Progres.Online

Türkmenistanyň hökümeti DÖM barada öňegidişligini hasabat berýär

Türkmenistanyň hökümeti ikinji Meýletin Milli Synynda (2023 ýyl) 17 sany Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) 11-sini durmuşa geçirmekde öňegidişligi barada hasabat berdi. Durnukly Ösüş boýunça 2030-njy ýyl üçin Gün tertibi agza döwletleri “milli we ýerli derejedäki ösüşe ýurtlaryň özleri tarapyndan alynyp barylýan we öz meýilleri esasynda yzygiderli we inklýuziw synlary geçirmäge” çagyrýar. Meýletin Milli Syn (MMS) meýletin we döwletiň özi tarapyndan taýýarlanylyp, Ykdysady we Sosial Geňeşiň (ECOSOC) howandarlygyndaky ýokary derejeli syýasy forum synlary üçin esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň hökümeti ýurduň MMS işlerini we ösüşini utgaşdyrmak üçin Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň garamagynda Iş toparyny döretdi. Maglumatlaryň esasy çeşmesi Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň DÖM maglumat bazasydyr.

Ýurduň 2019-njy we 2022-nji ýyllardaky Meýletin Milli Synlary (MMS)  belli bir DÖM-lere gönükdirildi. Ýöne, synlaryň ikisi-de DÖM-leriň ählisi barada hasabat bermedi. Mysal üçin: 2019-njy ýylyň syny 7 sany DÖM-e, 2022-nji ýylyň syny bolsa 11 sany DÖM-e ünsi jemledi. BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjy edarasynyň teklibi boýunça hökümet 2022-nji ýyldaky synyna DÖM 1 – “Garyplygy aradan aýyrmak” we DÖM 5 – “Gender deňligi” maksatlaryny goşdy. Türkmenistanyň hökümeti diňe ýurtda käbir öňegidişlik gazanan belli bir DÖM-lere ünsi jemleýäne meňzeýär.

Syna görä, Türkmenistanyň hökümeti durnukly ösüşde adamlara gönükdirilen, ýagny “adama we ýurduň her bir raýatynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ünsi jemleýän” çemeleşmeleriniň bardygyny nygtaýar. Hökümetiň beren maglumatlary Türkmenistanda her bir adamyň esasy sosial, ykdysady we syýasy hukuklaryndan peýdalanmaýandygyny we Türkmenistanyň hökümetiniň her bir raýatyň abadançylygyny üpjün etmek üçin entek ýerine ýetirmeli işleriniň kändigini görkezýär.

Türkmenistanda bilim, saglyk, durmuş we ykdysady ugurlar ýaly adamlaryň abadançylygy bilen bagly (göni ýa-da gytaklaýyn) synda berilen käbir maglumatlar:

  • Türkmen hojalyklary umumy çykdajylarynyň 52.9%-ini azyk önümlerine sarp edýärler.
  • Ýurduň ilatynyň ýarysyndan gowragynyň internete elýeterliligi ýok we mekdepleriň diňe 37.2%-i bilim maksatly internete girip bilýärler.
  • Soňky 55 ýylda Türkmenistanda howanyň ortaça temperaturasy 1.4°C ýokarlandy.  Soňky 100 ýylda bu görkezijiniň dünýä ortalamasy 0.8°C.
  • Türkmenistanyň Jemi Içerki Önüminde (JIÖ) göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy 2015-nji ýylda 9.2% bolanlygyndan 2021-nji ýylda 2.1%-e çenli azaldy.

Maýyplygy bolan raýatlaryň ýagdaýy:

  • 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynyň magumatyna görä 135.9 müň adam maýyplyk boýunça döwlet kömek pullaryny alýarlar.
  • Maýyplygy bolan adamlar bilen geçirilen sowalnama görä, maýyplygy bolan uly ýaşlylaryň 8%-i we çagalaryň 26%-i bilim almakda kynçylyklary başdan geçirdiler. Şeýle-de, ulularyň 6%-i we çagalaryň 8%-i jemgyýetden üzňeleşdirme bilen ýüzbe-ýüz boldylar.
  • Mekdepleriň diňe 0.9%-i maýyplygy bolan okuwçylar üçin infrastrukturasyny we materiallaryny uýgunlaşdyrdy.

Çagalaryň ýagdaýy:

  • Çagalaryň 7.1%-inde boýuň haýal ösüşi we 2.4%-inde boýuň ýiti haýal ösüşi bar.
  • Boýuň haýal ösüşi iň köp 18–23 aýlyk çagalarda duş gelýär (15.3%).
  • Oba ýerlerinde boýuň haýal ösüşi 7.9%, şäherlerde 5.8%.
  • Bäş ýaşa ýetmedik çagalaryň 4.1%-i iýmit ýetmezçiligi sebäpli bedeniň pes agramlylygyndan we çagalaryň 0.6%-i semizlikden ejir çekýärler.
  • 2-3-nji synpdaky çagalaryň okamak ukyplary 71.3%, sanamak/hasaplamak ukyplary 53.2% bolup, gyzlar bilen oglanlaryň arasynda düýpli tapawutlar bar.
  • Aşgabatda 3-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň 77%-i mekdebe çenli bilim programmalaryna gatnaşýar. Bu görkeziji beýleki şäherlerde 65% we obalarda 26%.

Surat 1. Türkmenistanyň welaýatlarynda boýuň haýal ösüşi, arryklama we aşa agramlylyk boýunça görkezijiler. Sanlar göterimde (%) görkezilen.

Çeşme: Türkmenistanyň 2023-nji ýyl boýunça Milli Meýletin Syny

Surat 2.  Türkmenistanda çagalaryň okamak we sanamak ukyplary. Sanlar göterimde (%) görkezilen.

Çeşme: Türkmenistanyň 2023-nji ýyl boýunça Milli Meýletin Syny

Aýallaryň we gyzlaryň ýagdaýy:

  • 1-14 ýaş aralygyndaky gyzlaryň diňe 31.4%-i ene-atalaryň zorluksyz terbiýeleýiş usullary arkaly ýetişdirildi.
  • 15-19 ýaş aralygyndaky her 1000 aýal başyna 22.9 çaga dogurumy düşýär.
  • Hünär mekdebiniň talyplarynyň 65.7%-ini we uniwersitet talyplarynyň 42.5%-ini gyzlar düzýär.
  • 20-24 ýaş aralygyndaky aýallaryň 0.2%-i 15 ýaşa, 6.1%-i bolsa 18 ýaşa ýetmänkä durmuşa çykdy.
  • Durmuşa çykan/gatnaşykda bolan 18-59 ýaş aralygyndaky aýallaryň 12%-i ömründe iň bolmanda bir gezek ýoldaşy tarapyndan fiziki we/ýa-da jynsy zorluga sezewar boldy. Olaryň 5.4%-i soňky 12 aýda bolup geçdi.
  • 15-49 ýaş aralygyndaky aýallaryň 42.2%-i jynsy gatnaşyklar, göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanmak we reproduktiw saglyk hyzmatlaryny almak barada özbaşdak karar berýärler.
  • Reproduktiw ýaşdaky aýallaryň 79.6%-i (15-49 ýaş) maşgalany meýilleşdirmek zerurlyklaryny häzirki zaman usullary arkaly kanagatlandyrýar.
  • Milli Mejlisiň 25.7%-ini, ýerli wekilçilikli gurluşyň (Halk Maslahaty) 21.7%-ini, dolandyryş wezipeleriniň 22.4%-ini, telekeçileriň 32.5%-ini we uly we orta kärhanalaryň işçileriniň 42.5%-ini aýallar düzýär.
  • Orta mekdep mugallymlarynyň üçden biri we mekdebe çenli edaralaryň mugallymlarynyň diňe 5%-den azy erkeklerdir.
  • Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin telekeçilere bölünip berilen ýerleriň bäşden biri telekeçi aýallara berildi.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: