Daşary ýurtlarda ýokary bilim alyp, soňra Türkmenistana dolanmak isleýän türkmenistanly talyplaryň sany artýar. 2017-nji ýylda, ABŞ-daky Utah döwlet uniwersitetiniň Sosiologiýa, sosial zähmet we antropologiýa fakultetiniň dosenti Erin Trouth Hofmann “Türkmenistana gaýdyp gelen bilim migrantlarynyň zähmet bazaryna integrasiýasy” atly gözlegini çap etdi. Gözlege görä, raýatlaryň daşary ýurtda bilim almagy Türkmenistanda iş tapmagy ýeňilleşdirmeýär.
Türkmenistanda ýokary bilim
- Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolanyndan soň, ýurtda ýokary bilimiň hili peseldi.
- Türkmenistandaky uniwersitetlerde okaýan talyplaryň diňe 32%-i aýallar.
- Şol ýokary bilim alýan aýallaryň saýlan ugurlary köplenç medisina we mugallymçylyk ýaly aýallaryň gender rollary bilen baglanyşykly.
- SSSR dargandan soň, ýokary bilimiň hiliniň örän peselmegi ençeme ýaşlary bilim mümkinçiliklerini başga ýurtlarda gözlemäge mejbur etdi.
Daşary ýurtda ýokary bilim almaga goýulan çäklendirmeler
- Türkmenistan bilen Russiýa, Türkiýe we ABŞ ýaly ýurtlaryň arasynda bilim pudagynda bilelikdäki ylalaşyklara we programmalara garamazdan, hökümet bilim migrasiýasyny düýpgöter goldamaýar.
- 2001-nji ýylda, hökümet daşary ýurt diplomlarynyň kabul edilmeýänligi barada karar çykardy. 2004-nji ýylda, daşary ýurt diplomlaryny kabul etmek barada täze kanun çykaryldy. Ýöne, daşary ýurt diplomlaryny ýurtda tassyklatmak üçin ýörite şahadatnama almalydy.
- 2014-nji ýylda, Türkmenistanyň hökümeti ýarym günlük programmalar arkaly daşary ýurtlarda alynan diplomlaryň kabul edilmeýändigi hakynda kanun çykardy.
- Mundan başga-da, belli bir daşary ýurtlarda okaýan talyplar hökümetiň rugsady bolmazdan ýurtdan çykyp bilmeýärler.
- Emma, şeýle berk çäklendirmelere seretmezden, ençeme türkmenistanly talyplar daşary ýurtlarda okamagyny dowam edýärler.
Daşary ýurt bilimi we Türkmenistanyň zähmet bazary
- Hofmannyň geçiren gözleginde, türkmenistanly talyplaryň bilimi we iş tejribesi barada soraýan sowalnama aldy. Sowalnama 98 adam gatnaşyp, olaryň 41 sanysy erkek, 52-si aýal we 5-si jynsyny görkezmedi.
- Gatnaşyjylaryň 50%-i häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşaýandygyny, galan 50%-i Russiýada, ABŞ-da, öňki Sowet respublikalarynda we Orta Gündogarda ýaşaýandygyny belläpdirler.
- Sowalnama jogap berenleriň diňe 24%-i Türkmenistanda ýokary bilim alypdyr. Bu türkmenistanly talyplaryň daşary ýurtlarda okandyklaryna garamazdan, öýlerine dolanyp barmak tendensiýasyny görkezýär.
- Gatnaşyjylaryň 38%-i Russiýada we öňki SSSR-iň döwletlerinde, galan 62%-i ABŞ, Birleşen Patyşalyk, Türkiýe, Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Wengriýa ýaly dürli ýurtlarda ýokary bilim alypdyr.
- Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistandaky uniwersitetleri tamamlanlaryň 95.8%-i işe giripdir, diňe biri iş tapyp bilmändir. Daşary ýurtda uniwersiteti tamamlanlaryň iş tapmak derejesi bolsa 83.8%.
- Bu gözlegiň netijesine görä, ýerli uniwersitetleri gutaranlaryň ählisi, emma daşary ýurtlarda bilim alanlaryň diňe 40%-i Türkmenistanda işleýärler.
- Ýerli uniwersitetleri tamamlanlaryň 63%-i, daşary ýurtda ýokary bilim alanlaryň 34-i daşary ýurtda okamagyň Türkmenistanda iş mümkinçiligini artdyrmaýandygy bilen ylalaşýarlar.
- Bu gözleg ýerli uniwersitetleriň uçurymlarynyň ýurduň zähmet bazaryna has gowy goşulýanyny görkezýär. Emma, daşary ýurt uniwersitetleriniň uçurymlary bilen Türkmenistanyň uniwersitetleriniň uçurymlarynyň arasyndaky işe ýerleşmek boşlugy az.
Maslahatlar:
Hofmann hökümete has köp iş orunlaryny döretmegi we dürli hünärmenleri işe almagy maslahat berýär. Awtor daşary ýurt uniwersitetlerini tamamlan uçurumlary hem hökümetiň göz öňüne tutmalydygyny we olary üzňeleşdirmän, eýsem başarnyklaryny, tejribelerini ulanmagyň möhümdigini belleýär.