Ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň “Erkinlik galasy” kiçi bir hekaýa bolmasyna garamazdan meniň duýgularyma we ruhuma uly täsirini ýetirdi. Men mekdepde ýa başga ýerde Gökdepe söweşiniň taryhy barada jikme-jik öwrenenim ýadyma düşenok. Öwredilen hem bolsa mende ähmiýetli bir täsir goýmandyr.
Men Erkinlik Galasynyň üsti bilen, taryhymyzyň bu aýylganç parçasy bilen ilkinji gezek ýakyndan tanyşdym. Öz ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň öz watanyny, öz milli erkinligini janlaryndan geçip gorap bilendigi we Seýdiniň “ser bereris, ýer bermeris” diýşi ýaly, duşman gyrgynçylyga sezewar edýänçä hiç boýun bolmaýyşlary barada okamak şeýle guwandyryjydy.
Bu eseri okanymdan soň men özbaşdak gözlegler edip, türkmenleriň bütin Merkezi Aziýa sebitinde ruslar üçin basyp almasy iň kyn millet bolandygyny hem öwrendim. Bu bolsa bir tarapdan maňa has uly guwanç duýgusyny berdi, beýleki tarapdan hem örän örän gynandyrdy. Çünki indi bizde ol mertlikden nam-nyşan galmadyk ýaly. Biz, türkmenler, bütin dünýä ýüzünde awtokrat we eziji ýolbaşçylara baş egip duran, hak-hukuklarymyzy talap edip bilmeýän, pikirlerimizi aýdyp bilmeýän, iň gynançly ýeri hem – erkinlik diýilýän zadyň nämedigini unudan jemgyýet bolup galdyk. Hany biziň erkinligi, watany jandan öňde goýan milli ruhy duýgymyz we batyrgaýlygymyz?
Men hekaýadaky kiçijek Tagan bilen Arslanyň obrazynda biziň şu günki halkymyzy gördüm. Biz heniz kiçijek we ejizjekäk ene-atamyzdan (ýagny biziň erkinligimiz üçin jany-teni bilen göreşen hossarlarymyzdan) jyda düşüp, bize nebsini agyrdansyran ýa-da kömek etmegi söz berensirän betnebisleriň elinde galan millet biz. Ruslar bizi zalymlyk bilen basyp alyp, ondan soňra bize hökmürowanlyk eden 100 ýyldan gowrak wagtlarynyň içinde ähli gaýratly, adalatly we halkyň bähbidini öňde goýýan baştutanlarymyzy gyrdylar, öňe çykyp, yzyna adam düşürip biljek ylymdarlary berk kontrolda sakladylar, öz pikirini aýdyp bilýänleri we adalatsyzlyga garşy gidenleri ýok etdiler, we adaty halkyň gözüni gorkuda sakladylar. Ähli başarjaň, mert, namysly, giň düşünjeli, watanyna we halkyna wepaly adamlarymyzy gyrdylar, galanlarynyň hem sesi çykmaz ýaly damagyna gurşun guýdular (Akpamygyňky ýaly). Biz häli-häzir hem şol kiçiligimize, körzehin we ejizligimize durus…
Hekaýada “Erkinlik” düşünjäniň türkmenler üçin manysy nähili suratlandyrylýar?
Hekaýa görä, erkinlik – bu başga milletiň hökümdaryna boýun egmezlik we öz mukaddes topragyňy başgalar bilen paýlaşmazlyk.
Watana bolan duýgy maşgalada, çaga terbiýesinde nähili orun tapýar?
Meni geň galdyran zat, Taganyň ejesinde watan hakynda çuň düşünje ýa duýgy bolmasa-da, ol bu “mukaddeslik” üçin janyndan geçmäge, çagalaryny ýetim goýmaga razy bolýar. Aslynda onuň öz şahsy pikir-düşünjeleri näbelli. Ol Tagan näme üçin söweşýändiklerini soranda, serdaryň aýdan sözlerini gaýtalap jogap berýär we çagasyna ondan artykmaç hiç zat düşündirmeýär. Şu zatlardan çen tutup aýtsam, hekaýada ulular üçin Watan jandan we hatda çagadan hem öňde durýan bir zat. Emma çagalaryň aňynda welin, Watan düşünjesi heniz doly oturmadyk – çagalar, dünýäniň ähli ýerinde bolşy ýaly, süýji janlaryny goramak, ýakyn hossarlarynyň ýanynda bolmak we asuda durmuşda ýaşamak isleýärler.
Duşman galany böwsüp girende ilat janlaryny halas etmek üçin galanyň demirgazyk derwezesine tarap okdurylýarlar. Yzanda-çuwanlyk başlanýar. Ejeleri wepat bolan Tagan we onuň jigisi hem gaçyp sypmak üçin ylgap barýan adamlara goşulýarlar, ýetim galan bu çagalara bir aýal kömege ýetişýär. Olary galanyň çetinde duran bir tamdyra salyp gizleýär we rus soldatlarynyň okundan halas edýär. Şu epizod nämäni suratlandyrýar?
Çagalara kömek eden aýalyň hem öz çagasyny ýa çagalaryny ýitiren bolmagy we kösenýän çagalary görüp, ýüreginiň dözmedik bolmagy mümkin. Şeýle-de, bu pursat ynsanyň iň gymmatly aýratynlygyny – kyn günde birek-birege kömek etmek häsiýetini açyp görkezýär. Şu häsiýetimiz bolmasady, biziňem meger haýwanlardan tapawudymyz bolmazdy. Bu maňa meşhur bir antropologyň aýdanlaryny ýatladýar: “ziwilizasiýanyň ilkinji alamaty döwlüp biten aýak süňküdir. Haýwanlar şalygynda aýagy döwlen haýwan ölýär, sebäbi ol howp-hatardan gaçyp gutulyp bilmeýär, aw awlap bilmeýär ýa-da diri galyp bilmeýär. Emma biten aýak süňki ýaralanan adam aýaga galýança birleriniň onuň aladasyny edendiginiň alamatydyr.” – Margaret Mead
Okyjylardan gelýän hatlar uýtgedilmän çap edilýär. Redaksiýanyň pikirleri makalada beýan edilýän pikirlere gabat gelmän biler. Progres Fondy köpdürli pikir-garaýyşlaryň beýan edilmegine giňişlik döredýär.
Ulanylan surat:
Näbelli hudoznik,
Gökdepe galasynyň
synmagy