“Baky faşizm: Gara köýnege düşünmegiň on dört usuly” faşizmiň esasy aýratynlyklaryny kesgitleýär.
- “Däp-dessur kulty”: däp-dessurlar ähli hakykaty, ösüşi açdy, indi täze öwreniş we jemgýetçilik derejesinde özgerme bolup bilmez. Bize diňe däp-dessurlarymyza düşünmek we olary düşündirmek galýar.
- “Modernizmy (döwrebaplygy) ret etmek”: Günbatar medeniýetiniň rasionalizma (logika, ylyma) esaslanýan ösüşine “ahlaksyzlyk” hökmünde garamak.
- “Hereket üçin hereket kulty”: syýasy hereketiň soragsyz kabul edilmelidigini görkezýär. Umberto Eko, munuň intellektualizma garşy hereketler bilen we irrasionalizm (logika, ylmy düşünjelere ters) bilen baglanyşyklydygyny, köplenç häzirki zaman medeniýetine we ylyma edilýän hüjümlerde görüp bolýandygyny aýdýar.
- “Hökümet bilen ylalaşmazlyk Watana dönüklikdir”: faşizm intellektual (oýlanşykly) söhbetleri we tankydy pikirleri öz syýasy rezimine päsgelçilik, garşylyk hökmünde bahalandyrýar. Şeýle oýlanşykly derňewiň adamyň ynançlarynda ýüze çykýan gapma-garşylyklary paş etmeginden gorkýar.
- “Tapawutly, başga pikirli adamlara bolan gorky”: Faşizm köplenç jynsparazlyk, başga milletlere, milli azlyklara, içki we daşky migrantlara garşy ýüzlenmeleri, ritorikany ulanýar.
- “Lapykeç orta gatlaga daýanmak”: rezim pes sosial toparlaryň arzuwlaryndan, isleglerinden, ykdysady basyşyndan gorkyp orta gatlaga (elita) daýanýar.
- “Konspirasiýalary” we “duşman bar” howpunyň öňüni almak gorkusyny ilat arasynda ulaldyp ýaýratmak. Bu, köplenç ksenofob ýüzlenmeleriniň, jemgyýetiň ejiz, garyp toparlarynyň garşylyk görkezip biljegine bolan gorky bilen birleşýär.
- Faşistik jemgyýetler öz duşmanlaryny “şol bir wagtyň özünde gaty güýçli we örän ejiz” diýip görkezýärler. Faşistler halamaýan, güýçli elitasyna garşy ilatda ýigrenç döredýär. Faşistik liderleri elitalaryň baý durmuşuny bütin ilatyň öňünde ejizliginiň subutnamasy hökmünde görkezýär.
- “Pacifizm duşman bilen alnyp barylýan söwdadyr” sebäbi “durmuş bu bir hemişelik söweşdir” – göreş alyp barmak üçin hemişe içki ýa-da daşky duşman bolmaly, tapylmaly.
- “Ejizleri ýigrenmek, ejize ganym”: diňe öz milletiň beýik, başga milletler taý bolup bilmez bize sebäbi olaryň ýetmezçiligi bar, olar ejiz, olaryň däp-dessurlary, geýimleri biziňki ýaly kämil däl.
- “Ölüm kulty” (watan üçin), ölüm kultyny kabul edilmegine alyp barýan “faşistik gahrymany” Watany üçin ölmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Sabyrsyzlyk bilen başga adamlary ölüme (urşa) iberýär.
- “Toksiki, zäherleýji erkeklik“: faşistler aýal-gyzlary ýigrenýärler, ikinji derejeli adam hasaplaýarlar, jynslaryň arasyndaky dürli gatnaşyklara çydamsyzlygy görkezip ýazgarýarlar, gomoseksuallary ýigrenýärler.
- “Populizm” – iliň diýmegi, pikiri bir adamyň pikirinden has guýçli hasaplanýar. Hiç bir halk köpçüligi biragyzdan agzybir bolup bilmeýändigi sebäpli, faşistik lider özüni halkyň isleginiň ýeke täk wekili hökmünde görkezýär. Faşist baştutany “halkyň sesi diňe men” düşünjäni demokratik institutlaryny ýok etmek üçin ulanýar.
- “Newspeak” – faşizm tankydy pikirlenmäni çäklendirmek üçin garyp söz goryny, düzümini ulanýar we ilatdan diňe rugsat berlen, gaýtalanýan, manysyz düzümleri ulanmagy talap edýär.
Çeşme:
“Eternal Fascism: Fourteen Ways of Looking at a Blackshirt”,
Umberto Eco