2018-nji ýylyň fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hysmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Metbugat azatlygy boýunça wekiliň edarasy 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilen “Türkmenistanyň telewideniýe we radiogepleşikler hakyndaky kanunyna” hukuk synyny çap etdi.
Hukuk syny Russiýada ýerleşýän Ýokary Ykdysadyýet Mekdebiniň Media fakultetiniň dosenti Elena Şerstoboewa tarapyndan taýýarlandy. Ekspert bu kanunyň Türkmenistanyň media azatlygy babatda birnäçe borçnamasyna eýerýändigini, emma media erkinliginiň halkara ülňülerine laýyk gelmegi üçin kanunyň käbir bölekleriniň goşmaça kämilleşdirilmeginiň we aýdyňlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belleýär. Kanunyň rejelenmeli bölekleri ygtyýarnama beriji guramanyň we jemgyýetçilik teleradioguramalarynyň garaşsyzlygyny öz içine alýar. Syn diňe rus dilinde elýeterli.
Syn berilýän kanunçylyk bilen bagly esasy maslahatlar aşakda berilýär. Bu maslahatlar Türkmenistanda söz we maglumat azatlygyny halkara standartlaryna laýyk getirmäge ýardam eder:
- Türkmenistanyň konstitusiýasyna we söz azatlygy boýunça halkara standartlaryna laýyk gelmegi üçin teleradiogepleşikler babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleriniň sanawyny takyk anyklamak möhüm. Bu ýörelgeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk mehanizmleri işläp düzüň.
- Internet teleradioýaýradyş, IP teleradioýaýradyş we Internetdäki audiowizual kontent babatda kanunyň hereket gerimini anyklamak wajyp.
- Daşary ýurt teleradioguramalaryny hasaba goýmagy, hasaba alynmagy we şol sanda daşary ýurt kanallarynyň we programmalarynyň gaýtadan ýaýlyma beriş babatda aýratyn çäklendirmeleri aýyrmak maslahat berilýär.
- Teleradiogepleşikler gurşawynyň aýratynlyklaryny we söz azatlygy hukugynyň ähmiýetini göz öňünde tutup, Kanuna kepillikler we ygtyýarnama mehanizmini ornaşdyryň. Ygtyýarnama almak üçin anyk we plýuralistik kepillikleri, proseduralary, kriteriýalary aç-açan kesgitlemek möhümdir. Ygtyýarnama beriji edaranyň garaşsyzlygyny üpjün etmek, onuň ilata we mejlise hasabat bermegini kepillendirmek maslahat berilýär.
- Teleradiogepleşikler üçin tehniki serişdeleri we enjamlary sertifikatlaşdyrmak, köpçülikleýin kabul ediş ulgamlarynyň ekspluatasiýalary, şeýle hem hususy teleradioguramalaryň bellige alynmagy bilen bagly aşa býurokratik çäklendirmeleri ýatyrmak maslahat berilýär.
- Moral we ahlak kadalaryny Türkmenistanyň konstitusiýasyna, Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri baradaky hereket edýän kanunçylyga we söz azatlygy boýunça halkara standartlaryna has anyk laýyk gelmegi üçin takyklaşdyrmak maslahat berilýär.
- Çagalary olaryň saglygyna we ösüşine zyýan berýän maglumatlardan goramak üçin çagalary maglumatlardan goramak, köpçülikleýin ýaýlym we sanlylaşdyrmak hakynda aýratyn kanunlary kabul etmek mümkinçiligini göz öňünde tutmak zerurdyr.
- Halkara standartlaryna laýyklykda teleradiogepleşikleri kadalaşdyrýan garaşsyz guramalaryň täsirli ulgamyny döretmek maslahat berilýär.
- Köpçülikleýin ýaýlymyň esasy ýörelgelerini, şeýle hem olaryň garaşsyzlygyny, döredilmegini we durnukly işlemegini güýçlendirmek wajypdyr.
- Teleradiogepleşikleriň we aragatnaşyk hyzmatlaryň, şol sanda Milli Operatoryň monopoliýasyna garşy anyk çäreleri görmek möhüm.
- Döwlet we şäher teleradiogepleşikler habar beriş serişdelerini özgertmek üçin anyk meýilnama işläp düzmek maslahat berilýär. Döwlet teleradioguramalaryna artykmaçlyklary berýän düzgünleri aýyrmak wajyp.
- Sanly ýaýlym teleradioýaýradyşa geçiş strategiýasyny, şol sanda hökmany teleradioýaýlymlarynyň sanawynyň döredilmegi baradaky düzgünleri gutarnykly işläp düzmek möhüm. Ähliumumy elýeterlilige bolan kepillikleriň, köpdürli mazmunyň üpjün edilmegi we ygtyýarnamalaryň berilmegine moratoriýany girizmek maslahat berilýär.
- Döwlet dilini we milli önümleri goldamak üçin netijeli çäreleri üpjün etmek we bu ugurda aşa çäklendirmeleri aýyrmak maslahat berilýär.
Çeşme: OSCE
Ulanylan suratyň çeşmesi