ÝUNISEF-iň “Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça ynsanperwerlik hasabaty No. 2 (ýylyň ahyry): 2022-nji ýylyň 31-nji dekabry” atly hasabatyna görä, 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa COVID we beýleki daşky gurşaw faktorlarynyň täsirlerine sezewar bolmagyny dowam etdi.
Esasy netijeler:
- 2022-nji ýylda, Ýewropada we Merkezi Aziýada 15.8 million tassyklanan COVID-19 hadysasy we ondan ölenleriň sany 75.351 bolup, iýul-awgust we dekabr aýlarynda birneme artyş görkezdi. Ýöne, Türkmenistan tassyklanan COVID-19 hadysalary we ölümçiligi barada habar bermedi.
- 2022-nji ýylda suw joşmalary, palçyk akymlary we raýat tolgunyşyklary ýaly betbagtçylyklar Merkezi Aziýada 750.000-den gowrak adama täsir etdi.
- Şeýle hem, Merkezi Aziýa ykdysadyýetiň ýaramazlaşmagy, syýasy dartgynlygyň ýitileşmegi we geostrategiki öwrülişigi başdan geçirdi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky “WASH” (suw, sanitariýa we gigiýena) jogap beriş çäresi
- ÝUNISEF tebigy betbagtçylyklara jogap beriş hökmünde Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy gowulandyrmak üçin Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen “ammar şertnamasyny” baglaşdy we 1500 çaga üçin okuw we çaganyň irki ösüşi (IÇÖ) materiallary bilen üpjün etdi.
- ÝUNISEF meýilnamany has elýeterlileşdirmek maksady bilen çagalar üçin esasy borçnamalary rus diline terjime etdi we ony Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlara paýlap, 80 gatnaşyja (hökümete, hökümete dahylsyz guramalar we ÝUNISEF-iň ýurt boýunça edaralarynyň işgärlerine) ugrukdyrmalary üpjün etdi.
- ÝUNISEF Bosniýa we Gersegowinadaky, Gazagystandaky, Kosowadaky, Moldowadaky we Türkmenistandaky 449.244 çaga gyzamyk waksinasyny berdi.
- Türkmenistanda 215 mekdebe “WASH” şertlerini özbaşdak bahalandyrmak boýunça (el ýuwulýan materiallaryň we el ýuwulýan ýerleriň bolmagy) ýardam etdi. Haýsy mekdeplerdigi belli däl.
- ÝUNISEF Ermenistanda, Azerbaýjanda, Bosniýa we Gersegowinada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Demirgazyk Makedoniýada, Serbiýada, Täjigistanda we Türkmenistanda 864.462 sany çaga Akyl saglygy we Psihososial (ASPSH) goldawy, şol sanda gyzgyn liniýa hyzmatlaryny berdi.
- Türkmenistanda sosial iş, ugrukdyryş amallary hem-de maşgalalarda we internatlarda çagalara zulum edilmegini ýüze çykarmak boýunça 30 hünärmen taýýarlandy.
- Ermenistanda, Moldowada, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda 54403 mekdep infeksiýa, öňüni alyş we gözegçilik protokollaryny durmuşa geçirmek üçin goldaw aldy.