumat ýygnamakdyr. Taslamanyň birinji tapgyrynda 1979-1989-njy ýyllarda Gazagystandan, Täjigistandan we Özbegistandan Owganystana baran söweşiji internasionalist esgerleri bilen söhbetdeşlikler geçirildi (dilden aýdylýan hekaýalar usulda) we dokumental film döredildi. Özbegistanda jemi 20, Täjigistanda 31, Gazagystanda 21 söhbetdeşlik geçirildi. Taslamanyň netijesinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystanyň Strategiki Gözleg Instituty (KISS) tarapyndan neşir edilen üç tomdan ybarat kitap taýýarlandy.
2020-nji ýylda “Polis Aziýa” Analitik Merkeziniň we “Esimde” taslamasynyň (Gyrgyzystan) ýolbaşçysynyň Elmira Nogoýbaýewanyň başlangyjy bilen bu taslama Gyrgyzystanda amala aşyryldy we “Owganystanyň ýalnyndan ýatlama” kitabynyň 4-nji tomy neşir edildi. Şeýle hem “Uruşdaky adam” filmi döredilip Owganystanda gulluk eden gyrgyz raýatlarynyň arhiwinden ulanylan suratlar esasynda sergi gurnaldy. Gyrgyzystanda 1979-1989-njy ýyllardaky owgan söweşiniň weteranlary, harby bölümleriniň esgerleri we ofiserleri bilen jemi 21 söhbetdeşlik geçirildi.
Kitaplar şu saýtlarda ýerleşdirildi:
Казахстанский институт стратегических исследований при Президенте Республики Казахстан
Дискуссионная площадка «Эсимде»
Исследовательский институт «Общественное мнение»
Dokumental filmler şu saýtlarda ýerleşdirilen: