BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissary (UNHCR) Merkezi Aziýada alyp barýan işlerini belleýän 2024-nji ýylyň mart-maý aýlary boýunça Ýerine Ýetirilen Işleriň ýagdaýy atly hasabaty çap etdi. Hasabata görä, UNHCR-a 2024-nji ýylda Merkezi Aziýadaky bosgunlary, gaçybatalga gözleýänleri we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak üçin $10.03 million zerur. Türkmenistan Merkezi Aziýada Raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýagdaýy boýunça konwensiýalara goşulan ýeke-täk ýurt.
Garaşsyzlyk alany bäri, Türkmenistan 30,000 töweregi adama raýatlyk berdi we 6000-e golaý adama ýaşamak üçin rugsatnama berdi. Ýurt raýatsyzlyk bilen bagly Adam Hukuklary boýunça Ähliumumy Döwürleýin Synyň iki maslahatyny, şol sanda 99.33: “2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy ýok etmek boýunça Hereket Meýilnamasyny… netijeli durmuşa geçirmegi” goldady. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanda hiç bir ýurduň raýaty hasaplanmaýan 3,583 raýatsyz adam bar.
Grafika 1. Merkezi Aziýada Bosgunlar, Gaçybatalga Gözleýänler we Raýatsyz adamlar
2024-nji ýylda UNHCR raýatsyzlyk meselesini gozgamak üçin Türkmenistanda üç türgenleşik, bir okuw sapagy gurady we bir konferensiýa gatnaşdy. Muňa garamazdan, mysal hökmünde bellesek, Gazagystan bilen deňeşdirilende UNHCR-iň Türkmenistanda alyp barýan işleri juda az. UNHCR Gazagystanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň bähbitlerini/hukuklaryny goramak işleri bilen hem meşgullanýar. Meselem: 2024-nji ýylyň fewralynda UNHCR-iň hukuk goraýyş işinden soň Gazagystanyň Içeri işler ministrligi bosgun şahadatnamasynyň hakyky şahsyýet resminamasy hökmünde ulanylmagyny tassyklady we bosgunlary ilat resminamalaşdyrmasyna we hasaba alynyşyna goşdy.
Şeýle hem, UNHCR-iň Gazagystanda Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti, Gazagystanyň Adam Hukuklary boýunça Halkara Býurosy we Kanunlaryň ýerine ýetirilişi, Aýallaryň başlangyçlary üçin hukuk merkezi ýaly birnäçe hyzmatdaş guramasy bar. Bu hyzmatdaşlar bosgunlaryň we gaçybatalga gözleýänleriň ýagdaýyna baha bermek üçin degişli habarlylyk kampaniýalaryny, görkezilişleri we gözegçilik missiýalaryny guradylar. Mundan başga-da, Gazagystanda bosgunlar üçin ýokary bilim almak boýunça talyp haky maksatnamalary bar. Maý aýynda UNHCR websaýtynda gazak dili bölümini işe girizdi.