Progres.Online

Türkmenistanyň sanly lukmançylyk ulgamynda meniň maglumatlarymyň howpsuzlygy we gizlinligi anyk nähili kepillendiriler?

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezi Türkmen-Tranzit hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde kesel kesgitlerini ýazga almak, syrkawy kabul etmek, hünärmen lukmana ugratmak (направление) we ş.m. ädimleri awtomatizirleşdirmek üçin “Sanly lukmançylyk” ulgamyny döretdi diýip, 2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda ORIENT habarlar portaly habar berdi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we ÝUNISEF bilelikde doglan wagtyndan başlap 5 ýaşa çenli çaganyň ösüşine baha bermek üçin elektron programma hödürleýärler.

Bu başlangyçlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda saglyk proseslerini döwrebaplaşdyrmak we ýeňilleşdirmek üçin möhüm ädim bolup görünýär. Şeýle özgertmeleriň üstünlikli bolmagy köplenç olaryň netijeli durmuşa geçirilmegine, ulanyjylaryň ýeterlik derejede taýýarlanylmagyna we dowamly goldaw berilimegine baglydyr.

Meniň maglumatlarymyň howpsuzlygy we gizlinligi anyk nähili kepillendirilýär?

“Sanly lukmançylygyň” girizilmegi bilen baglanyşykly ulanyjylar üçin niýetlenen gollanmalary, materiallary, olaryň şahsy maglumat howpsuzlygyna, gizlinligine degişli bolup biljek soraglaryna jogaplary bize tapmak başartmady.

“Sanly lukmançylygyň” Türkmenistanda girizilmegi maglumatlaryň howpsuzlygy we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri döredip biler:

  • Näsaglaryň gizlinligine gönüden-göni howp salýan rugsatsyz giriş we maglumatlaryň syzma (утечка данных) töwekgelçilikleri.
  • Häkerler we zyýanly programma üpjünçilikleri ýaly kiberhüjümlerine sezewar bolup, lukmançylyk ýazgylarynyň bitewiliginiň, lukmana ýazylmak, kabul edilmek, anyklaýyş we bejeriş işleri ýaly hyzmatlaryň bozulma töwekgelçiligi.

Bu töwekgelçilikleriň öňüni almak üçin ygtybarly kiberhowpsuzlyk çäreleriniň, gözegçilik we işjeň strategiýalaryň ýerine ýetrilmegi gurnaýjylardan talap edilýär. Ulanyjylaryň bolsa, hüşgär we sanly sowatlylygynyň berk bolmasy möhümdir.

Sanly saglyk maglumatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek hususan-da soňky ýyllarda kiberhüjümlerini has ýygy başyndan geçirýän Türkmenistan üçin wajypdyr.

2021-nji ýylky Kasperski howpsuzlyk derňewinde Merkezi Aziýa banklarynyň häker hüjümleriniň esasy nyşanydygy we Türkmenistanyň ilkinji ýerde durandygy aýdylýar.

Lukmanlar we ilat sanly ulgamlary ulanmaga taýýarmy?

Türkmenistanda “Sanly lukmançylygyň” ornaşdyrylmagy saglygy goraýyş işgärleriniň we hassalaryň täze tehnologiýany netijeli dolandyrmak we ulanmak ukybyna esaslanýar. Emma Türkmenistanda 35 ýaşdan uly oba ýaşaýjylarynyň diňe 27%-i, 15-25 ýaş aralygyndaky şäher ýaşaýjylarynyň bolsa 75 %-i internet ulanýar. Türkmenstanyň ilatynyň içinde mekdebe çenli we ýokary bilimde hem-de internet ulanyşygynda deňsizlik iň ýokary derejelerde. Galyberse-de, ýurtda internetiň tizligi örän ýaramaz (6 Mbit/s) we bahasy örän gymmat (aýyna 150 manat) bolmagyna galýar. 2021-2022-nji ýyllar aralygynda Çikago we Maryland uniwersitetlerinden kompýuter ugry boýunça alymlar topary Türkmenistanyň hökümetiniň çylşyrymly tehnologiýany ulanýandygyny we adamlaryň pikir edişinden has köp websaýtlary petikleýändigini ýüze çykardy. Raýatlaryň sanly sowatlylygyndaky deňsizlikler we elýetersiz hem haýal internet “sanly lukmançylygy” ulanmakda kynçylyk döredip biler.

Gadyrly okyjy, seniň “sanly lukmançylyk” boýunça nähili pikirleriň, soraglaryň we teklipleriň bar?

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: