Progres.Online

Türkmenistanlylaryň ýurduň iş we ykdysady mümkinçilikleri babatda umytsyzlygy

Merkezi Aziýa Barometri (MAB) – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sosial, ykdysady we syýasy ýagdaýy barada köpçülik bilen pikir soraşyklary geçirýän sebitleýin girdeji gazanmaýan guramadyr. Barometr ýylda iki gezek (ýaz we güýz tolkuny) we köplenç ýüzbe-ýüz söhbetdeşlik görnüşinde sowalnama geçirýär. Emma, COVID-19 çäklendirmeleri sebäpli 2020-2022-nji ýyllarda interwýular telefon arkaly geçirildi. Gurama jemi 12 sowalnama geçirdi we olaryň diňe altysynda Türkmenistan ýer aldy.

Türkmenistan boýunça sowalnamanyň netijeleri

Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda 2022-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda sowalnama geçirildi. Sowalnama dini şahsyýetlilik, Sowet geçmişi, içeri syýasat, halkara syýasaty, ykdysadyýet, daşky gurşaw meseleleri, klimatyň üýtgemegi, mediýa, jemgyýetçilik saglygy we Ukrainadaky uruş ýaly temalary öz içine alýar.

MAB Türkmenistanda 1621 adam bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Mysal üçin: MAB türkmenistanlylardan “Häzirki wagtda Türkmenistanda üstünlikli dowam edýän zat näme?” – diýen sorag barada açyk pikirleri sorady. Gatnaşanlaryň beren jogaplary:

  • 21%-i – Parahatçylyk we durnuklylyk;
  • 18-i – Infrastruktura we transport;
  • 7%-i – Türkmenistanda bahalaryň we saglygy goraýyşyň gowudygyna ynanýarlar;
  • Diňe 5%-i milli ykdysadyýetiň oňyn ýagdaýyny bellediler;
  • Gatnaşanlaryň bary-ýogy 2.8%-i iş orunlarynyň we diňe 1 gatnaşyjy energiýanyň ýurtda üstünliklidigini aýtdylar.

Grafikanyň mazmuny: Häzirki wagtda Türkmenistanda üstünlikli dowam edýän zat näme? Jogaplaryň mazmuny: Parahatçylyk/durnuklylyk, Infrastruktura/transport; Bahalar; Milli ykdysadyýet; Saglygy goraýyş/jemgyýetçilik saglygy

Merkezi Aziýa Barometri Sowalnamasynyň 11-nji tolkuny – Ýaz, 2022 Türkmenistan

Gatnaşanlaryň sany: ~1500, sene: Iýun 2022, usulyýet: telefon söhbetdeşligi

Çeşme: Merkezi Aziýa Barometri

Ýatlatsak, 2022-nji ýylyň sentýabrynda, MAB Merkezi Aziýada migrantlaryň hukuklary barada habarlylyk boýunça ýene bir sowalnama geçirdi. Oňa Türkmenistan hem goşuldy. Sowalnama gatnaşan türkmenistanlylaryň arasynda iň ýaýgyn jogap – “Bilemok”. Awtorlar bu jogabyň beýle ýokary paýy almagyny ýurduň syýasy dolandyryşy sebäpli gatnaşyjylaryň şahsy howpsuzlygy üçin seresaply jogap bermegi bilen düşündirýärler.

“Türkmenistanly zähmet migrantlaryna daşary ýurtlarda nähili çemeleşilýändigi barada nä derejede aladalanýarsyň?” – diýen soraga türkmenistanlylaryň jogaby:

  • ~40%-i “Bilemok”
  • 20%-i “hiç aladalanmaýaryn”
  • ~40%-i “örän” ýa-da “biraz aladalanýaryn”.

Çeşme: Merkezi Aziýa Barometri

Şeýle hem, türkmenistanly zähmet migrantlarynyň işlemäge iň köp gidýän ýurtlarynyň haýsylardygy soraldy. Gatnaşyjylar muňa aýdyň jogap bermediler. Ýagny, gatnaşanlaryň 30%-den gowragy “bilemok” diýip jogap berdi, ~60%-i bolsa Türkiýe, Russiýa we hiç bir ýurt diýip jogapladylar.

Çeşme: Merkezi Aziýa Barometri

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: