Progres.Online

Türkmenistanyň ýokary bilimdäki özgertmeleri

2017-nji ýylda, Kelly Lee Gaynor “Türkmen ýokary biliminiň özgertmeleri: häzirki wagtda täze uniwersitetdäki mümkinçilikler we kynçylyklar” atly makalasyny çap etdi. Makala 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlyk alanyndan bäri ýurduň ýokary biliminiň taryhyny we häzirki bilim ulgamynyň peýdaly we gowşak taraplaryny gözden geçirýär.

Taryh

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, Merkezi Aziýanyň beýleki respublikalary dürli halkara modelleri boýunça ýokary bilim ulgamlaryny özgertdiler. Ýöne, Türkmenistan muňa başgaça çemeleşdi.

1990-njy ýyllaryň ortalaryndan 2000-nji ýyllaryň ortalaryna çenli orta bilim 10 klasdan 9 klasa çenli azaldyldy. Mekdebi tamamlandan soň, uçurymlar ýokary okuw jaýlarynda bilimini dowam etdirip bilýärdiler.

2003-2007-nji ýyllarda, 5 ýyllyk sowet stilindäki hünärmen derejesi boýunça ýokary bilim almak üçin diňe 2 ýyl ýokary bilim (goşmaça iki ýyl iş tejribe) talap edildi. Şol wagtlarda, Gazagystanda we Gyrgyzystanda iki sany paralel ýokary bilim ulgamy bolup, döwletler sowet modelinden ýüz öwürdi we ony Bolonýa ulgamy bilen çalyşdy. Türkmenistan bolsa ýeke-täk ýokary bilim dereje hökmünde hünärmen derejesini berýärdi. Belli bir döwürde hünärmen derejesi ýurtdaky iň ýokary bilim derejesi boldy.

Saparmyrat Niýazow (1990-2006) duýdansyz öleninden soň, onuň prezident bolan döwründe ýokary bilim ýyllarynyň sanyny azaltmak syýasaty üýtgedildi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen Täze galkynyş zamanasy yglan edildi (2007-2012ý). Emma, bu syýasatyň we beýleki özgertmeleriň uzaga çeken netijeleri bar. Meselem: häzirki ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) mugallymlarynyň taýýarlygynyň (biliminiň) pesligi.

Mundan başga-da, 2004-nji ýylda daşary ýurt bilim derejeleriniň kabul edilmeýänligi yglan edildi. Ýokary bilim almak üçin daşary ýurda giden türkmenistanly ýaşlar diplomyny Türkmenistanda ulanyp bilmediler. Şeýle hem, Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň (GDA) beýleki agzalaryndan tapawutlylykda, Türkmenistan ýokary bilimi elýeterlileşdirip, ÝOJ-lary giňeltmedi. Bu 1990-njy ýyllardan bäri ýokary okuwa girýänleriň sanyny azaldyp, ýokary bilim elitalara elýeterli bolan artykmaçlyk boldy.

Türkmenistanda bilimiň esaslary

Bilim ulgamy esasan hem dil syýasaty arkaly döwlet gurmak we milli şahsyýetlilik döretmek maksatlaryna ýetmek üçin işlenilip düzüldi. ÝOJ-lara girmek üçin türkmen dilini bilmek berk talap edilýär. Bu rus dilinde gürleýänleriň sanynyň azalmagyna getirdi.

2000-nji ýyllaryň başlarynda, Türkmenbaşynyň ýazan iki tomlyk Ruhnama kitaby bilimiň ähli derejelerinde bilimiň esaslaryny düzdi hem-de okatmagyň we öwrenmegiň möhüm maksadyna öwrüldi. Bu daşary ýurtda okaýan talyplaryň Türkmenistanda işe ýerleşmegi üçin “zerur bilimi ýetersiz” diýip hasaplanmagynyň sebäbini düşündirýär.

Türkmenistan döwlet gurmak ýörelgesiniň şöhlelenmesi hökmünde orta we ýokary okuw mekdeplerine okuw formalary girizdi. Gyzlaryň okuw formasy milli türkmen köýnegi bolup, orta mekdeplerde ýaşyl, ÝOJ-larda bolsa gyzyl reňkli köýnek geýýärler. 

Şeýle hem, Türkmenistanyň esasy taýpalary bilen taýpa elitalarynyň ykdysady, syýasy güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklar hiç wagt deňagramly bolmandy. Ýurt garaşsyzlyk alany bäri, teke taýpasynyň elitasy prezidentden başlap iň ýokary wezipeleri eýeledi. Bu uniwersitetleriň gatlaklaryna, ýagny iş wezipelerine hem täsir edýär. Prezident rektorlary wezipä belleýär. Taýpa gatnaşyklary mugallymlary we ýolbaşçylary işe almakda, wezipesini ýokarlandyrmakda rol oýnaýar. Ýurtda hususy okuw jaýlary ýok we talyplaryň köpüsinden okuw tölegi alynmaýar.

Türkmenistanyň bilim ulgamy içerki işlerine we ileri tutýan ugurlaryna ähmiýet berse-de, globallaşmagyň käbir elementlerini öz içine alýar. 2013-nji ýylda, orta bilimiň 12 ýyla çenli ýokarlandyrylmagy bilen Türkmenistan GDA ýurtlaryndan öňe saýlandy. Bolonýa prosesinde institutlaşan günbataryň ýokary bilim derejesiniň gurluşy syýasy gepleşikleriň bir bölegine öwrülse-de, Türkmenistan Bolonýa şertnamasyna gol çekmedi.

Häzirki wagtda, Türkmenistanda 19 sany ÝOJ bar. Olaryň üçüsinden galany paýtagtda ýerleşip, ýurduň 5.3 million ilatynyň 800.000 – 1.000.000-ny Aşgabatda ýaşaýar. Türkmen döwlet uniwersiteti (TDU) Türkmenistanyň iň gadymy uniwersitetidir. Ol 1931-nji ýylda, mugallymçylyk instituty hökmünde döredilip, 1950-nji ýylda uniwersitete öwrüldi. TDU Sowet Türkmenistanyndaky ýeke-täk uniwersitetdi. Her ýyl 975 talyp kabul edýän bu uniwesitet ýurduň iň uly ýokary okuw jaýydyr. TDU uzak wagtlap Türkmenistanyň öňdebaryjy we abraýly uniwersiteti boldy. Emma, Türkmenbaşynyň prezidentlik eden döwründe, Ruhnama uniwersitetiň okatmakda, öwretmekde we akademiki gözlegleri geçirmekde agdyklyk edýän temasyna öwrüldi. Ruhnama TDU-nyň iň öňdebaryjy bölümidir.

Ýokary bilimiň gurluşy öňki SSSR-iň ýokary bilim gurluşyna esaslanýar. Ýöne, muny ýaş mugallymlaryň örän az sanlysy aňşyrýar. Post Sowet respublikalary bilen deňeşdirilende Türkmenistanda ÝOJ-lara juda az talyp kabul edilýär. 

Jemleme

Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik eden ýyllarynda ýokary bilim galkynyş döwrüni başdan geçirip, käbir özgertmeler amala aşyryldy. Sowet döwründäki sanlara deňeçer bolmasa-da, uniwersitetlere kabul edilýän talyplaryň sany artdyryldy.

Talyplar bilen professorlar arasyndaky ahlak derejesi ýokary, emma býurokratiýa esasy päsgelçilikdir. Ýene bir mesele: Talyplar, bilim prosesinde zerur hasaplanýan, ýöne köp halatlarda talyplaryň synpda akademiki sapaklar bilen meşgullanmaly ýa-da özbaşdak okamaly wagtlaryny dürli wakalara we köpçülikleýin çärelere biçak kän wagt sarp edýärler. Şol sebäpli, çäreler hakykatdan hem okuw meýilnamasynyň aýrylmaz bölegidir.

Fakultetler okuw işlerini we umuman ulgamy gowylandyrmak üçin tagallalar edýärler. Emma, býurokratiýa bilen iş salyşmak kyn. Möhüm sorag bolsa: “ Özgertmeler ýyllar boýy dowam edermi ýa etmezmi?” 

Çeşme

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: