Progres.Online

Türkmenistanyň seýsmologiki ýagdaýlary

Türkmenistanda, seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşensoň, ýer titremeleri köp bolýar. Sen olar barada nireden duýduryş we maglumat alýarsyň?

Türkmenistan seýsmiki taýdan aktiw zonasynyň 4-nji kategoriýasynda ýerleşýär. Bütindünýä Bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň taryhynda iň güýçli ýer titreme 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda bolup, 7.3 magnitudaly ýer sarsgynlarynyň döreden weýrançylygy zerarly 50,000- 100,000 adam wepat bolupdy. Ýer titreme 4 mlrd USD möçberinde maddy zyýan ýetiripdi. Türkmenistana uly täsirini ýetiren beýleki güýçli ýer titremeleri 1895, 1929 we 1946-njy ýyllarda ýüze çykypdy. Seýsmiki howplulyk Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan tassyklanyp, ýer gabygyna seýsmiki gözegçiligiň netijesinde her ýyl 6000-e golaý seýsmiki yranmalaryny bellige alýar.

Halkara hyzmatdaşlyklar

UNDP guramasy Türkmenistan bilen “Seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmak, bolup biljek ýer titremeleriniň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” atly 4.5 ýyllyk proýektine 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda başlapdy. Bu proýekt 2022-nji ýylyň iýun aýynda tamamlanar we proýektiň jemi çykdajysy 1,589,861 USD bolar. Proýektiň çäginde harçlanan serişdeleriň möçberi 2018-nji ýylda 43,194 USD, 2019-njy ýylda 239,325 USD, 2020-nji ýylda 484,150 USD we 2021-nji ýylda 113,703 USD boldy.

Proýekt 4 sany komponentden ybarat: betbagtçylyklar töwekgelçiligini öwrenmek; betbagtçylyk töwekgelçiligini dolandyryş ulgamlaryny pugtalandyrmak; betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak boýunça maýa goýumlaryny goýmak; tiz jogap bermek maksady bilen betbagtçylyklara taýýarlylygy ýokarlandyrmak, şeýle hem “öňküsinden has gowy” ýörelgesi esasynda gaýtadan dikeltmek, reabilitasiýa we durkuny täzelemek işleri.

Bu taslamanyň çäginde edilen işler:

  • 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Seýsmologiýa Instituty bilen binalaryň inženerlik derejesine degişli 2 hepdelik onlaýn okuwlary geçirildi. Okuwlar Germaniýanyň we Gyrgyzystanyň hünärmenleriň gatnaşmagynda alnyp baryldy;
  • Binalaryň seismiki inženerçilik gözleglerini geçirmek üçin “DiGOS Potsdam GmbH” atly nemes kompaniýasy tarapyndan öndürilen seýsmiki yranmalary ýazga almak üçin häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edildi.

Türkmenistan şeýle hem Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Gullugy bilen “Aşgabat şäheriniň we onuň töwereginde seýsmologiýa gözegçilik ulgamyny gowulandyrmak” atly taslamanyň üstünde işleýär. Proýekte 2017-nji ýylda gol çekildi we 3.5 ýyllap dowam eder. Emma bu taslamanyň anyk býujeti barada maglumat berilmeýär. Taslamanyň dowamynda ediljek işler:

  • Seýsmiki gözegçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, netijeliligini ýokarlandyrmak, Aşgabadyň çägindäki inženerçilik we geologiki töwekgelçilige baha bermäk we ýer titremesine garşy meýilnamalary düzmek;
  • Aşgabadyň töwereginde üç sany digital seýsmiki stansiýa we 10 sany enjam (beýik binalara hem içine girýär) gurulmagy meýilleşdirilýär;
  • Türkmen hünärmenleri Ýaponiýa döwletine seýsmologiki maglumatlary gaýtadan işlemegiň häzirki zaman usullaryny öwrenmek üçin okuwlara iberiler.

Institut şeýle hem Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Awstriýanyň we Belarussiýanyň seýsmologik institutlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyklary amala aşyrýar diýip jikme-jik maglumat bermän saýtynda belleýär.

Ýer titremeden öňki we soňky kartalar

2015-nji ýylda ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Allan Mustard aýaly Ann bilen Open Street Map atly programmada Aşgabadyň kartasyny döretmäge başlaýar. Mustard bular ýaly takyk kartalaryň Aşgabatda ýer titrän ýagdaýynda örän wajyp boljakdygyny aýdýar. Bu kartada köçeler, binalar, edaralaryň atlary we olaryň telefon nomerleri ýerleşdirilen. Bu kartany hat-da Türkmenistanyň Olimpiýa Komiteti 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda hem ulandy. Bu karta islendik adam meýletin şekilde Aşgabadyň we beýleki şäherleriň köçeleri we binalary barada maglumat goşup bilýär. Biz okyjylarymyzy bu karta we işlere goşant goşmaga çagyrýarys.

Ýer titremelerini öwrenmek

1984-nji ýylda döredilen IRIS (Seýsmologiýa üçin birleşdirilen gözleg institutlary) ABŞ daky 100 sany uniwersitetiň ylmy maglumatlaryny we seýsmologiki sanlaryny öz içine alýar. Bularyň maglumatlar bazasynda dünýäde bolup geçýän ýer yranmalaryň gündelik sanlaryny tapyp bolýar. Ol ýerdäki maglumatlara görä, 2020-nji ýyldan şu güne çenli Türkmenistanyň çäginde 10-dan gowrak ýertitreme ýüze çykypdyr we olaryň aglaba bölegi Balkan welaýatynda bolupdyr. Bu ýer titremeleriň ortaça derejesi 4-5.4 derejesinde bellige alnypdr. Türkmenistanda 2000-nji ýyldan şu güne çenli her ýyl ortaça näçe sany ýer yranma hadysalarynyň bolanlygy hakyndaky maglumatlary aşakdaky tablisadan öwrenip bilersiňiz.

ÝylMukdaryDerejesi
2000223.7-4.7
2001152.5-4.6
2002162.9-4.7
200343.3-4.6
2004133-4.5
2005142.9-4.1
2006153.4-5.3
2007133.1-4.8
2008143-4.5
2009123.1-5
2010103.2-4.9
2011292.5-4.7
2012402.9-4.1
2013403-4.4
2014432.5-5
2015143.2-4.6
201634.3-5.4
2017134.1-5.2
201824.9
201934.4-4.6
2020114.1-4.9
202124.7

Çeşme: IRIS

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: