Awtor: Hudaýberdi Hally, ýazyjy, 1947-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda doguldy. Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlady. Dürli neşir gulluklarynda işledi. “Akym ugruna”, “Beýik namys”, “Asyryň ahyrky güni”, “Geçmejek günler” ýaly onlarça kitabyň awtory.
Hekaýa awtoryň rugsady bilen çap edilýär.
Eý, Huda-ýa, toba kyldym, bu ne apatdan nyşan,
El-aman, heý, el-aman, sakla belalardan aman,
Arşy-kürsi, lowh-galam, asman-zemin eýlär pygan,
Bu musulman nalyşyga ýer ýüzün aldy duman,
Arasat gopdy bu gün, mühminlere ahyrzaman.
Misgingylyç.
Геок-Тепе взят, текинцы разбиты и хотя еще вполне не усмирены,
но наша победа несомненна.
(“Gökdepe alyndy, tekeler derbi-dagyn edildi,
entek ählisi boýun egmedigem bolsa, biziň ýeňşimiz şübhesizdir.”)
Ф. М. Достоевский, rus ýazyjysy
Köpetdagyň guzaýyndaky ilatyň esasy berkitmesi bolan Gökdepe galasynyň goragy soňky günlerde gazaply ýagdaýa geçdi. Rus goşuny galany berk gabawa alyp, içde galan milleti uly dünýäden bölüpdi, gündiziň ýagtylygynda gala girmegem, galadan çykmagam mümkin däldi. Galadaky mergenler hem gujurly ýigitler topar-topar bolup, ýowuz duşmana garşy söweşe girýärdiler, edenli aýallar olara kömek berýärmiş diýen gürrüňem bardy. Galanyň içinde rahatlyk ýokdy, häli onda, häli munda ýokardan düşen top oklary ýarylýardy, okuň düşen ýerinde kyýamat gopup, şol ýer garalyp durdy. Adamlaryň depesinden otly gurşun şuwlaýardy, rehimsiz ajal görnüp gelýärdi, çawýan okdan ölýänem az däldi. Çagalary galanyň ortasyna goýbermezlige çalyşýardylar, ýöne olary ok çöplemäge, gurşun böleklerini toplamaga iberýärdiler. Ölmän ýörenleriňem ajaly örän golaýda bolansoň, öli bilen diriniň parhy azalyp, murda zindä çaknyşýardy.
Gala giňdi, ol bir uly şowhun-şagalaňly şäher bolmaly ýerdi, ýöne içinde entek daş tamy ýa köşgi bolmansoň, başly-barat saraýa meňzeýärdi, irkiräk gelenler, belki-de, aslynda şu ýerde oturymly bolanlar gara öýlerde ýaşaýardylar, beýleki köplük dölede mydar edýärdi. Dar işik goýup, dörtburç edilip gazylan döläniň üsti arça agajy hem ýylgyn bilen basyrylandy, üstünden top oky düşäýmese, ol dölelere kär edip biljek zat ýokdy. Iki ogly bilen bu gala soňrak gelen dul aýala tüm gazyp berdiler. Bularyň ýany bilen getiren el goşy, düşekçeleri hem üç kişi şol tümde gijesini geçirýärdiler. Döle tüme garanda, giňişlikdi hem aşagyňa düşek ýazynyp, ine-gana gyşarmaga mümkinçilik boljakdy, olaryň güzeranyna Taganyň gözi gidýärdi.
Ulanylan surat:
1880-81-nji ýylarda ruslaryň
Gökdepe galasyna eden
hüjümini şekillendirýän surat,
Nikolaý Karazin