“Erbet hökümdarlaryň ulanýan gurallarynyň paş edilýän eseri” ýa-da gysgaça “Zalym hökümdarlar üçin gollanma” – şeýle we beýleki sözler bilen meşhur florentin akyldary we döwlet işgäri Nikkolo Makiawelliniň 1513-nji ýylda ýazan “Hökümdar” (“Государь” rusça, “The Prince” iňlisçe) eseri suratlandyrylýar.
Men bu eser bilen nädip tanyşdym?
Men Makiawelliniň adyna gepleşiklerde we makalalarda wagtal-wagtal gabat gelýärdim. Ikinjiden bolsa, özümiň syýasat we häkimiýet bilen gyzyklanýandygym hem-de onuň syýasat barada iň oňat kitaplaryň sanawynyň içinde duranlygy sebäpli, bu eseri okamaklygy ýüregime düwdüm.
Näme üçin bu traktaty okamaly?
Ýokarda belläp geçişim ýaly, eger-de siz syýasat we onuň gurnalyşy barada (XV-XVI asyrlardaky şertlerde) öwrenmäge isleg bildirýän bolsaňyz, bu eser siziň üçindir. Siz onuň bilen ýakyndan tanyşyp, awtoryň dünýäni haýasyz (циничный) ýöne pragmatik görnüşde görýändigini görüp bilersiňiz. Makiawelli bu çemeleşmeden ugur alyp, syýasaty mümkin boldugyndan aç-açan we gönümel suratlandyrýar. Şol sebäpden häkimiýetiň we onda ulanylýan syýasy gurallaryň açyk beýan edilmegi bu eseriň esasy gymmaty bolup çykyş edýär.
Meniň pikirimçe, biziň halkymyzyň arasynda (ýetginjeklerden başlap ýaşululara çenli) bu kitabyň okalmagy we öwrenilmegi syýasat we onuň gurluşy boýunça sowatlylygy ösdürmek (mekdep okuw maksatnamalaryndan daşary) ugrunda ilkinji ädimleriň biri bolar. Bu mowzuk boýunça taryhy nusgalary öwrenmek we olary seljermek halkymyzyň “häkimiýet” («власть») düşünjesine gözüni açmagyna ýa-da iň bolmanda ol hakda gyzyklanyp başlamagyna ýardam berer. Bu daş-töwerekde bolup geçýän wakalara düýpli seretmäge we hemme zady tankydy derňemäge itergi berer. Şonuň üçin eser bilen tanyşmagy maslahat berýärin.
Gorky we hökümdar
Ilki bilen awtor öz traktatynda hakykatdanam hökümdaryň ýumşak we sada bolup bilmejekdigini görkezýär. Çünki onuň daş-töweregini nebisjeň, gadyrsyz, ikiýüzli we gorkak adamlar gurşap alýar. Olar hökümdara bolan söýgi bilen gorkynyň arasyndan ikinjisini saýlaýarlar. Awtoryň belleýşi ýaly: “[Adamlar] hökümdarlary öz islegi boýunça söýýärler we olardan hökümdarlaryň islegi boýunça gorkýarlar.”
Şeýle-de bolsa, awtor gorkyny we ýigrenji tapawutlandyrýar. Ýagny, hökümdar gorkyny ornaşdyrmak bilen ýigrenji döretmeli däldir. Muny hökümdar öz raýatlarynyň emlägine we şahsy durmuşyna zyýan ýetirmese gazanyp biler. Ol adamlara diňe gowy delil we sebäp bolan ýagdaýynda jeza berýär (“zalym, ýöne adalatly” düşündiriş bu ýerde iň laýykdyr).
Hökümdar we şahsy bähbit
Galyberse-de, kitabyň geňeşçiler we ýaranjaňlar baradaky baby barada belläsim gelýär. Hökümdar öz şahsy bähbitleri däl-de, döwletiň işleri bilen gyzyklanýan dogry geňeşçileri saýlamaly. Oňa wepalylyk bilen hyzmat etmegi üçin “käşir we taýak” usulyny ulanmaly – ýagşylyk üçin sylaglamak, ýaramaz iş üçin jogapkärçilige çekmek. Umuman, awtor hökümdaryň geňeşçilerini etmişlerine görä jezalandyrmalydygyny belläp geçýär.
Hökümdar we ýaranjaňlar
Ýaranjaňlyk we ýaranjaňlardan seresap bolmaly. Hökümdar geňeşçilerine diňe soralýan mesele hakda pikirlerini aýtmaga rugsat bermelidir. Maslahatçylaryň birugsat we artykmaç nesihat bermeklerine ýol bermeli däldir. Ähli maslahatlary diňlänsoň, hökümdaryň özi iň soňky karary çykarmaly.
Ýokardakylara esaslanyp, biz awtoryň hökümdaryň hemişe gönümel we dogruçyl bolmagyny goldamaýandygyna göz ýetirýäris. Emma bu geň däldir. Awtoryň pikiriçe, adamlar betnebis, ejiz we özleri üçin amatly bolan islendik ýagdaýda dönüklik ederler. Şonuň üçin hökümdaryň öz ýagdaýyna we bähbidine esaslanyp hereket etmegi zerurdyr. Mundan başga-da, awtor hökümdaryň arslan (dogruçyl we adalatly) we tilki (mekir we ýeser) häsiýetlerini birleşdirmelidigini öňe sürýär. “Ýolbars duzaklardan, tilki möjeklerden gorkýar…” diýýär. Ýagny, arslan möjekleri gorkuzar, tilki duzaklardan gaça durar.
Awtor: Yhlas Azadow