2023-nji ýylyň 12-nji iýulynda, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri federasiýasy (IFRC) “IFRC-yň Türkmenistan boýunça 2023-nji ýyl üçin ýurt meýilnamasyny” çap etdi. Bu meýilnama Türkmenistanda klimat we daşky gurşaw, betbagtçylyklar we krizisler, saglyk we abadançylyk, gymmatlyklar, güýç we inklýuziwlik ugurlarynda 450.000 adama ýardam etmegi maksat edinýär. Türkmenistanyň maliýe talaby 7.1 million şweýsar franky (~8 million ABŞ dollary) bolup, bu guramanyň Merkezi Aziýa üçin fondynyň 32.42%-ini emele getirýär. Bu mukdaryň 3.2 million şwesar franky uzak möhletleýin zerurlyklar üçin ýurduň Milli Jemgyýetine bölünip berler.
Maliýe serişdeleri şu aşakdakylar üçin ulanylar:
- Wagtal-wagtal gaýtalanýan tebigy betbagtçylyklar meselesini çözmek üçin. Meselem: suw joşmalary, ýer titremeler, ýylylyk tolkunlar ýa-da gurakçylyk.
- Klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak çärelerini durmuşa geçirmek.
- Sosial ejizligi azaltmak. Türkmenistanda ejiz toparlara maýyplar, ýetimler, garrylar we aýallar degişli.
- Betbagtçylyga taýýarlygy we häzirligi güýçlendirmek.
- Meýletinçileri mobilizirlemek.
- Milli Jemgyýeti wideo maslahat enjamlary bilen enjamlaşdyrmak we ondan peýdalanýanlaryň maglumatlar bazasyny sanlylaşdyrmak arkaly sanly özgerişi goldamak. Hasabatda Türkmenistanyň ilatynyň diňe 21%-iniň internet ulanýandygy bellenilýär.
Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň Türkmenistandaky işi näme?
IFRC dünýäde iň uly ynsanperwer gurama bolup, 191 sany Milli Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetlerinden ybaratdyr. Türkmenistanda Milli Jemgyýet 1992-nji ýylda özbaşdak jemgyýetçilik gurama hökmünde döredildi. 2012-nji ýyldaky “Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti baradaky” kanunda kesgitlenilşine görä, bu gurama kömekçi guramadyr. Milli Jemgyýet iş ugurlaryny kesgitlemek üçin Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen utgaşykly iş alyp barýar. Guramanyň ýurt boýunça meýilnamasyna görä, Milli Jemgyýetde 172 adam işleýär. Jemgyýetiň 5 welaýatda, 6 şäherde we 40 etrapda 51 şahamçasy bolup, 5000 meýletinçini öz içine alýar. Gurama neşekeşlik, inçekesel we AIW/AIDS ýaly ýokanç keselleriň öňüni almak barada ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmaga üns berýär.
Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti 3 sany dürli çeşmeden girdeji alýar:
- Kanun boýunça salgytlardan boşadylýan 3 sany paýdar söwda we gurluşyk kompaniýalaryndan girdeji alýar. Olar girdejileriniň 30%-ini Milli Jemgyýete bagyşlaýarlar.
- Tölegli ilkinji kömek kurslaryndan girdeji gazanýar.
- Her agza üçin 15 türkmen manady ($9) mukdarynda agzalyk töleginden girdeji gazanýar.
2021-nji ýylyň maglumatlaryna görä, gurmanyň girdejileriniň iň uly bölegini şahsyýetleriň we korporasiýalaryň berýän kömek pullary emele getirýär (2-nji grafika serediň).
Grafika 1. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň 2021-nji ýyldaky girdeji çeşmeleri
Çeşme: IFRC Federation – Wide Databank and Reporting System.
IFRC-a görä, 2018-2021-nji ýyllarda Milli Jemgyýet çykdajylary bilen deňeşdirilende has köp girdeji gazandy.
Grafika 2. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň ýyllyk girdejileri we çykdajylary
Çeşme: IFRC Federation – Wide Databank and Reporting System.
Milli Jemgyýet girdejisini aşakdakylar üçin sarp edýär:
- Esasy zerurlyklary üpjün etmek üçin önümleri paýlaýar. Meselem: iýmit, arassaçylyk gurallary, egin-eşikler, maýyplar üçin kolýaskalar we öý goşlary.
- Jemgyýetçilik infrastrukturasy we bilimi bilen üpjün edýär. Mysal üçin: ýetimler we maýyp çagalar üçin oýun meýdançalaryny gurýar, mekdep okuwçylaryna okuw esbaplary we eşikleri berýär.
- Goldaw hyzmatlaryny üpjün edýär. Meselem: gartaşanlara psihososial goldaw berýär we pes girdejili maşgalalar üçin rak keseliniň bejergilerini maliýeleşdirýär.
Milli Jemgyýetiň berýän goldawlary:
- Klimatyň üýtgemegine garşy tagallalar. 2022-nji ýylda Milli Jemgyýet Suw hojalyk ministrligi, Bilim ministrligi we Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde klimatyň üýtgemegine çydamly 30 million agaç ekdi.
- Ynsanperwer kömek we Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk. Milli Jemgyýet betbagtçylykdan ejir çekenlere kömek etmek üçin paýtagtda we etraplarda 1000-e golaý adama niýetlenen zerur öý-hojalyk gurallary we çadyrlary, 5000 çaga üçin egin-eşikleri we Owganystandan gelip biljek potensial bosgunlar üçin 6 tonnadan gowrak azyk önümlerini ätiýaçlykda saklaýar.
- COVID-19 waksinasyny öňe sürmek. Milli Jemgyýet hökümet edaralary bilen hyzmatdaşlykda waksinany öňe sürüp, waksina bilen bagly meseleleri öýme-öý we waksina klinikalaryna aýlanmak arkaly çözdi. Netijede, bir milliondan gowrak adamy habardar etdi.
- Zähmet migrantlaryny gaýtadan integrirlemek. Türkmenistandan her ýyl ~20.000-25.000 adam işlemek üçin Türkiýä gidýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine görä, 2008-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli ~2 million adam daşary ýurtda ýaşamak ýa-da işlemek üçin ýurdy terk edipdir.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti barada näbelliler
Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti kagyz ýüzünde möhüm ynsanperwerlik işlerini alyp barýar we ejiz toparlara hyzmat edýär. Hakykatda bolsa, ilatyň dessin çözülmesi zerur bolan meseleleri bar. Bu meseleler Milli Jemgyýetiň Türkmenistanda ynsanperwer zerurlyklary çözmekde aç-açanlyk, jogapkärçilik we netijelilik bilen bagly kynçylyklarynyň bardygyny görkezýär.
- Aç-açanlygyň we jogapkärçiligiň bolmazlygy: Milli Jemgyýet barada türkmen ýa-da rus dilinde köpçülige elýeterli maglumat ýok. Guramanyň ‘https://www.tgymj.gov’ websaýty bolsa işlemeýär. 2013-2021-nji ýyllar üçin ýyllyk hasabatlar IFRC websaýtynda elýeterlidir. Şeýle-de bolsa, hasabatlar doly däl we Milli Jemgyýetiň ýyllyk girdejileri, çykdajylary, ösüşi ýa-da kemçilikleri barada hili ýokary maglumatlar ýetmezçilik edýär.
- Daşarky auditiň netijeleri näbelli: Milli Jemgyýet maliýe aç-açanlygyny ýokarlandyrmak üçin 2022-nji ýylda daşarky auditiň geçirilendigini bellese-de, auditiň netijeleri köpçülige aýan edilmedi.
- Milli Jemgyýetiň iş ugurlary we üns berýän toparlary boýunça degişli barlaglaryň we maglumatlaryň ýetmezçiligi: Milli Jemgyýet iň gowşak we töwekgelçilikdäki adamlary kesgitlemek üçin zerur bahalandyrmalary amala aşyrmaýar. Türkmen hökümeti ýurtda AIW/AIDS-iň ýaýramagyny boýun almaýandygy zerarly Milli Jemgyýetiň bu ugurdaky işini nähili alyp barýandygy nämälim.
- Dowamly sosial aragatnaşygyň we bilimiň bolmazlygy: Milli Jemgyýetiň jemgyýetçilik aragatnaşyklar kanaly ýa-da habardarlygy ýokarlandyrmak maksatnamalary ýok. Olaryň hyzmatlary, esasan hem sebit we ýerli şahamçalaryň hyzmatlary barada giňişleýin maglumat berilmelidir.
- Kömek puluny bermäge mejbur edilmegi: Käbir çeşmeleriň habar bermegine görä, 2017-nji we 2019-njy ýyllarda döwlet pudagynyň işgärleri, talyplar, daýhanlar we hususy telekeçilikler Milli Jemgyýete pul kömekleri bermäge mejbur edilipdir.
- Dolandyryş meseleleri: 2014-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli, Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň ýerine ýetiriji müdiri wezipesinde öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowa işledi. Döwletowa 2022-nji ýylyň aprelinde täze prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan işden boşadyldy. Aýyplamalar Gülnabat Döwletowanyň kanun tarapyndan goralýan Milli Jemgyýetiň zerurlyklaryny salgytsyz import etmek hukugyndan hyýanatçylykly peýdalanandygyny görkezýär. Döwletowanyň satmak üçin haryt import edendigi we öz girdejisini artdyrmak üçin hususy kärhanalary açandygy barada maglumatlar bar. Bu aýyplamalar barada ne hökümet ne-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti aç-açan çykyş etdi.
- Maglumatlaryň ýaşrylmagy: Hökümet tebigy betbagtçylyklar we COVID-19 ýaly epidemiologik hadysalar baradaky habarlary gizleýär. Milli Jemgyýetiň 2020-nji ýyldaky hasabatynda pandemiýany ýok etmek ugrundaky tagallalaryny beýan edýän iki sözlem ýazylypdyr. Bu gizlinlik Milli Jemgyýetiň zerur kömegi bermek ukybyny we netijeliligini ölçemegi kynlaşdyrýar.
- Kömege mätäçleriň zerurlyklaryny äsgermezlik etmek: Türkmenistanda her ýyl 70.000 töweregi adam suw joşmasyndan we 100.000-e golaý adam ýer titremesinden ejir çekip, 300-e golaý adam ölýär. 2020-nji ýylda Lebap we Mary welaýatlaryndaky ýüze çykan güýçli tupan agyr ýitgilere sebäp boldy. Hökümet we milli mediýa bu ýagdaýy boýun almadylar we habar bermediler. Betbagtçylygyň täsir eden adamlaryna ne hökümet ne-de Milli Jemgyýet ýardam berdi. Guramanyň 2020-nji ýyldaky hasabaty bu wakany hiç hili agzamaýar. Guramanyň betbagtçylyk barada dymmagy we ejir çeken ilatyň zerurlyklaryny ünsden düşürmegi Milli Jemgyýetiň roluna we şeýle krizisleri çözmek ukybyna şübhe döredýär.