Progres.Online

Türkmenistanda pensiýa çykmak

Türkmenistanda pensiýa zenanlar 57 ýaşda, erkekler bolsa 62 ýaşda çykýarlar (“Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny döretmek hakynda” 2012-nji ýyl, 6 ýanwar). Pensiýa almak üçin raýatlar iň az 5 ýyl işläp, pensiýa ätiýaçlandyrmasyna salgyt tölemelidir.

Türkmenistanda pensiýalaryň 6 görnüşi berilýär:

  1. Ýaşy boýunça pensiýa;
  2. Hünär pensiýasy;
  3. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa;
  4. Gulluk ýyllary boýunça pensiýa;
  5. Maýyplyk boýunça pensiýa;
  6. Toplaýyş pensiýasy.

Ýurtda iň az pensiýa (5 ýyl işlemek şerti bilen) 410 manatdan başlap, onuň mukdary näçe ýyl işläniňe, gazanan aýlygyňa we işlän pudagyňa görä üýtgeýär. Bellenilen mukdarda iş ýylyny doldurmak şerti bilen, iň az 3-7 sany çagasy bolan zenanlar pensiýa 54-56 ýaş arasynda we 8 we ondan köp çagaly zenanlar iň ir 52 ýaşda çykyp bilýärler.

Türkmenistanyň hökümetiniň BMG-nyň Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek komiteti üçin 2022-nji ýylda rus dilinde taýýarlan hasabatyna görä, pensiýa alýanlaryň sany 2022-nji ýylda 524,300 ýetdi (62.3% zenanlar, 37% erkekler). Bu umumy ilatyň 8.5% deňdir. Ýurtda erkek pensionerler ortaça 806.9 manat, zenanlar 599.3 manat alýarlar.

Pensiýa ulgamynyň gysga taryhy

Ykdysady krizis sebäpli 2006-njy ýylyň ýanwarynda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow pensiýa alýanlaryň 3-de 1-niň pensiýasyny dolulygyna kesipdir we netijede 100,000 sany pensioner pensiýasyz galypdyr. Galan 229,000 pensioneriň bolsa pensiýalary uly derejede azaldylypdyr (mundan ozal pensiýalaryň mukdary 10$-90$ arasynda eken).

Ýurduň ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň iýulynda güýje giren täze “Sosial kepillikler kodeksine” gol çekip, ozalky pensiýasyz galan 100,000 pensioneriň pensiýalaryny dikeltdi we iň az pensiýany köne pulda aýlyk 300,000 manat (12$, 1$=25,000 manat) mukdarynda kesgitledi. Emma pensiýasy kesilen raýatlaryň ýitiren ýyllary we tölegleri üçin kompensasiýa tölenmedi.

Türkmenistanyň häzirki pensiýa ulgamy 2012-nji ýylda kabul edilen “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” kanunyna laýyklykda dolandyrylýar. Pensiýa ýaşyna ýetip, pensiýa almak isleýän raýatlaryň tabşyrmaly resminamalary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň şu websahypasynda bellenilýär.

Goňşy ýurtlaryň pensiýa ulgamlaryna syn

KategoriýalarTürkmenistanGazagystanÖzbegistan
Pensiýa ýaşyZenanlar 57 Erkekler 62Zenanlar 60.5 Erkekler 63Zenanlar 58 Erkekler 63
Ýurtda ortaça ömrüň dowamlylygyZenanlar 72 Erkekler 65Zenanlar 76 Erkekler 67Zenanlar 74 Erkekler 70
Iň az pensiýanyň mukdary410 manat (21$)48,032 tenge ($100.5)633,000 som ($57.8)
Iň az pensiýa bilen näçe kg et satyn alyp bolýar?6.8 kg23 kg14 kg
Iň az pensiýa bilen parasetamol dermanynyň näçe sany gutusyny satyn alyp bolýar?91.1 sany2402 sany1266 sany
Ortaça pensiýanyň mukdary703.1 manat (36$)105,193 tenge ($220)924,780 som ($84.2)
Pensiýa üçin işgärler aýlygyndan näçe % salgyt töleýärler?2%10%5%
Ilatyň  näçe % pensiýa ýaşynda?8.5%11%10%

Tablisada görnüşi ýaly, 3 Merkezi Aziýa ýurdunyň arasynda iň köp pensiýa berýäni Gazagystan bolup, ýurtda iň az pensiýa mukdary aýlyk 100$ möçberinde bellenilen.

Pensiýa ulgamymyzy nädip ösdürip bileris:

  • Dürli sebäplere görä, gartaşan adamlar pensiýa çykansoňlar hem işlemeklerini dowam etdirýärler. Ýurtda pensioner işgärleriň göterimi barada resmi statistikalar aýan edilmeli.
  • Pensionerleriň sany we olaryň ortaça pensiýa haklary baradaky maglumatlar ilat bilen açyk şekilde paýlaşylmaly.
  • Sosiologik gözlegleri geçirmek arkaly gartaşan adamlaryň durmuşlary we zerurlyklary içgin öwrenilmeli. Bu olara berilýän hyzmatlary nädip gowulandyryp boljakdygyny kesgitlemäge kömek eder.
  • Sagdyn we öndürijilikli garramak boýunça milli syýasat alnyp barylmaly.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: