Progres.Online

Türkmenistanyň türme ulgamynyň elhençlikleri aýan edildi

Türkmenistanyň türme ulgamy: Sputnik suratlary türkmen hökümetiniň gözkezmejek suratlaryny görkezýär” atly täze hasabat Akdaş we Owadandepe türmelerine ünsi jemleýär. Hasabatda bu türmeleriň ikisi-de beýleki tussaglaryň arasynda syýasy tussaglary we zorlukly ýitirim edilenleriň sanawynda duranlary saklaýandygy bellenilýär. Soňky ýyllarda, Akdaş we Owadandepe türmelerinde täze binalar gurulyp, türmeleriň giňeldilendigi äşgärdir.

Crude Accountability guramasy Glazgoda ýerleşýän älem tehnologiýasy startapy Omanos Analytics-iň maglumat analitikleri bilen hyzmatdaşlykda Akdaş we Owadandepe türmeleriniň sputnik maglumatlaryny we şol türmelerdäki ýowuz daraşmalaryň seýrek şaýatlarynyň görkezmelerini seljerdi. Şeýle hem, hasabat ýüze çykarylan netijeleriň Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly täsirlerine baha berýär.

Sputnik suratlary türmeleriň giňelýändigini we tussag saklama kuwwatynyň artýandygyny görkezýär. Türmelerde gynamalar, urup-ýençmeler, arassaçylygyň pesligi, iýmit ýetmezçiligi, lukmançylyk kömegini bermekden ýüz öwürmek ýaly rehimsiz we ýowuz şertler dowam etdirilýär. Bularyň ählisi BMG-nyň Tussaglara çemeleşmegiň minimum ülňülerini we Nelson Mandela düzgünlerini düýpli bozýar.

Öňki prezident Niýazowyň we onuň 20 ýyl mundan ozal ornaşdyran zabun režimi şu günki gün hem dowam edýär. Häzirki wagtda, Türkmenistanda zorlukly ýitirim etmeler, türmedäki zorluk, gynamalar we tussaglara zulum etmek dowam edýär. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoritarizm medeniýetini, şol sanda türme ulgamyny üýtgetmek üçin köp mümkinçilikleri bardy. Emma, G. Berdimuhamedow muny etmedi. Mälim boluşy ýaly, onuň ogly Serdar Berdimuhamedow kakasynyň we Niýazowyň zalymlygyny dowam etdirmegi makul bilýär.

Bu hasabat aç-açanlyga we jogapkärçilige tarap möhüm ädim ätse-de, Owadandepe we Akdaş türmeleriň häzirki ýagdaýy barada köp soraglar jogapsyz galýar. Olara jogap bermek üçin Türkmenistanyň hökümeti has aç-açan bolmaly, şol sanda türmelere halkara synçylaryň barmagyna rugsat bermeli, halkara jemgyýetçiligi türkmen hökümetini adam hukuklaryny gödek bozýanlygy üçin jogapkärçilige çekmek borjuny ýerine ýetirmeli.

Maslahatlar:

  • Türkmenistan zorlukly ýitrim etme tejribesini dessine we şertsiz bes etmeli, tussaglara lukmançylyk kömegini we kanuny wekilçiligi elýeterli etmeli, ýakynlaryndan ýollamalary almaga we görüşmäge mümkinçilik bermeli.
  • Türkmenistan haýal etmän halkara synçylara, şol sanda Halkara gyzyl haç we beýleki adam hukuklaryny goraýjy guramalara türmelere baryp görmäge rugsat bermeli. Synçylar toparlary BMG-nyň Zorlukly ýa-da mejbury ýitirim etme boýunça iş toparyny we BMG-nyň Esassyz tussag etmek boýunça iş toparyny öz içine almaly.
  • Halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň türme we polisiýa işgärlerine dünýä türmeleriniň iň gowy tejribelerini öwretmek üçin häzirki zaman, adam hukuklaryna esaslanýan sapaklary bermeli.
  • Gyzyklanma bildirýän ýurtlar we halkara guramalar türme şertleri, zorlukly ýitirim etmek, hukuk we lukmançylyk kömegini bermekden ýüz öwürmek meselelerini ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn forumlarda türkmen hökümetine berk halkara basyş etmeli.
  • Adam hukuklary guramalary we raýat jemgyýeti toparlary Türkmenistandaky türmeleriň şertlerine syn etmegini dowam etdirmeli.
  • Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagyna we türme ulgamyna jogapkärler eden hereketleri we jenaýatlary üçin halkara derejesinde jogapkärçilige çekilmeli.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: