Merkezi Aziýa Barometri 2023-nji ýylyň maýynda, Türkiýede geçirilen prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýaly 1500 adamyň gatnaşmagynda sowalnama geçirdi. Barlag iki tapgyrda, ýagny 2022-nji ýylyň noýabr – dekabr we 2023-nji ýylyň maý – iýun aýlary aralygynda gurnaldy.
Barlag topary sowalnamany telefon arkaly geçirdiler we gatnaşyjylar bilen bagly soraglar soradylar. Sorag temalary:
- ABŞ, Russiýa, Hytaý, Eýran we Türkiýe barada umumy garaýyşlar;
- ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň we Türkiýäniň gatnaşyjynyň ýurduna bolan gatnaşygy barada pikirler;
- Gatnaşyjylaryň filmler, habarlar, sport we teleseriallar ýaly türk täzelikleri/güýmenje programmalaryna tomaşa edişi.
Biz Merkezi Aziýa Barometriniň geçiren sowalnamasy boýunça Türkmenistana degişli netijeleri gysgaça jemledik:
Türkmenistanly gatnaşyjylaryň beren jogabyna görä, Russiýa BIRINJI we Türkiýe IKINJI halanýan ýurtlardyr. Iň halanmaýan ýurtlar bolsa ABŞ we Eýran.
Çeşme: Merkezi Aziýa Barometri
Sowalnama jogap beren türkmenistanlylaryň aglabasy Russiýanyň (95%) we Türkiýäniň (92%) öz ýurduna dostlukly garaýandygyny bellediler. Emma, gatnaşyjylaryň 18%-i ABŞ-ny “duşmançylykly” ýa-da “iň duşmançylykly” ýurt hasaplaýarlar.
Çeşme: Merkezi Aziýa Barometri
Türkmenistanda Türkiýä bolan dostlukly garaýyşlary dürli faktorlar arkaly düşündirilip bolar. Olaryň biri-de filmler we teleseriallar ýaly mediýanyň ýetirýän täsiridir. Türk teleseriallarynyň dünýädäki üstünligine Türkiýäniň “ýumşak güýji” hökmünde garalýar.
Sowalnamada türkmenistanly gatnaşyjylardan Türkiýäniň mediýasyna tomaşa edýänligi ýa etmeýänligi bilen bagly birnäçe soraglar soraldy. Olar:
SORAG: TÜRKIÝÄNIŇ HABARLARYNA WE GÜÝMENJE PROGRAMMALARYNA TOMAŞA EDÝÄRMIŇ?
Gatnaşyjylaryň jogaplary:
- 53% – hawa seredýärin
- 46% – ýok seretmeýärin
Türkmenistanlylaryň arasynda habarlar we sport kän meşhur däl. Sowalnama gatnaşanlaryň diňe 47% -i türk habarlaryna, 27% -i türk sportlaryna tomaşa edýändiklerini aýtdylar.
Mundan başga-da, türkmenistanlylarda türk filmlerine we teleseriallaryna tomaşa etmek giň ýaýbaňlanandyr. Olaryň esasy tomaşaçylary bolsa aýallar.
SORAG: KÄWAGT BOLSA-DA TÜRK FILMLERINE TOMAŞA EDÝÄRMIŇ?
Gatnaşyjylaryň jogaplary:
- 62% – hawa tomaşa edýärin
- 38% – ýok tomaşa etmeýärin
Sowalnama gatnaşanlaryň arasynda türk filmlerine tomaşa edýän türkmenistanlylaryň 72%-i aýallar, 51%-i erkekler.
SORAG: KÄTE BOLSA-DA TÜRK TELESERIALLARYNA TOMAŞA EDÝÄRMIŇ?
Gatnaşyjylaryň jogaplary:
- 56% – hawa seredýärin
- 44% – ýok seretmeýärin
Gatnaşyjylaryň arasynda türk teleserialyna tomaşa edýänleriň 69%-i aýallar we 43%-i erkekler.
Sen türk filmlerine we teleseriallaryna tomaşa edýärmiň? Seniň pikiriňçe, türk mediýa kontentlerine seretmek türkmenistanlylaryň Türkiýä bolan garaýyşlaryna täsir edýärmi?
Çeşme: Merkezi Aziýa Barometri