Progres Fondy ýazyjy Hudaýberdi Halla sorag bilen ýüzlendi. Hudaýberdi Hally, ýazyjy, 1947-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda doguldy. Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlady. Dürli neşir gulluklarynda işledi. “Akym ugruna”, “Beýik namys”, “Asyryň ahyrky güni”, “Geçmejek günler” ýaly onlarça kitabyň awtory.
Sorag: Men öz türkmen dilimi kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň taryhyna has gowy düşünmek üçin haýsy kitaplary okamaly? Bu ugurda iň esasy, iň täsirlisi we okyja dil taýdan ýakyn, düşnükli edebiýat haýsylar?
Hudaýberdi Hally: Adamyň islegi-meýli barada jedelleşmek bolmaýar diýilýär. Ol dogry, ýöne teklip etmek mümkin.
1. Owaly Türkmen Halky Nakyllaryny okamagy maslahat berýän. Nakyllar çeper sözüň enesi hem atasy. Bu ähli halklarda, ähli medeniýetde iň beýik edebiýat saýylýar. Onda örän çeper dil, gysgalyk gözelligi hem çuň many-mazmun bar. “Türkmen halk nakyllary” dolurak görnüşde 2005-nji ýylda çap edildi. Siz ol kitapdaky ençeme nakyly ýaşlykdan eşidip gelýänsiňiz, şeýle-de bolsa, okasaňyz ruhuňyz täzelener, ýatdan çykanlary ýatlarsyňyz we bilmeýänleriňizi öwrenersiňiz.
Nakyllar ýa-da atalar sözi – bu käbir halklarda aýratyn bellense-de, bizde umumy hem garyşyk gelýär, ol halk durmuşynyň iň möhüm ugurlaryny, zerur meseleleri öz içine alýar. Nakyllar halkyň janly ruhy hem gudratly dili. Bu dil asyrlar boýy kämilleşipdir. Meselem, 11-nji asyrda ýaşap geçen Mahmyt Kaşgarynyň türki dili baradaky sözlüginde “Korkmyş kişige koý başy koş körünür” diýen nakyl bar. Indi ol “Gorkana goşa görner” şekilinde; alty sözden deň ýarysy gysgalyp, üç söze gelipdir hem many taýdan giňäpdir. Siz başga milletlerde bar bolan nakyllary-da türkmenlerde görersiňiz. Adamzat medeniýetiniň aslynyň birdigine, nähili umumylyklaryň bardygyna göz ýetirersiňiz.
2. Nurmuhammet Andalyp, “Oguznama” poema. Bu eser «Nurmuhammet Andalyp» ady bilen 1990-njy ýylda “Türkmenistan” neşirýaty tarapyndan çap edilen ýygyndyda bar. Kitaba alym Ahmet Bekmyradow giň göwrümli sözbaşy ýazypdyr.
Mesnewi usulynda ýazylan poemanyň dili ýeňil, okamak aňsat, ýer-ýurt atlary, takmynan, häzirki görnüşinde berilýär. Eserde Adam Ata hem Howa Mamadan başlap, Garahan ogly Oguzhana çenli gysgajyk taryh bar. Soňra Oguz hanyň kemala gelşi, onuň edermenligi, gazanan ýeňişleri barada maglumat berilýär. Çingiz hanyň ýörişi, onuň bilen uruşmakdan gaçyp, ilini gyrgyna beren Horezm patyşasy barada bölüm bar we Çingiz hanyň soňky ýörişleri beýan edilýär. Oguz hanyň soltanlyk eden giň topragy, onuň ogullary hem öz nesline sargytlary beýan edilýär.
Poemada “Tamgalar hakynda halaýyknyň aýtgany” ady bilen aýratyn bölüm bolup, onda türki medeniýetiň tamgalarynyň, ýagny öz ýazuw hatynyň bolandygy, onuň hyzmaty barada gowy maglumat bar. Ol medeniýet, ýagny ol hat arap ýazuwynyň gelmegi hem milletiň yslam dinini kabul etmegi bilen unudylypdyr. Şol tamgadan käbir element häzir tagma görnüşinde mallaryň gulagyna basylýar, tamdyrlaryň ýüzüne şekil edilýär.
Eser Oguzhanyň ogullaryna pent-nesihaty hem-de ýiten oguz hatyna mersiýe – matam bilen tamamlanýar. Oňa goşmaça Şeýdaýynyň “Türkmeniň ahwaly”, “Gözel ýigrim bäş”, “Saýran tillerim” ýaly goşgularyny okap bilersiňiz.
3. “Türkmenistan SSR-niň taryhy”. Ol iki tomdan ybarat, ýöne başky tom göwrüm taýdan gaty uly bolansoň, iki kitaba bölünýär. Şonuň 1-nji tomuny, ýagny 1-nji hem 2-nji kitaplary okamagy zerur saýýaryn. Ol 1959-njy ýylda çap boldy. Kitabyň rusça asyl nusgasy hem bar. Ol Türkmenistanyň çägindäki iň irki adamzat durmuşynyň başlangyjy bolan Damdam çeşmeden tapylan galyndylardan, tä Oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwri öz içine alýar. Soňky döwürde Türkmenistanyň taryhy barada ençeme kitap çap edildi, ýöne bu esas hem ilkinji möhüm çeşme bolup durýar. Ol ýerde goşmaça maglumat aljaklar üçin, sansyz köp çykgytlar we edebiýatlar görkezilýär. Ylmy kitap bolmagyna garamazdan, dili ýeňil hem düşnükli, ony okamak aňsat.
4. Seýitmyrat Öwezbaýew, “Gönübek”. Ol rus hem türkmen dilinde bar. Kitap Gökdepe söweşini göreniň gürrüňi esasynda ýazylypdyr. Bu ýerde beýik sazanda, Gökdepe söweşine gatnaşan, ol gahrymançylyk barada mukam döreden hem şol söweşde wepat bolan Amangeldi Gönübek we beýleki türkmen serdarlary hakda gymmatly maglumat bar. Beýik Watançylygy S. Öwezbaýew örän sowatly hem hakykaty aýdyp bilýändigi üçin, 30-njy ýyllaryň başlarynda, entek Uly terror başlanmazdan öň bolşewik-kommunistler tarapyndan repressiýa edildi we dereksiz ýoklandy.
5. Berdi Kerbabaýew, “Aýgytly ädim” romany. Roman üç kitapdan ybarat, ol birnäçe gezek çapdan çykdy we dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Soňky gezek 1971-nji ýylda B. Kerbabaýewiň eser toplumynyň 6 tomlugy çap bolanda, şonuň 1-nji tomuna girizildi. Romanyň aýratyn 1-nji kitaby gymmatly. Birinji kitap Tejen – Ahal sebitinde 1916 – 1917-nji ýyllar aralygyndaky wakalary öz içine alýar. Ol ýerde, hususan, 1916-njy ýylyň açlygy, patyşa Russiýasynyň ýerli ilaty 1-nji Jahan urşuna mejbury alyp gitmegi, şeýle hem Eziz han ýaly käbir taryhy şahslar barada maglumat bar. Eseriň dili aşa çeper, proza eserleriniň arasynda, onuň çeperçiligine taý geljek eser seýrek. Bu ykrar edilen kämil edebi ýadygärlik. Ene dilini öwrenmek hem özleşdirmek üçin möhüm çeşme. Ol Internetde bar.
6. Nurmyrat Saryhanow, “Kitap” hekaýa. Bu gysga, ýöne örän çeper eserde, bir sada türkmeniň kitaba bolan söýgüsi görkezilýär. Düýesi bilen argyşa giden ýigit bir gije kitap diňläp, çeper söze, ondaky akyl-paýhasa aşyk bolup, bu baýlygy, ýagny golýazma kitaby satmagy haýyş edýär. Kitap eýesi munuň bahasynyň bir düýä deňdigini aýdýar. Ol ýigit hiç ýaýdanmazdan, düýesini berip, kitaby satyn alýar. Göräýmäge bir garyp ynsan üçin, ol aşa gymmat söwda, aslynda bolsa şol baha degýär. Bilim almagyň, ruhy dünýäňi özgertmegiň belli bahasy ýok. Hekaýanyň dowamynda ol ýigidiň bilim almak, ýazylany okap-öwrenmek üçin, nähili köp alada edýändigi aýdylýar. Okap öwrenmek, bilim almak köne zamanda-da, häzirki döwürde-de asla ýeňil däl we ol belli derejede harjy talap edýär. Bu beýik eser Internet sahypasynda elýeterli.
7. Kerim Gurbannepesow, “Aýal bagşy”, “Gumdan tapylan ýürek”, “Ýaşlyk dramasy” hem “Ýazmasy agyr düşen goşgy”. Kerim Gurbannepesowdan birnäçe eser görkezilmeginiň sebäbi, ol poeziýanyň kiçi – gysga žanrynda-da, iri göwrümli sýužetli eserleri döretmekde-de ussatlyk derejesine ýetdi. “Aýal bagşy” poemasy 19-njy asyrda ýaşap geçen hem-de Kör Gojaly ýaly ussat bilen bäsleşen aýal bagşy barada gürrüň berýär. “Gumdan tapylan ýürekde” uruşdan soňky ýeke galan aýal hem onuň synmaz wepadarlygy wasp edilýär. “Ýaşlyk dramasy” ynsanyň ilkinji hem iň päkize söýgüsi barada. Soňky eser bolsa eneleriň hem ogullaryň arasyndaky ahlak, has takygy wyždan borjy hakda. K. Gurbannepesow halk diline eýe, onuň ýeten çeperçilik derejesi diýseň kämil. Onuň poeziýasy durşuna owazly rifmalardan – sazlaşykdan düzülen, aşa akgynly hem söze çeper. Şahyryň eserleriniň aglaba köpüsi Internetde bar. “Aýal bagşy” poemasy bolsa soňky gezek 1987-nji ýylda “Ýedi ýaprak” ýygyndysynda çap boldy.
8. Allaberdi Haýydow, “Million ädim”. Bu roman 1989-njy ýylda çap boldy. Ýazyjynyň eserinde bir daýhan ýigit zähmet rugsadyna çykyp, düýesini hem itini ýanyna alyp, Köneürgençden Aşgabada pyýadalap gaýdýar. Bu aralyk ýazyjynyň çaklamasyna görä, million ädim hasaplanýar, şondan hem esere bu at berlipdir. Ol ýolagçy tebigata syn edýär, çöldäki jandarlaryň häsiýeti barada gürrüň gidýär. Şeýle hem oňa ýoldaş bolýan düýäniň çydamlylygy, ganjyk itiň duýgurlygy beýan edilýär. Bu eser ýurduň iň bolmanda bir gysga çägine syýahat, onuň tebigaty bilen tanyşmak üçin çeper gollanma.
9. Kaýum Taňrygulyýew, Aky Baýmyradow, Hemra Şirow, Azat Rahmanow. Bu ýerde köp awtor görkezilmeginiň sebäbi çagalar edebiýatynda saýlanan kitap – aýratyn ýygyndy bolmady, olar ownuk kitapçalarda çap edildi. Şoňa görä has kiçi ýaşdakylar üçin K. Taňrygulyýewiň “Altyn aşyk”, “Ülje sowgady” kitaplary maslahat berilýär. A. Baýmyradowyň “Ussahanada” poemasy örän çeper, onda ýaşlara agaç ussaçylygy hünäri ündelýär. Poemada teşe, palta, byçgy, rende ýaly iş gurallarynyň hyzmaty çeper beýan edilýär. H. Şirowyň hem A. Rahmanowyň goşgulary çagalaryň ruhy dünýäsine aralaşýar.
10 .Gurbannazar Ezizowyň poeziýasy. Bu şahyrda täze poeziýa bar. Onuň sözi-de, goşgularynda beýan edýän pikiri-de, ulanýan çeperçilik tärleri-de täze. Ol özünden öňki şahyrlaryň hiç birine meňzemeýän we pikire baý bolan täze poeziýany döretdi. Şonuň bilen birlikde, beýik nusgawy edebiýatyň däplerini dowam etdirdi. Onuň eserlerinde söýgä – gözellige bolan tagzym, ömrüň çalt geçýändigi baradaky gussa hem arman bar. Onda Magtymgulynyň paýhasyna eýerýän eserlerem az däl. Şahyryň lirikasy Internetde elýeterli. Şahyryň:
Säher turup syl ýüzüňe çagany,
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol –
diýen setirlerden başlanýan atsyz goşgusy şeýle jemleýär.
Şoň üçinem syl ýüzüňe dünýäni,
Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et,
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.
11. Annasoltan Kekilowa. “Ömürzaýa ýyldyzym”, goşgular toplumy. Annasoltanyň goşgusyna döredilen “Oýlan oglan”, “Gözledim seni” ýaly aýdymlary eşidensiňiz. Annasoltanyň özboluşly poeziýasy bar. Ol kommunistler döwründe ýaşasa-da, Leninsiz hem kompartiýasyz goşgulary döretdi, partiýany, komsomoly ýa-da Gyzyl Oktýabry wasp etmedi. Annasoltan Kekilowa aýallar azatlygy barada nähili ikiýüzli syýasatyň barýandygyny paş etdi. Dil ýüzünde aýdylýan mahabatly şygarlarda, aýal-gyzlaryň erkindigi wasp edilýär, hakykatda bolsa olary gyrnak ornunda görýärler diýip, şahyr dogry sözüni aýtdy.
Biz gyrnak,
Bilýäris gyrnaklygymyzy.
Ol bu möhüm hem entek doly çözülmedik mesele barada öz döwürdeşlerine ýüzlendi.
Gan algysy barmy, asyrlaň bizden,
Biz şuny soraýas ogullarymyzdan.
Hak sözi üçin, ony “akyly üýtgän” diýip, dälihana saldylar hem tä ölýänçä ol ýerden çykarmadylar. Şahyr soňky demine çenli hakykaty aýtmagy başardy hem ynsanlyk mertebesini hiç bir şertde peseltmedi. Onuň goşgularynda ynsanyň erkinlige bolan synmaz ruhy bar. “Ömürzaýa ýyldyzym” kitaby şahyryň soňky hem dolurak çykan ýygyndysy. “Ajaýyp aýdymlar juwandyr mydam” diýşi ýaly, şahyryň sözi, öňe sürýän pikirleri häzir hem aktual.