Progres.Online

Türkmenistanda pagta ösdürmekde damjalaýyn suwaryşyň ulanylyşy

2021-nji ýylda “Water and Land” žurnalynda “Merkezi Aziýada pagta ösdürip ýetişdirmekde damjalaýyn suwaryşyň ulanylyşy: Türkmenistanyň mysaly” atly ylmy seljerme çap edildi. Seljermäniň awtorlary: Nigeriýanyň Nil uniwersitetinden Begmyrat Kulmedow we Woronež döwlet tehniki uniwersitetinden Wladimir I. Şerbakow. Awtorlar seljermede, 1960-njy ýyldan bäri Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylýan pagta senagatynda suwy tygşytlamak üçin suwy sarp etmegiň iň gowy metodlaryny we pagta önümçiliginde bol hasyl almagyň iň oňat usullaryny beýan edýärler.

Toprak we suw baýlyklary Türkmenistanyň iň wajyp tebigy baýlyklarydyr. Esasy maksat bolsa ýurduň içerki azyk talabyny kanagatlandyrmak we Türkmenistanda jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşini gowulandyrmak üçin çözgütleri tapmak.

Türkmenistanyň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri:

  • Gurakçylyk we suwuň aşa köp sarp edilmegi. Türkmenistan oba-hojalygynda suw sarp edilişini esasy iki sebäbe görä azaltmaly: Türkmenistanyň gurakçylyga sezewar bolmagy çaklanylýar. Ilatyň köpelmegi sebäpli senagatlarda we öý hojalyklarynda suw sarp edilişi artýar. Netijede, oba-hojalyk meýdanlaryny öňkiden has netijeli suwarmak zerurlygy döreýär.
  • Türkmenistanyň ähli ýerinde oba-hojalygy üçin suwuň köp sarp edilmegi zerarly, suw çeşmelerine elýeterlilik kynlaşýar. Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň (JIÖ) ~8-9 %-ini oba-hojalygyna degişlidigini göz öňünde tutup, bu meseläni çözmek möhümdir. Türkmenistanyň ýer baýlyklarynyň ~81 %-i oba-hojalyga ýaramly ýerlerdir.

Usulyýet

  • Ylmy seljerme Türkmenistanyň Ýolöten etrabynyň Pagtaçylyk institutynyň ekin meýdanynda geçirilen eksperimenti gözden geçirýär. Eksperiment yzly-yzyna üç ýyl geçirildi we synag geçirilen ekin meýdany çägeli toprakdan ybarat bolup, jemi dört gektardy. Onuň iki gektary damjalaýyn suwaryşy (elde ýasalan ulgam arkaly emeli usulda ösümlikleri suwarmak) we galan iki gektary bolsa joýalaýyn suwaryşy (suwuň tebigy akymyny ekinleriň arasyndan çekilen joýalara akdyryp ösümlikleri suwarmak) synamak üçin ulanyldy. Joýalaýyn suwaryş – ilatyň ulanýan adaty suwaryş usulydyr.
  • Atyzlarda pagta ekilişi Apreliň ortalarynda, temperaturanyň ekiş üçin iň amatly wagtynda geçirildi.
  • Pagta ýygymy noýabryň ahyryna çenli (pagta gozalarynyň doňýan wagty) dowam etdi.

Netijeler:

  • Joýalaýyn suwaryş usulynda 1 gektar atyza 5000 m3 suw ulanyldy. Bu Türkmenistan üçin ortaça (zerurlyga görä 4 ýa-da 5 gezek suwarylýar) mukdar hasaplanýar. Netijede, ortaça 4.75 tonna pagta hasyly ýygnaldy.
  • Damjalaýyn suwaryş usulynda ekişiň ilkinji ýylynda 1 gektar atyza 3000 m3 suw ulanyldy. Soňky ýyllarda 1 gektara suw sarp edilişi 3500 m3 we 4000 m3 boldy. Netijede, her gektardan ýygnalan pagta hasyly birinji ýylda – 5 tonna, ikinji ýylda – 5.79 tonna we üçünji ýylda – 5.81 tonna boldy.

Jemleme:

  • Seljermäniň netijesinde damjalaýyn suwaryş adaty suwaryş bilen deňeşdirilende suw sarp edilişini her gektar üçin 1000-2000 m3, ýagny 20-40% azaldyp biler. Şol bir wagtda, bu gowy hasyl almaga hem mümkinçilik berýär.
  • Bu ylmy seljermä görä, damjalaýyn suwaryş ulgamynyň ilkibaşdaky maýa goýum çykdajylarynyň gymmatlygyna garamazdan, onuň ulanylmagy ekinleriň hasyllylygyna oňyn täsirini görkezdi. Şol sebäpli, dessin çäre görmek we oba-hojalygynda çeşmeleri tygşytly ulanyp, bol hasyl almak hem-de halkyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmak üçin Türkmenistanda damjalaýyn suwaryş ulgamyny ornaşdyrmak möhümdir.

Hepdelik täzeliklere: / Weekly newsletters: